«Türkmengurluşyk — 2016» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Sizi «Türkmengurluşyk—2016» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň köpugurly halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly binýadyny emele getirmek maksady bilen gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Olaryň hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň tutýan orny yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa olaryň bu ugurdaky taslamalary dünýä ölçeglerine laýyklykda durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplaýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem ýurdumyzda hususy kärhanalara gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek babatda halkara bäsleşiklerine gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. 

Şoňa görä-de, häzirki döwürde hususy kärhanalar tarapyndan ýerli çig mallardan zerur bolan gurluşyk we timarlaýyş materiallarynyň öndürilmegi netijesinde, içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. 

Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda işjeň peýdalanylýan döwrebap tehnologiýalar gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini düýpgöter özgertmäge ýardam etdi. Şu döwürde diňe bir ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyzda däl, eýsem, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde hem durmuş maksatly döwrebap binalaryň gurluşyklary güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Munuň özi eziz Diýarymyzyň gülläp ösýändigini we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny aňladýar. 

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar!
 
 

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gurulýan kuwwatly önümçilik desgalary ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň maddy binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de gurluşyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Sebäbi gurluşyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň bu sergä uly gyzyklanma bildirmegi hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda köp mümkinçiliklere eýedigini görkezýär. Şoňa görä-de, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda guralýan bu sergä dünýäniň onlarça döwletinden kompaniýalar we firmalar gatnaşýar. 

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy doly möçberde hem-de netijeli peýdalanmak boýunça iri möçberli senagat taslamalary amala aşyrylýar. Bu halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşiniň uly geljegini nazara alyp, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada özara pikir alşarlar diýip hasap edýärin. 

Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işine gatnaşýan milli hünärmenleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň özara tejribe alyşmagynda we geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Aşgabat şäherinde guralýan serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna we onuň özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. 

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly dostlar! 

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmengurluşyk—2016» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow