Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak we ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynyň seýsmik töwekgelçiligini peseltmek boýunça Pudagara geňeş döredildi. Şeýle hem geňeşiň düzümi hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12741