Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäheriniň golaýynda 2 müň 500 adama niýetlenen täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäheriniň golaýynda 2 müň 500 adama niýetlenen täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň dolandyryş –çäk kartasynda peýda bolan täze oba Bagtyýar zaman diýlip atlandyryldy. Munuň özi tötänden däldir, çünki bu ýerde kaşaň jaýlar guruldy, ýaşamak üçin oňaýly şertler, şeýle hem şäheriňkiden birjik-de pes durmaýan döwrebap düzüm döredildi.

Şeýle wakalar biziň ýurdumyz üçin adatdan daşary zat däldir, çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ähli ýerinde şeýle obalar gurulýar, olar bilen birlikde welaýatlara täze durmuş gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sebitleri ösdürmek baradaky  Maksatnamasyna laýyklykda, döwrebap türkmen obalarynyň oňaýlylyk babatda okgunly ösýän   şäherler bilen bäsleşip bilmegi üçin, ägirt uly maliýe serişdeleri goýberilýär. Munuň özi oba ýaşlarynyň okuwy tamamlandan soň, öz obalaryna uly höwes bilen gaýdyp gelmegine, obalarda hem, şäherdäki ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze önümçilikleriň peýda bolmagyna ýardam edýär.

Bagtyýar zaman obasynyň açylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir öýlere baryp gördi. Olaryň birinde bagtyýar özbek maşgalasy jaý toýuny tutýardy. Öýüň bosagasynda milli Liderimiziň peýda bolmagyna örän şat bolan maşgalanyň ähli agzalary döwlet Baştutanymyzy myhmansöýerlik hem-de hormat-sarpa bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz täze jaýa göçüp gelenleri tüýs ýürekden gutlap, täze öýde olaryň durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Maşgaladaky iň uly ýaşly zenan öýdäkileriň ählisiniň adyndan oba ýaşaýjylary barada alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.  Häzirki döwürde oba ýaşaýjylary ajaýyp zamananyň hözirini  görüp ýaşaýarlar.

Kowçum bolup ýaşaýan özbeklere wekilçilik edýän ýaşuly zenan, öý eýesi bilen mähirli söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz oňa öz ejesi ýaly garaýandygyny hem-de islendik meselelerde hemmetaraplaýyn ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.  Çünki, uly ýaşly nesilleriň wekillerine, aýratyn hem kümüş saçly enelere  hormat-sarpa goýmak we olar barada alada etmek  türkmenleriň ruhy ýörelgesiniň aýrylmaz ýörelgesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy...  

Dünýä ýaşaýşy peşgeş berýän zenan – ene ähli döwürlerde hem maşgala ojagynyň ýylysyny hem-de türkmen jemgyýetiniň ahlak esaslaryny aýawly saklap we ösüp gelýän nesliň aňynda ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirip, durmuşda aýratyn orun eýeläpdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşululara çuňňur hormat goýmak, ruhubelentlik we hoşniýetlilik ýaly duýgularyň türkmen halkynyň özboluşly häsiýetlerini düzýändigini hem-de olaryň  hut maşgalada kemala gedýändigini belleýär.

Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň çäklerinde dünýä dinleriniň dördüsi – zoroastrizm (gadymy döwürlerde Margianada döräpdir), hristiançylyk (injil rowaýatlaryna görä, biziň ülkelerimizde ony  ilkinji wagyz ediji apostollar Andreý Perwozwannyý we Foma bolupdyr), buddizm (bu dine uýýanlaryň binagärlik toplumy Gadymy Merwde ýüze çykaryldy) we yslam (Türkmenistanda özüniň dörän ilkinji ýyllaryndan ýaýrap başlýar) parahatçylykda hereket edipdir. Mukaddes türkmen topragynda dürli dine uýýanlar we dürli milletlere degişli adamlar parahatçylykda ýaşapdyrlar, bu ülkäni eli ýaragly basyp almak islänleriň garşysyna bilelikde göreşipdirler.

Has soňky döwürlerde, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda biziň ata-babalarymyz bilen birlikde türkmenistanly meýletinçiler – dürli milletleriň  wekilleri adamzadyň umumy duşmanyna garşy egin-egne berip söweşipdirler.

XX asyrda Türkmenistanda ýaşaýan dürli halklaryň wekilleri hem ýurdumyzyň ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Döwlet lukmançylyk unstitutynyň  professory Boris Smirnow neýrohirurg we newropatolog lukmany hökmünde işläp, türkmen, gadymy grek, gadymy ýewreý, latyn, iňlis, italýan, ispan, fransuz, nemes we polýak dillerini bilmegi bilen hem meşhur bolupdyr, “Mahabharata” hindi eposyny sanskritden iň gowy terjimeçi hökmünde ykrar edilipdir. Şonuň üçin hem ony üç halkyň – türkmen, rus we hindi halklarynyň ogly diýip hasap edipdirler.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri häzirki zaman sungatyny ösdürmekde hem-de milli işgärleri taýýarlamakda möhüm işleri alyp bardylar we Watanymyzyň ýokary sylaglaryna hem-de hormatly atlaryna mynasyp boldular. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Natali Laukert “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen ada, Ýelena Dormidontowanyň ýolbaşçylygynda “Näzli” tans topary Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň we beýlekileriň birnäçe gezek ýeňijisi boldy.  

Ýakynda Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň çeper ýolbaşçylygyndaky “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýaşajyk agzasy Moskwada  Uly Kreml Köşgüniň Georgiýew zalynda geçirilen “Nesilleriň mukamy” atly IV halkara çagalar saz festiwalynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi.

Biziň ildeşimiz, suratkeş Wladimir Pawloskiý özüniň köpugrly zehini hem-de sungat äleminde tutanýerli zähmeti üçin  iki gezek Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baýragyna hem-de “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medala mynasyp boldy. Bu zehinli suratkeşiň eserleri diňe bir Türkmenistanyň iri muzeýlerinde däl, eýsem, daşary ýurtlaryň – Russiýanyň, Norwegiýanyň, Polşanyň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hususy surat toplumlaryny ýygnaýjylaryň gaznalarynda saklanylýar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri  Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dünýä, Aziýa çempionatlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, kikboksing  we taý boksy boýunça üstünlikleri gazanyp, ýylyň-ýylyna ýurdumyza ýokary sylaglar bilen dolanyp gelýärler.

Ýakynda geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy topar hasapda birinji orny eýeledi. Bu uly ýeňşe türkmen tälimçileriniň ýolbaşçylygynda tälim alan Margarita Filippowa, Ulýana Nazarowa, Angelina Filippowa we Mariýa Lohowa ýaly türgenler  uly goşant goşdular.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegine eýe bolan türkmen halkynyň hakyky taryhyny dikeltmekde köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda işlän daşary ýurtly alymlar uly iş alyp bardylar, munuň üçin olar Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Olaryň hatarynda taryh ylymlarynyň doktory, Afiny uniwersitetitiniň professory, Gresiýanyň Antropologiýa jemgyýetiniň agzasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi hem bar. 2009-njy ýylda bu belli alym “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglanyldy.  
 
Birnäçe ýylyň dowamynda biziň ata-babalarymyz tarapyndan esaslandyrylan gadymy döwletleriň biri bolan Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde netijeli işlän Italiýa Respublikasynyň Bolonýa şäheriniň uniwersitetiniň mugallymy Barbara Çerasetti bilen Russiýa Federasiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Dubowa  Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan»  medaly bilen sylaglandylar.

Meşhur ekerançy, milleti boýunça özbek Sadulla Rozmetow ýokary hasyl öndürmegiň usulyýetine hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga   bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Garaşsyzlyk ýyllary döwründe Sadulla Rozmetow Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşine  goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Gahrymany hem-de «Hormatly il ýaşulysy» diýen belent atlara, «Garaşsyzlyk», «Prezidentiň ýyldyzy», III derejeli «Altyn asyr» ordenlerine we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.

Bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Çünki, Watanymyzyň her bir güni şöhratly zähmet üstünliklerine we ýeňişlere beslenýär. Oňa haýsy milletiň wekilidigine garamazdan, ähli türkmenistanlylar öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Suw damjasynda çäksiz ummanyň şöhlelenmesi ýaly, biziň ildeşlerimiziň ykbalynda hem milli Liderimiziň adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen syýasatynyň çuňňur mazmuny şöhlelenýär.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösüşe eýe bolýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem-de oýlanyşykly syýasaty netijesinde uly ösüşlere eýe boldy. Bu syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplygyň, birek-biregi hormatlamagyň, adalatlylygyň, dost-doganlygyň mizemez ýörelgeleri bar. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge öz Lideriniň töwereginde jebisleşen, Türkmenistanyň agzybir we dotslukly halkyny düzýän,  ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan  ähli milletleriň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.