GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi. 

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

  • Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

  • Hormatly sergä gatnaşyjylar!
    Gadyrly myhmanlar!

    Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
    Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. 

    Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi. 

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.

  • Сегодня, когда в нашей стране отмечается День Конституции и Государственного флага Туркменистана, торжественные акции, приуроченные к этой знаменательной дате, прошли и за рубежом. Одним из таких ярких событий стала церемония открытия школы, построенной по инициативе Президента Гурбангулы Бердымухамедова силами представителей Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана в селе Фунтово Приволжского района Астраханской области Российской Федерации. 

Pages