GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • 22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

    Bellenilişi ýaly, bu şygar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary G. Kulyýew köçesiniň ugrunda edara binalarynyň ýüze golaýyny gurdular. Bu ýerde ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň dolandyryş edaralary, jaýlaryň birinji gatynda bolsa, lomaý-bölek söwda dükanlary, kafeler, restoranlar, okuw we dynç alyş merkezleri ýerleşer. 

    Garry Kulyýew köçesi tanalmaz derejede özgerdi. Indi ol bir bölüji we iki sany goşmaça zolakly abadanlaşdyrylan köp zolakly uly ýol bolup, köçäniň birnäçe kilometre uzap gidýän ugrunda aýnalanan kaşaň binalar peýda boldy. 

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyzdaky täsin sport toplumyna tarap ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

  • Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi. 

  • Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ugry, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” pudaklaýyn jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. 

  • Onuň täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezindäki üç gatly jaýy paýtagtymyzyň günbatarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý klasteriniň ýaşaýyş-durmuş binalar toplumynyň üstüni ýetirdi. 

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

    Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

    Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bidlirip, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlan türk kompaniýalarynyň durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi.

  • Kerwenler Beýik Ýüpek ýolundan näme daşadylarka? Düýelriň üstündäki äpet ganarlarda näme barka? Adam eliniň döreden zatlaryny we ýetişdiren, ýygnan tebigat miwelerini sanasaň sogaby bar. Bu ýoluň adynyň özem olaryň arasynda iň gymmadynyň ýüpek bolandygyny görkezýär. Günbatar ýurtlarynda ägirt uly islegli bolan bu öte gymmat ýeňilden ykjam bu haryt Hytaýdandyr Merkezi Aziýadan alys ýollara äkitmeklige oňaýly bolupdyr. 

  • Häzirki döwrüň uly ýa kiçi bolsun - tapawudy ýok – islendik şäherinde hökman bazar bardyr. Iň gadymy döwürlerden bäri alyş-çalyş we söwda edilýän ýerleriň töwereginde dünýäde ilkinj şäherler kemala gelipdir. Aziýada-da, Ýewropada-da bazar meýdançalary adamlaryň her gün diňe bir haryt satmak ýa-da almak üçin duşuşýan ýeri bolman, eýsem täzeliklerden habarly bolmaga, pikir alyşmaga, isle tötänleýin, isle-de gurnalýan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga gelinýän ýerleri bolupdyr.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Pages