GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda kerwenleriniň dem-dynç almagy we olary goramak üçin her 30-4- kilometrden tutuşlugyna ýapyk diwarly hem-de gorag berkitmeli ýörüte gonalgalar gurlupdyr. Olar kerwen irden bir gonalgadan ugrap agşama beýlekisine barar ýaly hasap bilen gurlupdyr. Olara köplenç kerwensaraý diýlipdir. Şäherlerdäki kerwensaraýlara gorag gerek bolmandyr, çünki olar bazarlaryň gapdalynda- şäher merkezinde gurlupdyr. 

  • Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň barşy bilen tanyşdy. Uçuş mahaly döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy. 

  • Ginnesiň rekordlar kitaby üçin maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Guinness World Records kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça örän iri hökmünde bellige aldylar.

  • Häzirki zaman şäher gurluşyk ýörelgesi sazlaşykly durmuş gurşawyny göz öňünde tutýar, ol oňaýlylygy, innowasiýalary, ekologiýa taýdan arassalygy öz içine alýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen bir wagtda olaryň ýanynda durmuş we medeni-dynç alyş infrastrukturasy hem döredilýär, seýilgäh zolaklary kemala getirilýär, landşaft bezegleri binalalryň sazlaşygyna görk goşýar. 

  • „Lebap“ sement zawody gündogar sebitde dört ýyl mundan ozal bina edilipdi. Şu döwürde kärhanada ýokary hilli gurluşyk materialynyň 623 müň tonnasy öndürildi, onuň bir bölegi goňşy Owganystana ibeirilýär. 

    Zawod logistika ýörelgelerine laýyklykda Köýtendag etrabynyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý ýerinde guruldy. Golaýdaky karýerllerde önümçilik üçin zerur hek, kwars çägesi, gips we toýun ýaly çig mal alynýar. Taslama amala aşyrylanda esasy üç ugra: sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna we ekologiýasyna üns berildi. 

  • Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. “Aşgabat 2017” taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar, milli Liderimiz öňde boljak iri bäsleşiklere taýýarlyk görmek meselelerine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini guramakda iri möçberli işler geçirilýär.

  • Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly möçberli goşulyşmak ugruna eýermek bilen, häzirki wagtda okgunly ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň esasyny düzýär. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy. 

Pages