Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar zaman şäher görnüşli täze döwrebap obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde Berkarar zaman şäher görnüşli täze döwrebap obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda iri möçberli işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär, muňa öz keşbini okgunly özgerdýän obalar we şäherler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilen köp sanly medeni-durmuş, senagat, ulag-aragatnaşyk maksatly hem-de beýleki desgalar şaýatlyk edýär. Watanymyzyň iň bir alysdaky künjeklerinde hem täze durmuşyň alamatlary peýda bolýar, bu künjekler gözüň alnynda özgerýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany bolan täze häzirki zaman obalarynyň gurulmagy sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegi, köpugurly kuwwatlyklaryny peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda obalaryň keşbiniň özgerdilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, bu bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. 

Türkmen obasynyň täze nusgasynyň döredilmegi oba ilatynyň durmuşynyň hil taýdan täze derejesini kemala getirmäge, obany döwrebap esasda hem-de geljegi nazarlap ösdürmegiň ykdysady hem-de maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu mesele hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. 

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan döwlet Baştutanymyz ir bilen dikuçarda Garabekewül etrabyna tarap ugur aldy. 

Biraz wagtdan soň, milli Liderimiziň dikuçary Berkarar zaman obasynyň golaýyndaky meýdança gonýar. 600 maşgala niýetlenen bu täze oba Türkmenabat-Atamyrat gara ýoly bilen demir ýoluň arasyndaky çäkde 210 gektar meýdanda, etrap merkezinden 32 kilometr uzaklykda ýerleşýär. 

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze oba göçüp gelýänleriň köpsanlysy hem-de baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga gelen myhmanlar ýygnandylar. 

Daş-töwerek uly oba toýuny ýatladýan ýagdaý emele gelipdir, baýramçylyk lybasyna beslenen ak öýler dikilipdir, bu ýerde syratly ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleri görmek bolýar, hemme ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, joşgundy aýdymlar we tanslar ýerine ýetirilýär, milli oýunlar geçirilýär. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentini mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiz baýramçylyk görnüşinde bezelen täze obanyň baş girelgesiniň ýanyna gelýär. Obanyň çagalary uly joşgun bilen goşgy okaýarlar, Lebap welaýatynyň döredijilik toparlary bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli ýörite taýýarlan aýdym-saz, tans maksatnamasy bilen çykyş etdiler. 

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, Berkarar zaman obasyny açýar. Obanyň gurluşygynda lebaply taslamaçylaryň hem-de binagärleriň özboluşly binagärlik täzeçilikleri peýdalanyldy, bu ýerde milli durmuş ýörelgelerini nazara almak bilen, amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. 
 

.... Soňky dört ýylyň dowamynda diňe günüň jokrama yssysynyň, ýeliň hökmüni ýöredýän bu çöllük künjeginde el bilen döredilen medeni zolak –döwrebap ilatly künjek peýda boldy, obany ajaýyp binalar, gök zolaklar, güller bezeýär. Müňlerçe gurluşykçylaryň we gurnamaçylaryň, energetikleriň hem-de jemagat hojalygy işgärleriniň, mehanizatorlaryň hem-de awtoulag sürüjileriniň, inženerleriň, gurluşyk ussalarynyň zähmeti netijesinde döwrebap nusgaly oba peýda boldy. Obanyň 30-a golaý häzirki zaman giň köçeleri we ýanýodalary özboluşly yşyklandyryjy çyralary bolan elektrik geçiriji ulgamlary, göni hatarly ýaşaýyş jaýlary hem-de medeni- durmuş maksatly desgalar göwnüňi göterýär. 

Täze obanyň ýaşaýyş toplumyny döretmek baradaky meseläni welaýatda iri “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary üstünlikli çözdüler. 3-,4 we 5 otagly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň 600-si hem-de çagalar bagyny gurmak wezipesi olaryň üstüne ýüklenildi. Bu wezipe ýokary hilli ýerine ýetirildi, olar ähli desgalarda adamlar üçin aňrybaş şertleri döretmäge çalyşdylar. Jaýlaryň diwarlarynyň galyňlygy bir ýarym kerpiç bolup, ýer titremesine durnuklylygy hem-de seslerden goraglylygy üpjün edýär, ýaşaýyş jaýlary giň hem-de ýagtydyr. 

4 otagly öýüň umumy meýdany 132 inedördül metre deňdir. Olarda oňat enjamlaşdyrylan aşhana göz öňünde tutulandyr. Öýleriň bezeginde häzirki zaman timarlaýyş serişdeleri peýdalanyldy. Güýz-gyş pasyllarynda öýüň daşky tarapynda gurnalan kiçi özbaşdak ýyladyş ulgamy öýleriň ýylylygyny üpjün eder. 

Berkarar zaman obasynyň desgalaryny bina etmek işlerine zähmet we önümçilik-tehniki serişdeler hem-de beýleki döwlet gurluşyk-gurnama we ýöriteleşdirilen düzümler çekildi. Iri möçberli taslamany durmuşa geçirmekde hususy gurluşyk kärhanalary we şereketleri hem işjeň gatnaşdylar. 

Durmuş-medeni maksatly desgalary gurmakda Lebap welaýatynda giňden tanalýan “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary aýratyn tapawutlandylar, bu kärhana eýýäm köp ýyllaryň dowamynda şähergurluşyk ulgamynda ýöriteleşendir. Bu kärhana tarapyndan täze obada 200 orunlyk tomaşa zally medeniýet öýi, toý dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk zaly bolan “Bagt öýi”, 200 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenen metjit we beýleki durmuş maksatly desgalar guruldy. 

Obada 640 orunlyk mekdep, 280 körpe üçin çagalar bagy, dermanhanaly saglyk öýi, oba geňeşliginiň edara binasy, awtomatlaşdyrylan telefon beketli 650 belgili aragatnaşyk edarasynyň jaýy, köpugurly söwda bazary, durmuş hyzmaty öýi, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň hem 4-si bina edildi. 

Ähli desgalar dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen abzallaşdyrylandyr. Oba saglyk öýünde ilata ýokary hilli bejeriş-anyklaýyş we maslahat beriş kömegini bermek üçin ähli şertler döredilendir. Iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan rentgen, hirurgiýa, stomatologiýa we terapiýa we beýleki otaglar, UZI, EKG, barlaghana göz öňünde tutulandyr. 

Döwrebap bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilen 640 orunlyk oba orta mekdebinde interaktiw multimediýa tagtaly, lingafon kompýuter okuw otaglary bar, oglanlar we gyzlar üçin zähmet sapagyny geçmäge ýöriteleşdirilen okuw otaglary hem göz öňünde tutulandyr. Okalga zally kitaphana, ýygnak geçirilýän zaly, naharhana, lukmançylyk otagy, sport zal we açyk sport meýdançalary okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň ygtyýarynda bolar. 

280 çaga niýetlenen häzirki zaman çagalar bagynda kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik bilen meşgullanmak üçin otaglar, tomusky telärler hem-de oýun meýdançalary, giň we ýagty ýumşak mebelli ýatylýan jaýlar, sport we saz bilen meşgullanmak üçin zallar, naharhana, lukmançylyk otagy göz öňünde tutulandyr. 

Ýol-inženerçilik düzümleri hem göwnejaý ýerine ýetirildi. Täze obada aýratyn poslamaýan berk sintetiki turbalardan umumy uzynlygy 18,3 kilometr suw geçirijileri, 21 kilometr uzynlykda lagym ulgamlary, 37 kilometrlik gaz geçirijileri, 47 kilometrden gowrak uzynlykda elektrik geçiriji ulgamlar çekildi, 27 kilometre golaý asfaltlanan ýol guruldy. Transformatorly kiçi elektrik bekedi, suw arassalaýjy enjamly suw sorujy beket, ýangyna garşy göreş edarasynyň jaýy obanyň möhüm düzümlerini emele getirýär. 

Ýakynda hem çöllük meýdan bolan bu künjek häzirki wagtda bagy-bossanly gülleýän mekana öwrülýär. Ýakyn wagtda bugdaý we gowaça meýdanlary, bag-bakjalar, seýilgäh zolagy peýda bolar. Bu işleriň amala aşyrylmagy üçin ýörite çäreler geçirilýär. Ýeri gurplandyrmak, topragy berklendirmek işleri geçirildi. Bu işleriň netijesinde döredilen ekin meýdanlaryndan bol hasyl almak mümkin bolar. Bu ýere eýýäm mes topragyň müňlerçe kub metri getirildi we ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak işleri dowam etdiriler. 

Täze obada her bir maşgala üçin 0,16 ga mellek ýeri göz öňünde tutulypdyr. Täze jaýlara göçüp baranlar özleriniň isleglerine görä, mal, guş saklamak üçin zerur bolan hojalyk desgalaryny gurup bilerler ýa-da gök we bakja önümlerini hem-de miweli baglary ýetişdirip bilerler. 

Durmuş-medeni we jemagat düzümi toplumynyň hereket etmegi köp babatda ýaşaýjylary, aýratyn hem daýhan birleşiginiň dürli künjeklerinden we Garabekewül etrabynyň edara ediş merkezinden täze obada ýaşamaga isleg bildiren ýaş maşgalalary iş bilen üpjün etmäge ýardam etdi. Munuň özi düşnüklidir, döwletimiz gozgalmaýan emläk boýunça karz bermek babatda örän ýeňillikli şertleri hödürledi. Täze öýlere göçüp baranlar jaýyň umumy bahasynyň ondan bir bölegini birbada töleýärler, karzyň galan bölegi bolsa iň pes göterimde 30 ýylyň dowamynda tölenilýär. 

Mundan başga-da, geljekde obanyň töwereginde oba hojalyk önümçiligi ösdüriler, obanyň özünde bolsa uly bolmadyk gaýtadan işleýän kärhanalar açylar. Munuň öz täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegini üpjün eder. 
 

Bir söz bilen aýdylanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy netijesinde Berkarar zaman obasynyň adamlarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan hem-de bagtyýar durmuşy üçin berk binýat döredildi. 

Hormatly Prezidentimiz Berkarar zaman obasynyň ýaşaýjylary bilen täze ýaşaýyş toplumyny synlap başlady. Bu toplum eziz Watanymyzyň sebitlerinde hem düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Döwrebap obanyň baýramçylyk lybasyna beslenen köçelerinde hakyky toý dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Höwesjeň hem-de ussat artistleriň, folklor hem-de çagalar toparlarynyň joşgunly çykyşlary döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza çäksiz söýginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

Milli Liderimiziň baryp gören oba söwda merkezine barylýan ýerde jarçylar batly sesleri bilen hemmeleri we her bir adamy özleriniň bazaryna gelmäge çagyrýarlar. Bazaryň girelgesiniň öňünde ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýän aýdymlar we tanslar söwda merkezine gelýänleriň ünsüni çekýär. Bu söwda merkezi ýerli hususy firmalar—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan guruldy. Milli Liderimiz Berkarar zaman obasyny synlamagy täze bazaryň gurluşy we söwdanyň guralyşy, ýokary hilli harytlaryň görnüşleri bilen tanyşlykdan başlady. 

Bu ýerde gündogar bazarlaryna mahsus bolan açyk köpugurly bazardan başga-da, ýöriteleşdirilen söwda nokatlary –dükanlary özleriniň harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler. Bu ýerde öý we hojalyk üçin gerek bolan islendik harytlary — et we konserwirlenen önümleri, gök we bakja önümlerini, miwe suwlaryny, sport, jinsi lybaslaryny hem-de milli egin-eşikleri, mellek ýerde işlemek üçin zerur bolan gurallary we döwrebap aşhana kombaýnlaryny, at esbaplaryny we awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki köp görnüşli harytlary almak bolýar. Bu ýerde hödürlenýän harytlaryň aglabasy daşary ýurtlarda öndürilýän önümler bilen üstünlikli bäsleşýän, ýerli kärhanalaryň öndürýän önümleridir. 

Zergärleriň önümleri hem alyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Olaryň arasynda däp bolan önümler hem-de döwrebap şaý-sepler bar, ýöne olaryň ählisi milli zergärçilik sungatynyň bezeglerini özünde jemleýär. 

Milli Liderimiz söwda nokatlarynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda satyjylar bilen söhbetdeş boldy, olaryň köpüsi senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarydyr. Olar özleriniň öndüren köpdürli önümlerini alyjylara hödürleýärler. Satyjylaryň ählisi obalary ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol obalarda ýaşaýyş-durmuş şertleri şäherlerde döredilen şertlere has ýakyndyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda merkezini synlamagy tamamlap, baýramçylyk lybasyna beslenen giň köçe boýunça ýoluny dowam etdi. Ýoluň ugrunda milli däpleri hem-de halkymyzyň baýramçylyk dessurlaryny beýan edýän köp öwüşginli folklor çykyşlary, çaganyň dogulmagy mynasybetli dabaradan başlap, ak goýun toýuna çenli dürli maşgala dessurlary ýaýbaňlandyryldy. 

Aýry-aýry sahnalarda bäbek toýy, at dakmak, çaganyň ilkinji dişiniň peýda bolmagy bilen baglanyşykly dessurlary görmek bolýar. Çaganyň ýörjen-ýörjen bolup başlan wagty, galpak toýy bilen baglanyşykly halk dessurlary bolsa türkmen maşgalalarynda körpeleriň alada bilen gurşalyp alnandygyna şaýatlyk edýär. Bu däplerde ösüp gelýän nesle bagtyýar durmuş, berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlar jemlenendir. 

Şu babatda maşgala dessurlarynyň çuňňur filosofiki manysy bardyr, çünki olar nesilleriň arasynda ruhy arabaglanyşygy emele getirip, durmuşyňyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Ýaş çatynjalaryň toýunda hem ajaýyp dabaralar guralýar, gyzykly hem-de özboluşly dessurlar berjaý edilýär. 

Däp-dessurlar hem-de sahnalaşdyrylan çykyşlar bilen birlikde ähli ýerde şadyýan aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu çykyşlarda gadymy döwürlerden bize ýetip gelen milli, şeýle hem häzirkizaman aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Gadymy milli hem-de häzirkizaman ýörelgeleriň ajaýyp sazlaşygy bu günki çäreleriň many-mazmunyny düzdi. Bir tarapdan ýetginjekleriň uly toparynyň ýerine ýetirmeginde deprekleriň sesi batly ýaňlansa, olaryň golaýynda skripkaçy gyzlaryň ýerine ýetiren ýakymly owazlary ýaňlandy. 

Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, “Toý mekanyna” bardy. Şol ýerde ýaş çatynjalar milli däp-dessurlarymyza eýerip toý tutýarlar. Toý tutýan ýigidiň we gyzyň ene-atalary ýaş çatynjalara ak pata berip, berk jan saglyk, bilelikde abadançylykda we uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar durmuşda ýaşamagy arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde toýa gatnaşýan iň sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler bilen mähirli salamlaşyp, olaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy. Hormatly ýaşulular türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýar durmuşy barada ýadawsyz alada edýändigi, türkmen obasyny ösdürmek hem-de oba ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli çäreleri görýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzda täze döwrebap obalaryň yzygiderli döredilmegi bu aladanyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

Soňra hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugraýar, olaryň golaýynda halk dessurlary esasynda köpöwüşginli sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy. 

Döwlet Baştutanymyz şol jaýlaryň biriniň öňünde aýak çekip, gelnalyjy toý dessuryna syn edýär. Birnäçe asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bu ajaýyp hem-de özboluşly däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 
 

Bu ýerde milli Liderimizi täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalar garşylaýarlar hem-de olaryň öýünde hormatly myhman bolmagy haýyş edýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýüň içine girip, onuň otaglary we abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz oba maşgalasyny jaý toýy bilen gutlap, olaryň täze jaýdaky durmuşy bilen gyzyklandy. 

Uly we agzybir maşgalasynyň uly ýaşly nesiliniň wekilleri milli Liderimize özleriniň bilelikde uzak we durmuş ýoluny geçendikleri, emma şu günki ýaly bagtyýarlygy duýmandyklary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň olaryň durmuşyna şatlyk we bagt getirendigi barada gürrüň berdiler. 

Täze öý eýeleri milli Liderimize halk hakynda edýän ýadawsyz aladasy, häzirki döwrüň ähli amatlyklarynyň oba ýaşaýjylaryna hem elýeterli bolmagy üçin döredýän şertleri babatynda çuňňur hoşallygyny bildirdiler. Çagajyklar bolsa öz zehinlerini görkezmäge howlukdylar—olar tüýs ýürekden çykýan ylham bilen şu günki şatlykly günde olaryň maşgalasyna myhmançylyga gelen döwlet Baştutanymyza we Watanymyza bagyşlanan goşgulary okap berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz täze öýüň eýeleri bilen hoşlaşyp, döwletimiziň obalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça maksada laýyk çäreleri görjekdigini nygtady hem-de olara bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli milli Liderimiz täze öýe göçüp baranlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. 

Döwlet Baştutanymyz gazak maşgalasynyň göçüp baran täze öýünde hem myhman boldy. Bu maşgala milli gazak däp-dessurlaryna laýyklykda jaý toýuny tutýardy. Maşgala agzalary hormatly Prezidentimizi mähirli garşylap, oba adamlarynyň, dürli milletleriň wekilleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Häzirki wagtda oba ýaşaýjylary ähli oňaýlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak we çagalaryny terbiýelemek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe boldular. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň agzybir we jebis halkynyň abadançylygynyň hemişe-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny nygtady. Şunda raýatlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ähli milletleriň wekilleriniň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Ähli türkmenistanlylaryň ýaşaýan künjekleriniň amatly gurşawyny emele getirmäge, ilatly nokatlaryň toplumlaýyn, deňeçer ösdürilmegine gönükdirilen täze şähergurluşyk iş tejribesinde öz beýanyny tapýar. 

Şoňa görä-de, ýakyn ýyllarda Türkmenistan durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň gerimini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu ulgamda il-ýurt bähbitli we giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz täze şähergurluşyk maksatnamasyny öňe sürüp, ýurdumyzyň her bir raýatyny gurşap alan ýaşaýyş giňişligini döwrebaplaşdyrmak we sazlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilmegini onuň esasy maksatlary hökmünde kesgitledi. 

Hormatly Prezidentimiziň adyndan bu öýe göçüp gelen maşgala hem sowgatlar gowşuryldy. 

Soňra milli Liderimiz çagalar bagynyň binasyna tarap ugrady. 

Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde obanyň körpe ýaşaýjylary şadyýan aýdymlary hem-de goşgulary, joşgunly tanslar bilen garşyladylar. 

Döwlet Baştutanymyz çagalar bagynyň otaglaryny gözden geçirip, bu ýerde körpeler üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşýar. Milli Liderimiz bilen duşuşyga örän şatlanan körpeler öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy özleşdiren bilimleri hem kompýuterde işlemek başarnyklary, goşgy okaýyşlary, çagalara niýetlenen sahna oýunlaryndan bölekleri görkezmek, şadyýan aýdymlary ýerine ýetirmek hem-de tans etmek bilen begendirdiler. Milli Liderimiz çagalar bilen söhbetdeş bolup, olara sowgatlary gowşurdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar zaman obasynyň açylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. 

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek gutlap, ýaşaýyş jaý gurluşygynyň, ulag düzümini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, kiçi telekeçiligi, oba hojalygyny ösdürmegiň obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Welaýatlaryň senagat taýdan ösmegini, olaryň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagy üpjün edýän täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny işjeň durmuşa geçirmek möhümdir. 

Durmuş ulgamyny abadanlaşdyrmak, kiçi telekeçiligi ösdürmek, täze özboluşly taslamalary ilerletmek boýunça täze başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi köp babatda ýerli häkimiýet edaralarynyň işine, oba ýaşaýjylarynyň özleriniň işjeňligine, olaryň jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklaryna baglydyr. Döwlet Baştutanymyz hut şuňa çagyrmak bilen, innnowasiýalar — bu diňe bir tehnologiýalar we usullar däl, eýsem täzeçe we döredijilikli pikirlenmekdir diýip belleýär. 

Oba maksatnamasynyň esasy aýratynlygy onuň toplumlaýyn we bitewi häsiýete eýe bolmagy bilen baglydyr. Onda ähli düzgünler wezipeler özara baglanyşyklydyr, şoňa görä-de, olar wajyplygynyň derejesi boýunça bölünmeýär, ýöne bilelikde sebitler üçin şähergurluşyk filosofiýasynyň esasyny düzýär. Çünki, diňe öý gurmak, oňa suw, gaz, elektrik toguny çekmek ýeterlik däldir... Saglygy goramak, bilim almak, durmuş taýdan goldamak, medeni islegleri kanagatlandyrmak boýunça ýokary hilli hyzmatlar her bir raýata elýeterli bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Munuň özi ähli ilatly ýerleri döwrebap inženerçilik düzümi, aragatnaşyk hyzmaty, oňat ýollar bilen üpjün etmegi hem aňladýar. Uly ýa-da kiçi şäherçede, şäherde ýaşaýandygyna garamazdan, adamlar öýlerinden çykyp, özleriniň daşynda has oňaýly we owadan gurşawy görmelidir. 

Ýaşaýşyň hili — bu ekologiýa abadançylygy we azyk bolçulygydyr, netijeli işlemek hem-de göwnejaý dynç almak üçin oňat şertlerdir. Şu maksat bilen ýurdumyzda şäherlerimizi we obalarymyzy, olara ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy, serişdeler hem-de energiýany tygşytlaýan tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze gaýtadan işleýän önümçilikler we söwda açylýar, medeni dynç alyş we sport merkezleriniň işi, döredijilik hem-de innowasion işjeňlik höweslendirilýär. 

Milli Liderimiz bu döwrebap obada bolmagynyň barşynda ajaýyp seýilgäh zolagy üçin göz öňünde tutulan ýere barýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ilkinji ýaş agaç nahalyny oturdyp, geljekki ajaýyp seýilgähiň döredilmegine badalga berdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi hem bag ekmek çäresine goşuldylar. 

Hormatly Prezidentimiz bu çärä gatnaşanlaryň ählisine we täze öýlere göçüp baranlara ýene-de bir gezek berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu gün Hytaýyň “СNPС” milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi. 

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň türkmen obasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek babatda başyny başlan strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim ädildi. Şol strategiýa bolsa durmuş we ykdysady ösüş meselelerini çözmäge innowasion, toplumlaýyn hem-de sazlaşykly çemeleşmä esaslanýar. 

Bary-ýogy bir aýa golaý wagt mundan ozal şeýle dabaralar Daşoguz welaýatynda hem geçirildi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze Bagtyýar zaman obasy açyldy. Döwletimiz munuň üçin ägirt uly serişdeleri goýberip, obanyň ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagy, bu ýerde täze düşewüntli önümçilikleriň peýda bolmagy hem-de ýokary hünärli işgärleriň obalarda işlemek üçin uly höwes bilen galmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösmegi üçin netijeli çäreleri görýär. 

Şäher düzümi hem döwrebaplaşdyrylýar, onda durmuş ulgamy tutuş ýaşaýşyň özeni hökmünde berkidilýär. Düýn Türkmenabatda saglygy goraýyş işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň hut özi bu toplumyň gurluşygyna badalga berdi. Onuň taslamasy köp öýli jaýlardan başga-da, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ýaşaýyş-durmuş hyzmatlarynyň ulgamynyň döredilmegini birleşdirýär. 

Mundan başga-da, täze gurluşyk bina edilýän köpugurly welaýat hassahanasynyň golaýynda ýerleşýär. Munuň özi hem durmuş meselesini oýlanyşykly çözmegiň möhüm pursatlarynyň biridir. Şu ýagdaýda saglygy goraýyş ulgamynyň iri edarasynyň golaýynda guruljak ýaşaýyş toplumy ýaş hünärmenleriň iş ýerini saýlap almak babatda artykmaçlyk bolup hyzmat eder. 

Sebitlerde toplumlaýyn innowasion syýasatynyň we ony durmuşa geçirmegiň anyk gurallarynyň kemala getirilmegi welaýatlaryň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, Türkmenistanyň durnukly ykdysadyýetli kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen umumydöwlet dolandyryş strategiýasyny kämilleşdirmek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berer. 

Milli senagat syýasaty hem hut şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan täze desgalar hem ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer. Olaryň biri Türkmenabadyň himiýa zawodynda işe girizilen, 500 müň tonna kükürt kislotasyny çykarmaga niýetlenen önümçilik toplumydyr. Beýleki iş girizilen desga bolsa Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapda gurlan “Watan” döwlet elektrik stansiýasydyr. Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksporta iberilýän möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döreder. “Watan” elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Lebap welaýaty üçin dürli ulgamlarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek nukdaý nazaryndan hem wajypdyr. 

Häzirki döwürde täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ýörelgelerinden ruhlanan halkymyz mähriban topragymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan we gün-günden giň gerime hem-de ýokary depgine eýe bolýan bu ägirt uly işiň netijelerine buýsanýar. 

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykbalçözüji we düýpli özgertmeleriniň ýolunda ädilen anyk ädimlerdir. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa eziz Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ähli raýatlar, halkymyzyň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin iň amatly şertler döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi