GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

  • Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Balkan welaýatynda, Daşoguz welaýatynda, Lebap welaýatynda medeni-köpçülik çärelerini geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk

  • Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna hem-de ulanmaga tabşyrylmagyna degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmek tabşyryldy.

  • Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

    Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we binany 2020-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

    ***

  • Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;

  • Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň gözbaşynda ak mermerli paýtagtymyz durýar. Aşgabat häzirki zaman uly şäherine öwrülmek bilen, sebitde we dünýäde iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriň birine öwrülýär.

  • Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda desgalaryň iri toplumynyň – edara binalaryny we söwda merkezlerini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi, Ahal welaýatynda bolsa aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň açylyşy boldy.

    Täze işewürlik toplumy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G.Kulyýew köçesiniň ugrunda guruldy, bu köçäniň iki tarapynda hem kaşaň, häzirkizaman düzümleri bolan işewürlik merkezleri peýda boldy.

  • Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär.

  • Ol “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksanamasynyň” çäklerinde gurlan raýat awiasiýasynyň halkara derejeli ýerüsti infrastruktura binalarynyň üçünjisidir. Maksatnama laýyklykda, Aşgabatda we sebitlerde howa gämileriniň duralgalary ulanylmaga berilýär we gurulýar, hereket edýän aeroportlaryň, terminallaryň, infrastruktura binalarynyň durky täzelenýär. 

Pages