GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Şu gün türk­men paý­tag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

    Ir­den Azer­baý­ja­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň aw­tou­lag ker­we­ni mo­to­sik­let­çi­ler to­pa­ry­nyň ug­rat­ma­gyn­da Ga­raş­syz­lyk meý­dan­ça­sy­na gel­di. Bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

  • Şu gün Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

    Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklary we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar. 

  • Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsiniň ulanylmaga berilmegi netijesinde şäherli maşgalalaryň elliden gowragy täze jaýlara göçüp bardy. 

    Nowruz — 2 kiçi etrapçada bina edilen täze jaýlaryň birini “Daşoguzobagurluşyk”önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary gurdular. Häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda gurlan bu dört gatly jaýda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. 

  • Şu gün türkmen-owgan dostluk gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy — Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy. 

  • Ahal welaýatynyň täze obalarynda geljek üç ýylda kottej jaýlaryň 1600-si gurlar. Gökdepe etrabynda iki obada, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde jaýlaryň düýbi tutuldy. Täze nusgadaky ilatly ýerleriň hersi 100 gektardan gowrak meýdany tutar, olarda bäş, dört we üç otagly bir gatly jaýlaryň 400-sini gurmak göz öňünde tutulýar.

  • “Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň ýol gurluşyk müdirlikleri Türkmenbaşy -- Farap ýoluna asfalt düşemek we päsgelçilik germewlerini oturtmak işlerini alyp barýarlar. Arçmandan Türkmenbaşa we Aşgabatdan Mara çenli ýoluň hem käbir uçastoklarynda asfalt düşeginiň ýokarky gaty ýazylýar. Ýoluň Mary –Türkmenabat -- Farap aralygynda ulaglaryň geçýän böleginiň köpgatly konstruksiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Aşgabat -- Türkmenbaşy, Aşgabat -- Türkmenabat we Aşgabat -- Daşoguz ýollarynyň käbir uçastoklarynda awtoulag serişdeleriniň hereketi ýola goýuldy.

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy. 

  • Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar!
    Agyr atletikanyň hormatly türgenleri!

    Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn!

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabyna iş sapary bilen bardy, bu ýerde milli Liderimiz Ahal welaýatynyň guruljak dolandyryş merkezini binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

    Irden döwlet Baştutanymyz “Gorjaw” geňeşliginiň çägine geldi, bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi, bu welaýatdan saýlanan milli parlamentiň deputatlary, şeýle hem taslamalaryň degişli bolan edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

  • Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde nobatdaky täze dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Üç we dört otaglardan ybarat täze bina Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda «Sülgün» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan paý esasynda guruldy. Ol bu ýerde gurlan beýleki köp öýli jaýlar bilen birlikde, şäheriň şu etrabynda döredilen ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi. 

Pages