GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, bu neşir giň okyjylar köpçüligine ýurdumyzyň şähergurluşygy ulgamynda täze taslamalary we meýilleri beýan edýär, taslama düzmek, inžener-gurluşyk tehnologiýalary, desgalaryň seýsmiki howpsuzlygy, tebigat dizaýny işleri boýunça meseleleri şöhlelendirýär.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

  • Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

    Balkan welaýatyn iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. 

  • Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) 

    Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. 

  • Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda etrap merkezinden Akdepe we Boldumsaz etraplaryny birleşdirýän awtomobil ýoluna çenli aralykdaky ýoluň durky täzelenilýär. Şu güne çenli Daşoguz welaýatynyň gara ýollary ulanyş müdieliginiň hünärmenleri ýer tekizleýiş işlerini geçirdiler we täzelenilýän ýoluň 2,5 kilometr ýerine daş düşediler.

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Olary paýtagtymyzy toplumlaýyn gurmagyň, şäher düzümini ösdürmegiň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

  • Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 20 orunlyk çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

  • 12-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer M.Aýdogdyýew Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmen aýna önümleri» täze kärhanasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Bu desga daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyryldy. Ol dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kärhana gurluşyk aýnalarynyň dürli görnüşlerini hem-de dürli görnüşli çüýşe gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

  • Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçeginiň demirgazyk-gündogar tarapynda işewürlik merkezini özünde jemleýän köpugurly myhmanhananyň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça

    HALKARA BÄSLEŞIGI

    yglan edýär.

Pages