“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnaly: täze gurluşyklaryň geljegine nazar aýlap

Ýurdumyzyň durmuşynda gurluşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Çünki,  hut gurluşyk we binagärlik düýpli özgertmeleri, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini aýdyň şöhlelendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk işleri toplumlaýyn alnyp barylýar, döwrebap düzümli ýaşaýyş jaý toplumlary, iri senagat toplumlary hem-de tutuş şäherçeler gurulýar.

Biz esasy awtoulag we demir ýollaryny, transmilli gaz geçirijileri gurýarys. Beýleki ýurtlarda hem çaga dogrulýan öýler, mekdepler we çagalar baglary bina edilýär. Olar  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan doganlyk halklara ajaýyp sowgatdyr.

Ýöne köpsanly täze gurluşyklaryň arasynda aýratyn bir ägirt uly desga bar, häzirki wagtda oňa uly üns berilýär. Bu desga Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigidir, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meselesi “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sanynyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň jemgyýetçilik – syýasy we ylmy žurnalynyň nobatdaky sany bu taýýarlyk işleriniň jemleýji tapgyrynyň başlanyşy, milli Liderimiziň V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde öňde goýan  wezipeleri hakyndaky makala bilen açylýar.

Neşiriň nobatdaky sany “Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi—sport binagärliginiň taýsyz nusgasy” diýen syn beriji we seljeriş makalasy bilen dowam etdirilýär. Awtor bu möhüm ähmiýetli desganyň gurluşygynyň barşy barada gürrüň berip, oňa diňe bir ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport desgalaryň toplumy hökmünde däl-de, eýsem, Türkmenistanyň sport abraýynyň bir bölegi hökmünde garaýar.

Bu toplumyň binagärlik strategiýasy taslamany düzüjileriň tagallalaryny we döredijilik pikirlerini bir bitewi ulgama birleşdirmäge hem-de ony şäher landşaftyna sazlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Olimpiýa şäherjiginiň keşbi gurşap alan giňişlik bilen ajaýyp sazlaşyk döredýär hem-de paýtagtymyzyň  ajaýyp keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar. Onda sport energiýasy, ýeňşe bolan ymtylyş hem-de sagdyn ruh aýdyň beýanyny tapýar.

Umuman, Olimpiýa şäherjiginiň tutuş keşbi ekologiýa meselesi nazarda tutulyp, XXI  asyryň täze ýörelgesiniň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Binalaryň bezeginde we içki bezeglerde milli binagärlik däpleriniň ýörelgeleri, ýagny däp bolan nagyşlaryň öwüşgini ulanyldy. Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň ähmiýeti Aziadanyň çäklerinden çykýar we şoňa görä-de, bu ýerde täze tehnologiýalar ulanyldy. Olar soňy bilen    ýurdumyzyň beýleki täze gurluşyklarynda hem ýaýradylyp bilner.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň biri Aşgabat şäheriniň, tutuş Türkmenistanyň durnukly ösmegini we rowaçlanmagyny üpjün etmek üçin “Aziada-2017” taslamasy tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden doly peýdalanmakdan ybaratdyr. Gürrüň häzirki wagtda we geljekde serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň esasynda durmuş, ykdysady ulgamlarda uzakmöhletleýin oňyn özgertmeleri döretmek barada barýar.

Iri halkara ýaryşlary indi köpden bäri diňe iň gowy türgenleriň ýaryşynyň çäginden çykdy. Bilermenler olaryň ykdysadyýetiň ösüşine täsirini seljerip, giň möçberli sport çäreleriniň ýurdumyzda ykdysady ösüş üçin şertleri döredýändigi baradaky netijä geldiler.

Aşgabatdaky Aziýa oýunlary täze iş orunlarynyň müňlerçesini döreder, içerki we halkara söwdasynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, işewürlik hem-de syýahatçylyk işjeňliginiň ýokarlanmagyna, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine goşulyşmagyna ýardam eder. Žurnalda çap edilen “Beýik gurluşyklaryň we maslahatlaryň jümmüşinde” atly makalada Olimpiýa şäherjiginiň desgalary baradaky gürrüň olaryň daşky we içki görnüşi şekillendirilen suratlar bilen utgaşdyrylýar. Berlen suratlar arkaly baş arenanyň – 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynyň gurluşygynyň barşyny,  kaşaň “Olimpiýa” we “Sport”  myhmanhanalaryny hem-de olaryň içki bezeglerini synlamak bolýar.

Aziadanyň mirasy – bu diňe bir oýunlary geçirmek üçin zerur bolan sport desgalary we beýleki binalar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu döwrebaplaşdyrylan ulag we beýleki şäher düzüminden, täzelenen telekommunikasiýalardan, inženerçilik, energetika ulgamlaryndan ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerinde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binagärleriň we gurluşykçylaryň öňünde Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek baradaky belent we anyk maksady goýdy. Şähergurluşyk işleri we paýtagtymyzyň strategik taýdan ösdürilmegi, onuň baş meýilnamasynyň özgerişli ösüşi žurnalyň beýleki bir makalasynyň mowzugy boldy.

Onda soňky döwürde pudakdaky bolup geçen wajyp wakalar bellenildi. Şol wakalaryň hatarynda “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” hünär ugurly žurnalynyň döredilmegi hem ýatlanyldy. Makalada şeýle hem gönüden-göni milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geljek üçin Aşgabady gurmagyň hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen şähergurluşyk wezipelerini çözmek baradaky ýerine ýetiriş maksatnamasynyň baş meýilnamasyny işläp düzmegiň esasy ýörelgeleri we tapgyrlary häsiýetlendirilýär.     

Şäheriň çäklerine ýakyndaky etraplaryň girizilmegi bilen Aşgabadyň meýdany iki esseden hem gowrak artyp, 70 müň gektara ýetdi. Esasy merkez bolup durýan paýtagtyň töwereginde hakyky aglomerasiýa—ilatly nokatlaryň ykjam toplanylmagy döredilýär. Şol ýerler çylşyrymly, köpugurly, depginli ulgama birleşdirilýär. Bu bolsa, hususan-da, ýaşaýyş jaý gurluşygy ulgamynda täze düýpli çözgütleri talap edýär.

Şeýle hem makalada häzirki zaman uly paýtagtynyň neneňsi ösmelidigi, giňişligi özgertmäge möhüm ulgamlaýyn çemeleşmeler hem-de şähergurluşygynyň esasy ugurlary, ýaşaýjylaryň şäheri nähili ýagdaýda göresi gelýändiginiň meýilleşdirilişiniň we taslamasynyň düzülişiniň nusgasy barada köne düşünjelere täzeden akyl ýetirmegiň zerurdygyna deglip geçildi.

Aşgabadyň situasion meýilnamalary, ösüşiniň karta çyzgylary, onuň düzüminiň taryhy taýdan kemala gelşi, geljekki gurluşyklaryň hem-de ajaýyp binagärlik taslamalaryň çyzgylary makalany maglumat taýdan baýlaşdyrdy.

“Tejribe” bölüminde Hazaryň kenarynda halkara derejeli deňiz dynç alşyny döjretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynyň neneňsi durmuşa geçýändigi barada makala ýerleşdirilipdir. Ony ýazan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyk senenamasynda binagärlik açylyşlaryň ähmiýetli geljegini açyp görkezdi. Her ýyl deňiz ýakasyndaky Awazada barha täze desgalar gurlulýar. Olaryň sany eýýäm häzir bina edilen döwrüniň dowamyndaky möhletleri hasaba alanyňda örän täsir galdyrýar. Dynç alyş künjeginiň ösüşiniň geljegi, täsin görnüşler hem-de neşiriň sahypalaryny bezän tebigy gözellikler has-da haýran edýär.

Jurnalyň kensepsiýa gurluşygyň we binagärligiň diňe bir nazary we amaly meselelerini däl, eýsem, olary ösdürmegiň taryhy tejribesini, ilkinji nobatda, milli tejribäni öz içine alýar. “Gurluşyk işleriniň gadymy gözbaşlary: ilkinji bişen kerpiçler” diýen makalada bürünç eýýamynda / biziň eramyza çenli II müňýyllyk/ ata-babalarymyzyň taýýarlamagy başaran gurluşyk serişdesiniň bu görnüşi barada gürrüň berilýär. Murgap derýasynyň gadymy hanasyna golaý ýerdäki üç ýadygärliklde – Kellelide, Goňürdepede hem-de Ajyguýyda binagärlik gazuw-agtaryş işleri geçirilende, hili häzirki wagtda-da haýran edýän keramiki kerpiçleriň ajaýyp nusgalary tapyldy.

Meşhur binagär Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan gazylyp alanan serişdeler bürünç asyryň şöhratly Margiananyň binagärleriniň we gurluşykçylarynyň gurluşyk-gurnama işlerini hasaplamagyň matematiki usullaryna eýe bolan hakyky ussalar bolandygyny, geometriýanyň esaslaryna daýanyp, ölçegleri we görnüşleri duýandygyny ynamly tassyklaýar. Makalany ýazanyň beýan edişi ýaly, “kerpiç” diýen sözüniň özünde gadymy ýerli kökler bar we ol türki diller topary arkaly rus diline hem geçipdir...

“Kitaplar” diýen jemleýji bölümde “Türkmenistanyň seýsmika durnukly döwrebap gurluşygy” diýen täze ylmy neşire syn berilýär. Hususan-da, bu kitapda ýokary seýsmiki işjeňlik zolagynda ýerleşýän Aşgabat şäherindäki desgalaryň özboluşlylygy we tipli binagärlik-meýilnamalaşdyryş we gurnama taslamalaryň çözgütlerine ilkinji gezek syn berilýär. Onda şeýle hem binalaryň we ymaratlaryň berkligini güýçlendirmegiň, binalar gurlanda seýsmoizolirlemäni we seýsmogoragy peýdalanmagyň ýörite ulgamy barada pikirler beýan edilýär.

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnal 2015-nji ýylyň aprelinden bäri neşir edilýär. Şu geçen döwrüň içinde ol hünärmenleriň toparlarynda mynasyp abraý gazandy, okyjylaryň sanyny, şol sanda türkmen dilinden başga-da, onuň ýene-de iki—iňlis we rus dillerindäki görnüşiniň goşulmagynyň hasabyna okyjylaryň sanyny artdyrdy. Ilki başdan, bu gysgaça synlar görnüşindedi, indi häzir bolsa üç dildäki deň derejeli žurnalyň ilkinji sany çykdy.

Bölümleriniň köp bolmandygyna garamazdan, žurnal ylmy-tehniki maglumatlary, dürli hünär ugurlaryny, hünärmenlere, şeýle hem beýleki adamlara gyzykly bolup biljek makalalary bermegiň döredijilikli çemeleşmesini özünde jemläp, mazmuny taýdan has uly ähmiýete eýe boldy.

http://turkmenistan.gov.tm/?id=11198