“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy türkmen işewürleriniň güýçleri bilen ösdüriler

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan jemi 66 sany iki gatly kottej görnüşli öýleri, suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalary, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumlaryny gurmak teklip edilýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin oňaýly bähbitlere eýe bolan ykdysadyýetiň pudagy hökmünde syýahatçylygyň ilatyň girdejileriniň we iş bilen meşgul bolmagynyň uly çeşmesine öwrülmelidigini belledi.