Çagalar sagaldyş merkezi gurulýar

Mary etrabynyň gözel künjeginde, Türkmen ýoly geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Sagaldyş merkezini Mary welaýatynyň Häkimligi bilen baglaşylan şertnama boýunça "Oguz ýol" hojalyk jemgyýeti bina edýär. Onuň gurluşygyny 2015-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Gurluşykçylary binýatlary belgilemäge we binýat çukurlarynyň düýbüni tutmaga girişdiler.

Tutuş toplum, şol sanda sagaldyş merkeziniň kadaly işini üpjün edýän desgalar bäş gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Şunda territoriýanyň ýarysyndan gowra gyny agaç ekilen ýaşyl zolaklar tutýar. Sagaldyş merkeziniň ak mermerli üç gatly binasy ganatlaryny giňden ýaýan ägirt uly guşy ýatladar. Sagaldyş merkeziniň her gatynyň peýdaly meýdany üç müň indedördül metr töweregi bolar. Bu ýerde ýokary amatlykly ýatakhanalar, giň naharhana, kinoteatr ýerleşer. Köpçülikleýin çäreler, duşuşyklar, konsertler amfiteatrda geçiriler, oýun oýnamaga niýetlenen medeni merkez, internete birikdirilen kompýuter otaglary göz öňünde tutulandyr. Otaglaryň birnäçesi gyzyklanmalar boýunça gurnaklara niýetlenendir. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar öz zehinlerini saz studiýasynda, sergi galereýasynda, fotolaboratoriýada, şeýle hem halk çeper senetçiliginiň amaly sapaklarynda ösdürip bilerler. Sport bilen meşgullanmak we hereketli oýunlar üçin meýdançalar, akwapark we ýüzüş basseýni göz öňünde tutulandyr.

Häzirki wagtda Murgap jülgesinde çagalar sagaldyş merkezleriniň ulgamy işleýär, bu ýerlerde tomus dynç alyş günleriniň dowamynda müňlerçe okuwçylar dynç alýarlar. Has iri ÇSM- "Gunça", ol Marynyň günorta tarapynda Garagum derýasynyň kenarynda ýerleşýär, bu sagaldyş merkezi her çalşykda çagalaryň ýüz elliden gowragynyň talabalaýyk dynç almagyny üpjün edýär. Seýilgäh zolagynyň gür saýalygynda jaýlar, oýun, sport meýdançalary, basseýnler göz öňünde tutulypdyr.