Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, «Jemgyýetçilik binalary we desgalary» atly TGK 2.08.02-19 belgili

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde
çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen
tassyklanylan, «Jemgyýetçilik binalary we
desgalary» atly TGK 2.08.02-19 belgili
Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna
 goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda we «Binalary we desgalary kabul etmek we ulanyşa girizmek işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran 783-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Jemgyýetçilik binalary we desgalary» atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, «Jemgyýetçilik binalary we desgalary» atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynda:

1) on dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«19. Jemgyýetçilik binalaryň, jemgyýetçilik binalardaky ýaşaýyş otaglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň içinde jemgyýetçilik binalarynda poldan indiki gatyň poluna çenli beýikligi taslama tabşyrygyna we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda 927 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji awgustynda çykaran MB-66 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Ýaşaýyş jaýlary” atly TGK 2.08.01-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär, ýöne 3,6 metrden az bolmaly däldir.

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän jemgyýetçilik binalary bolan söwda merkezleriň (şol sanda olaryň girelgeleri), dükanlaryň beýikligi poldan potologa çenli umumy meýdany 200 m2 çenli 3,6 metrden, 200 m2-den 1000 m2 çenli 4,2 metrden, 1000 m2 uly bolan ýagdaýynda 6,0 metrden az bolmaly däldir.

Jemgyýetçilik binalarynda girelgeleriň, banket we konferensiýa zallaryň poldan asma potologa çenli, asma potology bolmadyk ýagdaýynda, çykyp durýan gurnawlaryň aşagyna çenli beýikligi aşakdaky görkezijilerden pes bolmaly däldir:

1) 200 m2 çenli – 4,2 metrdan

2) 200 m2 – 500 m2çenli – 6,0 metrden

3) 500 m2 – 1000 m2çenli – 7,2 metrden

4) 1000 m2 – 2000 m2çenli – 9 metrden

5) 2000 m2 – 3000 m2çenli – 10 metrden

6) 3000 m2 – 4000 m2çenli – 12 metrden

7) 4000 m2 ýokary – 14 metrden.

Banket we konferensiýa zallaryň taraplarynyň gatnaşygyny (uzynlygy we ini) 1:5-den uly bolmaly däldir.

Banket we konferensiýa zallaryň balkonlary taslanylanda beýikligi zalyň hasaplama beýikligini hasaba almak bilen kabul edilýär, balkon gatyň beýikligi poldan 4,2 metrden az bolmaly däldir.

Bellik:

1. Aýry-aýry kömekçi otaglarda we dälizlerde (koridorlarda) binalaryň göwrüm-meýilleşdiriş çözgütlerine we tehnologik talaplara baglylykda beýikligiň degişli peseldilmegine ýol berilýär. Şunda poldan tä potologa çenli beýiklik 2,8 metrden pes bolmaly däldir.

2. Iň pes beýikligi talap edýän eňňitli potology bolan binalar ýa-da olaryň bölekleri beýikligi boýunça dürli-dürli bolan binalar (getirilen) binalaryň ortaça beýikligine laýyk gelmelidir. Şunda olaryň dürli bölegindäki otaglaryň beýikligi 2,8 metrden pes bolmaly däldir.»;

2) iki ýüz kyrk sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«248. Banket (naharlanylýan) zalynyň meýdany (nahar paýlaýjysyz) zaldaky orunlaryň her biri üçin aşakda bellenen inedördül metr möçberinde kabul edilmelidir:

1) restoranlarda, banket zallarynda, toý dabaralary geçirilýän restoranlarda 1,8

2) ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky we umumy elýeterli naharhanalarda 1,6

3) kafelerde, garbanyşhanalarda, piwo barlarynda 1,4

4) awtomat-kafelerde, çalt hyzmat ediş kärhanalarynda we alkogolsyz içgileri satýan barlarda, syýahat kepbelerinde we gonalgalarynda 1,2

5) çagalaryň we ýokary synplaryň (tomusky) sagaldyş merkezle-

rinde 1,0

6) çagalaryň şypahana merkezlerinde 1,4

Umumybilim edaralarynda we ýörite bilim edaralarynda:

1) 80-e çenli orunly zalda 0,75

2) 80-den köp orunly zalda 0,65

3) orta hünär okuw mekdeplerinde 1,3

4) şypahana edaralarynda dynç alyş öýlerinde (pansionatlarda), dynç alyş merkezlerinde, ýaşlar sagaldyş merkezlerinde, öz-özüňe hyzmat edilýän syýahat merkezlerinde (paýlanýan zolagy goşmak bilen) 2,0

5) ofisiantlaryň hyzmat etmeginde 1,4

Bellik: Jemgyýetçilik iýmitiniň ýöriteleşdirilen kärhanalaryndaky zallaryň meýdany taslama tabşyrygy boýunça kabul edilmelidir.»;

3) 1-nji goşundysyny şu görnüşde beýan etmeli:

“Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna

1-nji goşundy

JEMGYÝETÇILIK BINALARYNYŇ WE DESGALARYNYŇ SANAWY

1. Bilim almagy, terbiýe bermek üçin niýetlenen binalar:

1) umumy görnüşli, ýöriteleşdirilen, sagaldyş we başlangyç mekdep bilen birleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary;

2) umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepler hem-de ýörite bilim edaralary;

3) çagalar öýleri;

4) başlangyç hünärmen bilim edaralary;

5) orta hünär bilim edaralary;

6) ýokary hünär bilim edaralary;

7) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralar;

8) mekdepden daşary edaralar;

9) başlangyç hünär bilim edaralary (aeroklublar, awtomekdepler, goranyş okuw mekdepleri we beýlekiler).

Bellik: bentlerde beýan edilen binalar we desgalar gurluşyk kadalarynda beýan edilen ölçeglere laýyklykda taslanylýar.

2. Ylmy-barlag edaralary, taslama we jemgyýetçilik guramalary:

1) ylmy-barlag institutlar (iri ýörite desgalardan başgalary) üçin binalar;

2) taslama we gurnawçylyk guramalaryň binalary;

3) maglumat beriş merkezleriniň binalary;

4) dolandyryş edaralary üçin binalar;

5) jemgyýetçilik guramalary üçin binalar;

6) kazyýet, hukuk goraýjy edaralary üçin binalar;

7) maliýe, karz, ätiýaçlandyryş edaralary we täjirçilik maksatly edaralar (edara binalary);

8) arhiw üçin binalar.

3. Saglygy goraýyş we dynç alyş binalary we desgalary:

1) saglygy goraýyş edaralary (saglyk öýleri, hassahanalar, ýöriteleşdirilen saglyk öýleri, stasionarlar);

2) saglygy goraýyş merkezleri;

3) tiz kömek edaralary;

4) ene we çaga üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralary;

5) şypahana edaralary;

6) dynç alyş we syýahat edaralary;

7) durmuş üpjünçiligi edaralary.

4. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport binalary we desgalary:

1) açyk sport-bedenterbiýe binalary we desgalary;

2) ýapyk sport-bedenterbiýe binalary we desgalary;

3) bedenterbiýe-sport we sagaldyş toplumlary.

5. Medeni aň-bilim we tomaşa edaralarynyň binalary:

1) kitaphanalar;

2) muzeýler we sergiler;

3) medeniýet öýleri, dynç alyş merkezleri we beýlekiler;

4) tomaşa binalary (teatrlar, aýdym-saz zallary, kinoteatrlar, sirkler we beýlekiler);

5) konferensiýa zallary;

6) haýwanat baglary, suw jandarly seýilgähler, oýunbazly (attraksionly) seýilgähler, botanika baglary we ş.m.

6. Dini binalar:

1) metjitler;

2) çokunylýan zallar;

3) dürli konfessiýaly ybadathanalar we serkwler.

7. Söwda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary üçin binalar:

1) banket zallary;

2) toý mekanlary;

3) bölek söwda kärhanalary üçin binalar;

4) jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin (senagat kärhanalarynyň kömekçi binalaryna we otaglaryna degişli jemgyýetçilik iýmitiniň binalaryndan we otaglaryndan beýleki) binalar;

5) gös-göni ilata hyzmat etmek üçin (önümçilik däl) niýetlenen durmuş hyzmaty edaralary üçin binalar;

6) aragatnaşyk kärhanalary.

8. Ilata hyzmat etmek üçin niýetlenen ulag binalary:

1) ulaglaryň hemme görnüşleri üçin menziller;

2) ýolagçylara hyzmat edýän edaralar we ulag ulgamynyň gulluklary, petek satylýan pawilýonlar.

9. Jemagat hojalygy üçin (önümçilik, ammar we ulag binalaryndan hem-de desgalaryndan beýleki) binalar:

1) däp-dessurlary üçin binalar, matam býurosy;

2) ýaşaýyş-ulanyş;

3) myhmanhanalar, moteller we kempingler üçin binalar;

4) jemgyýetçilik hajathanalary;

5) hammamlar we hammam-sagaldyş toplumlary;

6) ýangyn söndüriji depo.

10. Dürli maksatlara niýetlenen otaglary öz içine alýan köp ugurlybinalar we toplumlar

Ulanyş zerurlygy, ykdysady maksadalaýyklyk we şähergurluşyk talaplary bilen şertlenip utgaşdyrylan, dürli jemgyýet we ýaşaýyş maksatly otaglardan we olaryň toparyndan, binalardan we binalardan doreýär.

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirlişine ministriň orunbasary Ç.Ahmedow gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                   S. Selimow

Ýüklemek