“Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik

ministriniň 2019-njy ýylyň ___ -nji_____

çykaran MB - ___ belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

 

“Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

Giriş

Şu “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, gurluşyk, taslamalary düzmek, gurluşyk işleriniň bahasyny emele getirmek we çykdajy ölçegleri babatda döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalaryň düzgünleri pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hökman bolup durýar.

Şu Kadalar Türkmenistanda ýerleşýän jemgyýetçilik binalaryň we desgalaryň taslamalaryny işläp düzýän hem-de ýerine ýetirýän ähli edaralara we guramalara degişli bolup durýar.

Faýly ýüklemek:

TGK 2.08.02-19 Jemgyýetçilik binalary we desgalary