GURLUŞYGYŇ TÄZELIKLERI

  • Onuň açylyş dabarasyna etrap we welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Demir ýol ulaglary ministrliginiň dürli bölümleriniň işgärleri, etrap merkeziniň ilaty gatnaşdylar. Dabarada Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek jähtinden täze binanyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmaly sowgatlar gowşuryldy. 

  • 2017-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde “Aşgabat geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şäheri” atly sergi-bäsleşigi hem-de okuw maslahat geçirildi. Ministrligiň giň ýaýlymly zalynda  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz topary çykyş etdi. Maslahata gatnaşyjylar sergi bäsleşigine hödürlenen taslamalar we eksponatlar bilen tanyşdylar.  

  • Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.

    Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Raýatlaryň alyp barýan gurluşygynda giňden peýdalanmaga niýetlenen önümleri çykarmak üçin häzirki zaman tehnologik enjamlar satyn alyndy.

  • Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljekki ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda paýtagtymyzyň düzümlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy. 

  •  

             2017-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde “Mizemez döwletiň sagdyn ýaşlary” wagyz-nesihat çäresini geçirdi. 

  • Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  durmuşa geçirilýän bedenterbiýanyň we sportyň ösdürmegi baradaky syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýany ösdürmek we köpçülikleýin ýaýbaňlaşdyrmak işleri giňden geçirilýär. Türkmenistanyň  Gurluşyk  we  binagärlik  ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda-da   köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirilip durýar.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen guralýan täze wagyz ediş çäresiniň başyny başlady. 

  • Her ýylyň 12-nji iýuny ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn dabaraly gün hökmünde şöhlelenýär. Bu günde halkymyz dabara bilen Ylymlar gününi belläp geçýär. Şu ýyl hem adaty ýyllarda bolşy ýaly, türkmen paýtagty şanly waka mynasybetli Russiýa Federasiýasy, Fransiýa, Çehiýa, Alžir, Angliýa, Germaniýa, Hytaý, Malaýziýa, Niderlandiýa, Polşa, Koreýa, ABŞ, Belarus, Gruziýa Azerbaýjan ýaly dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gelen alymlary garşylady.

  • Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdy.

Pages