Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi açyldy

07.04.2016

Paýtagtymyzda gurluşyk ulgamynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda guralýan Halkara gurluşyk sergisi öz işine başlady. Wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Söwda –senagat edarasy gurady. 

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
 

Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýöriteleşdirilen forumyň açylyş dabarasyna özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara gurluşyk sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Halkara gurluşyk sergisine gatnaşyjylary gutlamak bilen, döwlet Baştutanymyz bu gezekki forumyň ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmagy, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagy üçin oňyn meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi. 
 

Soňky ýyllaryň dowamynda geçirilýän Halkara forumy gurluşyk, binagärlik, gurluşyk serişdeleri senagaty we jaýlaryň içki we daşky bezegleri babatda guralýan iň bir abraýly gözden geçirişleriň birine öwrüldi. Sergä gatnaşyjylaryň wekilçilikli topary Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösýän gurluşyk pudagyna dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly gyzyklanmalaryny tassyk edýär. Sergä Russiýa, Germaniýa, Awstriýa, Hytaý, Ýaponiýa, Hindistan, Türkiýe, Gazagystan, Ukraina ýaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň 14-sinden iri kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleriniň 130-dan gowragy gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bilen bir hatarda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän täze kompaniýalaryň bardygyny bellemeli. 

Kaşaň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý toplumlaryny, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda hem-de olaryň taslamalaryny taýýarlamakda dünýäniň iň kämil usullaryny özleşdirýän hem-de olary netijeli peýdalanýan ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň işleri hil taýdan täze derejä çykýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmeleri, telekeçilige we bazaryň sarp edijilerine giňden goldaw bermäge gönükdirilen syýasaty bu pudagyň ösüşini şertlendirýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtly firmalar bilen bäsdeşlik edýärler. Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyrýarlar. Olar gurýan binalarynda ähli zerur enjamlary oturdýarlar, şunlukda degişli düzüm yzygiderli ösdürilýär. Ak mermerli paýtagtymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň keşbi gün-günden özgerýär. Soňky ýyllarda durmuş maksatly ajaýyp desgalar toplumlary, edara binalary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hazaryň kenarynda bolsa dünýä derejeli şypahana — "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy öz çäklerini giňeldýär. Ol ýerde täze şypahanalar, Halkara deňiz menzili we bu düzüme degişli beýleki birnäçe desgalar gurulýar. 
 

Beýik jaýlaryň yzygiderli gurluşygy, täze şäher etraplarynyň we iri ýaşaýyş toplumlarynyň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus ýagdaýa öwrüldi. Müňlerçe kilometr bolan ýokary tizlikli ulag ýollary, demir ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi döredilýär. 

Giň möçberli taslamalaryň bellenilen wagtda we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegi täze taryhy eýýamyň möhüm aýratynlyklarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda gurluşyk ulgamynyň okgunly ösüşi milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesine we halkara ülňülerine laýyk ýagdaýda bina edilýändigi bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni şu ýörelgelere çekýär. Milli Liderimiz potratçylardan we buýrujy pudaklardan öňde goýlan şertleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini talap edýär. 
 

Üç günüň dowamynda sergide biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini aňladýan giň möçberli we köpugurly sergi gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler. 

Ugurdaş pudaklaryň, şeýle hem ulgama degişli iri kärhanalaryň, örtük daşlaryny, sement, kerpiç, diwarlyk bloklary, magdan däl gurluşyk serişdelerini, şeýle hem täze gurluşyklar üçin zerur bolan turba önümlerini, armaturalary we beýleki görnüşli metallary, bezeg serişdelerini, boýaglary, ýylylyk saklaýjy serişdeleri, santehniki we elektrotehniki önümleri öndürýän kuwwatlyklaryň bölümlerinde ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň sazlaşykly we okgunly ösüşi aýdyň görünýär. 

Türkmenistanda amala aşyrylýan iri milli taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan täze tehnologiýalar sergide görnükli orny eýeleýär. Bu ýerde gök zolaklary döretmegiň görnüşleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň alternatiw çeşmesini ulanmaga gönükdirilen taslamalar görkezilýär. Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar diňe bir özleriniň kämil tehnologiýalaryny hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, geljegi uly türkmen bazarynda we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döredilen amatly şertlere esaslanýan kärhanalara maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýärler. 
 

Ýurdumyzyň durky täzelenýän şäherleriniň, obalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň sazlaşykly geljekki ösüşi dürli maksatly desgalaryň, edara-ediş binalarynyň, söwda we oýun merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynda we şekillerinde has-da aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň we ýyl-ýyldan işjeňligi ýokarlanýan hususy gurluşyk firmalarynyň işi giňişleýin görkezilýär. 

Sergide ýol gurluşygy ulgamyna aýratyn bölüm degişli bolup durýar. Häzirki döwürde döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan ýokary tizlikli ulag ýollary, köprüler, köp zolakly estakada köprüleri gurulýar. Olaryň gurluşygynda özboluşly inženerçilik-tehniki çözgütler we täze tehnologiýalar zerur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, sergide döwrebap köprüleriň, geçelgeleriň, ýurdumyzyň esasy ýollarynda köp zolakly köprüleri gurmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň bölümleri has-da täsirli. Daşary ýurtly öňdebaryjy firmalar öz bölümlerinde ýol gurluşygyna degişli birnäçe täzeçil usullary hödürleýärler. 
 

Şeýle hem bu ýerde dürli nahallary ösdürip ýetişdirmek boýunça ýöriteleşen we seýilgäh aýmançalaryny, bezeg serişdelerini, mebelleri we aşhana serişdeleri ýaly halkyň sarp edýän harytlaryny aýnadan öndürýän firmalaryň bölümlerinde degişli harytlar görkezilýär. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki zaman şäherleriniň gündelik durmuşynda zerur bolan serişdeler sergide öz beýanyny tapypdyr. 

Serginiň çäklerinde birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň önümleriniň tanyşdyryş dabarasy guralar. Olarda düzümleriň önümçilik kuwwatlyklary we kompaniýalaryň halkara bazaryndaky işi barada zerur bolan maglumatlar berler. Şunlukda sergä gatnaşyjylar, ilkinji nobatda bolsa dürli pudaklaryň ýolbaşçylary, hünärmenler, telekeçiler öz kärdeşleri bilen geçirýän duşuşyklarynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler we ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. 
 

Bu ýerde guralan sergi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Sergi zalynda täze önümler, gurluşyk tehnologiýalary, gurluşyk serişdelerini öndürýän awtomatik ulgamlar we kiçi zawodlar, suw arassalaýjy desgalar, diwarlyk bloklar, alýumin we plastik profiller, santehniki we bezeg serişdeleri barada gürrüň berýän wideorolikler yzygiderli görkezilýär. 

Beýik jaýlaryň täze binagärlik taslamalarynyň görnüşleri sergä gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda şunuň bilen bir hatarda pes gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem barha batly depginlere eýe bolýar. Sergide döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we kottežleriň taslamalarynyň örän köp görnüşleri görkezilýär. 
 

Giň möçberli gözden geçiriliş köp sanly hünärmenler, bilermenler we marketologlar üçin has-da ähmiýetli boldy. Köpsanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin bu sergi ýurdumyzyň geljekki ösüşine nazar aýlamaga, täze tehnologiýalar esasynda ýakyn geljekde ýurdumyzyň şäherleriniň köçeleriniň näderejede boljakdygyna göz ýetirmäge oňyn mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, 
fotosuraty Ýu.Şkuriniňki