Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de binagärlikde özboluşly milli taslamalary taýýarlap teklipleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 2018-nji ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda ministrligiň edara binasynda ýaşaýyş-durmuş maksatly we jemgyýetçilik binalary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähleri, syýahatçylyk zolaklary, kiçi binagärlik görnüşleri boýunça “Türkmenistanyň döwrebap binagärliginde milliligiň gazananlary” atly binagärlik döredijilik sergisini geçirýär.

Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänler 2018-nji ýylyň 3-nji dekabryna çenli öz taslamalaryny Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şähergurluşygy müdirligine ýetirip bilerler.

Telefon belgiler: 44-46-94, 44-12-81

MINISTRLIK HAKYNDA

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi we onuň garamagyndaky edara-kärhanalary barada maglumat

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurtda gurluşyk ulgamynda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça baş ugry kesgitleýär.

Ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:

binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlalýar we neşir edýär;

Dowamy

ŽURNAL