"Awaza" şypahana zolagynda Söwda toplumynyň gurluşygy dowam edýär

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygyň nonatdaky tapgyry dowam edýär. Gurulýan desgalaryň hatarynda üç gatly söwda merkezini görkezmek bolar, onuň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

 

Söwda toplumy deňiz şypahanasynyň demirgazyk böleginde, "Balkan", "Lebap", "Daşoguz" sagaldyş merkezleriniň we beýleki hereket edýän bejeriş-şypahana desgalarynyň sektorynda ýerleşýär. Onuň gurluşygy üçin 40 müň inedördül metr ýer bölnüp berildi, onuň 6 müň inedördül metre golaý meýdanynda jaýlar we desgalar gurlar. Agaç ekilen ýeriň meýdany 15 müň inedördül metre, ýol örtüginiňki -  19 müň inedördül metre deň bolar.

 Söwda merkeziniň binasy iki ýarym müň metrden gowrak meýdany eýeleýär. Ol iki blokdan - üç gatly "A" blokdan we bir gatly ýokary potolokly "B" blokdan ybaratdyr. Üç gatly blokdaky peýdaly meýdanlar söwda meýdançalary we göwün açyş jaýlary üçin niýetlenendir. Birinji gatda aýakgap, mata, taýýar köýnekleriň, sport geýimleriniň, sowgatlaryň, ykjam telefonlaryň, plýaž we syýahatçylyk esbaplarynyň, bezeg şaýlarynyň, parfýumeriýa, zergärçilik, haly we beýleki önümleriň dükanlary ýerleşer. «А» blogyň ýokarky gatlarynda 160 orunlyk restoran, barlar, kafeler, internet-kafe, bilýard oýnalýan zal, stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin meýdança we çagalar üçin oýun zaly ýerleşer.

Üç gatly blogyň merkezi girelgesi Awazanyň kenaryndaky awtoulag ýoluna bakýar. Söwda toplumynyň şu tarapynda mermer örtmek we fasadyň witražlaryny aýnalamak işleri alnyp 

barylýar. Içinde potologynyň beýikligi 16 metre golaý bolan giň holl-atriumyň ababanlaşdyrylmasyna başlandy. Atrium üçin potolok bolup holluň tebigy ýagtylandyryşy we ýelejiredişi üçin süýşýän aýnalanan proýomly fonarly gümmez hyzmat edýär. Ýakyn wagtda eskalatorlaryň, liftleriň gurnalmasy başlanar.

Holl göni geçýän geçelge arkaly bir gatly "B" blok - söwda merkeziniň supermarketi bilen birleşdirilendir. Bu beýikligi alty ýarym metre deň bolan bitewi zal üsti ýapyk gündogar bazaryna öwrüler. Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalar boýunça miweleriň, gök we bakja önümleriň, konditer, gastronomik we aşhanaçylyk önümleriniň söwdasy ýaýbaňlandyrylar.

Söwda merkeziniň jaýyna ýanaşyk duran territoriýada üsti ýapyk awtoduralga ýerleşer. "Ýaşyl guşagy" döretmek we dynç almak üçin tomusky bassyrmalary, çagalar üçin oýun meýdançasyny, karuseli, elektromobilli çagalar awtodromyny gurmak üçin meýdançalary bölmek işi alnyp barylýar.