Watanymyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyşy

Watanymyzyň sebitlerinde täze senagat we durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek hem-de düýbüni tutmak dabaralary ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Irden baýramçylyk lybasyna beslenen täze gurluşyk meýdançalarynda uly türkmen toýy ýagdaýy emele geldi. Hemme ýerde ak öýler dikildi, Döwlet baýdaklary parlaýar, senagat we azyk önümleriniň sergisi guraldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Berkarar döwletimiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Täze desgalaryň açylmagy bilen gutlamaga medeniýet, sungat işgärleri, döredijilik toparlary geldiler. Olaryň köpöwüşginli çykyşlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňsiz-taýsyz gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu işler bolsa sebitleriň ösüşine täze itergi bermäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 
 

* * *

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça welaýatda degişli düzümleri öz içine alýan täze iri ýaşaýyş toplumynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň düýbüni tutmak hem-de köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini ulanmaga bermek dabaralary boldy.

Halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diňe Daşoguz welaýatynyň özünde dürli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde soňky ýyllarda täze umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň onlarçasy, medeniýet öýleri, sport mekdepleri, stadionlar we beýleki desgalar guruldy, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçe müň inedördül metri bina edildi. Gurluşygyň şeýle gerimi ilatymyzyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän we netijeli zähmet çekmek hem-de göwnejaý dynç almak üçin zerur şertleri döredýän döwletimiziň ykdysady kuwwatyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, täze ilatly ýer S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde iki tapgyrda gurlar.

Geljekki şäherçäniň çäginde has oňaýly, 1 müň 496 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 70-si bina ediler. Şolardaky öýler amatlylyk babatda ýokary talaplara doly laýyk geler. Geljekki şäherçede döwrebap saglyk merkezi, 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, durmuş hyzmaty öýi gurlar.

Täze desgalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler. Bu ýerde medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin meýdançany hem-de awtoulaglar üçin niýetlenen duralgany, yşyklandyryş ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär.

Geljekki ilatly ýerleriň düzümleýin desgalarynyň ählisine daşky hem-de içki suw, lagym, elektrik we gaz geçiriji ulgamlar, kommunikasiýa ulgamlary çekiler, awtoulag ýollary hem-de pyýadalar üçin niýetlenen ýanýodalar abadanlaşdyrylar.

Döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny 2024-nji ýylda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Soňra dabaralar welaýatyň merkezinde — Daşoguz şäherinde dowam etdirildi. Görogly köçesiniň ugrundaky meýdan şäheriň iň owadan ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde dürli maksatly ak mermerli binalaryň köp sanlysy guruldy. Şolaryň hatarynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry, Ruhyýet köşgi, köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler bar.

Şäheriň şu gözel künjeginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň ikisiniň — 450 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 150 orunlyk Onkologiýa hassahanasynyň düýbi tutuldy. Täze desgalar döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler hem-de ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda ilata bejeriş-keselleriň öňüni alyş we keselleri anyklamak hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeleri netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara ölçegleriň derejesine çykdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň ählisiniň doly kompýuterleşdirilmegi, bu ulgamda alymlaryň täze işläp taýýarlamalary, lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy — bularyň ählisi raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we goramak üçin amatly şertleri döredýär.

Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Daşoguz welaýatynda 200 orunlyk şypahana, döwrebap gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, sargy serişdelerini öndürýän kärhana, oba saglyk merkezleriniň hem-de saglyk öýleriniň onlarçasy ulanylmaga berildi, köpugurly welaýat we etrap hassahanalarynyň dürli bölümleriniň binalarynyň durky täzelenildi.

Milli Liderimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda toplumlaýyn «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap lukmançylyk merkezleri, Türkmenistanyň çäginde ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly derman serişdelerini öndürýän kärhanalar ulanylmaga berildi.

Täze şäherçäniň hem-de Daşoguz şäherinde saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna Mejlisiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Şeýle hem şu gün köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy. Şolarda bagtyýar maşgalalaryň 72-si jaý toýlaryny tutdular.

Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen dört gatly jaýlar bu ýerde döredilýän ýaşaýyş toplumynyň bir bölegine öwrüldi. 16 we 24 öýli jaýlaryň ikisini «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri, 32 öýli bir jaýy bolsa «Daş ussat» hususy kärhanasynyň işgärleri gurdular.

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýler şäher gurluşygynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanasy bolan we beýleki amatlyklary özünde jemleýän 3 — 4 otagly öýler ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilik berýär. 4 otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden, 3 otagly öýüň umumy meýdany bolsa 170 inedördül metrden hem geçýär, şolaryň beýikligi 3 metrden gowrakdyr.

Türkmenistanlylary has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, demirgazyk welaýatda hem «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. 
 

* * *

Şu gün Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň çalt depginler bilen ösýän ýaşaýyş jaý gaznasynyň üsti täze desga bilen ýetirildi. Lebap welaýatynyň merkeziniň üçünji ýaşaýyş toplumynda ýene-de bir 24 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Täze jaýa göçüp baranlara açarlary gowşurmak baýramçylyk ýagdaýynda geçirildi. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Täze binanyň giň 3 we 4 otagly öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredildi. Onuň aşhanasy döwrebap enjamlaşdyryldy. Öýleriň timarlaýyş işlerinde we binanyň öň tarapynyň bezeginde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Täze desgany Türkmenabadyň demirbeton gurnamalar zawodynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan özgertmeler Lebap welaýatynyň taryhyna aýdyň sahypalary bolup ýazylýar. Täze kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-ykdysady maksatly döwrebap desgalaryň ulanylmaga berilmegi Amyderýa jülgesinde asylly däbe öwrüldi. Bu gurluşyklaryň gerimi barha giňelýär.

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu şäherçeler jemi 3500 hojalyga niýetlenendir. Türkmenabatda 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berdi. Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek döwrebap howa menzilini gurmak boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýar. 
 

* * *

Şu gün Mary etrabynda gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu täze desga milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksportynyň möçberini ýokarlandyrmak baradaky döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwrebap senagat düzümini döretmäge ägirt uly maýa serişdeleri goýberilýär, munuň özi sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine, tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu giň möçberli işlere ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde olaryň netijeli işlemegi üçin oňat şertler döredildi. Döwletimiziň yzygiderli goldamagy netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli pudaklarda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar.

Gurluşyk serişdelerini we demir önümlerini öndürýän, kuwwaty ýylda 5 müň 200 tonna önüme barabar bolan kärhana 3 müň inedördül metre deň bolan meýdanda guruldy. Topluma edara binasy, önümçilik kärhanasy we beýleki kömekçi desgalar girýär. Bu ýerde iş orunlarynyň onlarçasy, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Döwrebap enjamlaşdyrylan naharhana we beýleki desgalar işgärleriň ygtyýaryndadyr.

Ýokary tehnologiýaly enjamlar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda hil babatda ýokary ülňülere kybap gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=12971