Türkmenistanyň paýtagtynyň täze gurluşyklarynyň möçberi – ýurduň ykdysady kuwwatynyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, soňky ýyllarda ähli sebitleri, ilkinji nobatda bolsa, ýurdumyzyň baş şäherini gurşap alan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy täze möhüm tapgyra gadam goýdy. 

Muňa ýakynda amala aşyrylan iş sapary aýdyň şaýatlyk etdi. Onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyz dikuçaryň üstünden Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy, şeýle hem durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalaryň taslamalaryna garady. Olaryň gurluşyklary türkmen paýtagtynyň dürli künjeklerinde ýakyn wagtda badalga alar. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygyny başlamagy, şeýle hem 15-nji tapgyryň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň özboluşly ýüzüne öwrülen Aşgabady ösdürmegiň yzygiderli we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýän maksatnamalarynyň öňe ilerleýşiniň barşynyň dünýä jemgyýetçiliginiň hemişe üns merkezinde durýandygyny bellemek gerek. Muňa Internet maglumatlar ulgamynda dessine peýda bolan daşary ýurtlaryň elektron görnüşdäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly teswirlemeleri we habarlary şaýatlyk edýär. 

Iri sebitleýin neşirleriň we halkara habarlar agentliginiň birnäçesi, şol sanda CA NEWS, easttime.ru, BelTA belarus habarlar agentligi we beýlekiler türkmen Lideriniň “Gurluşyga taýýarlanylan mahaly ýurduň ähli sebitlerinde raýatlaryň isleglerini nazarda tutmak zerurdyr”, “Täze gurluşyklar sazlaşykly utgaşmalydyr we ýurduň paýtagty Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gowulandyrmalydyr” diýen sözlerine salgylandylar. Şunda, umuman, ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyklaryň ägirt uly gerimini nygtap, garaşsyz bilermenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ynamly alnyp barylýan durmuş syýasatynyň şäherlerde bolşy ýaly, obalarda hem türkmenistanlylaryň ýaşaýyş durmuşynyň iň ýokary ülňülerini üpjün etmäge tutuşlygyna gönükdirilendigi babatda bir pikirde boldular. 

Bina edilýän köp dürli ähmiýetli desgalar barada gürrüň berip, daşary ýurtly žurnalistleriň köpüsi türkmen paýtagtynyň ak mermer bilen örtülen binalaryň dünýäde iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmeginiň Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini kämilleşdirmek boýunça türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan iri möçberli işleriniň ykrar edilmegi ýaly hakykata hem ünsi çekdiler. 

Gymmat bahaly, ýokary hilli şeýle täsir galdyryjy köp möçberli gurluşyklar adamyň bagty we abadançylygy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleriniň derejesine çykarylan ýurt bolan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň we baýlygynyň ýene-de bir tassyknamasydyr. 

Ýurdumyzyň baş şäherini gurmagyň 12-nji we 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde güýçli depginlerde alnyp barylýan gurluşyklar ýaňky sözleriň ajaýyp mysaly bolup durýar. Şol gurluşyklarda dolandyryş we durmuş-medeni ähmiýetli täze desgalary, şeýle hem ýokary amatlykly köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek göz öňünde tutulýar. 

Ýaşaýjylara amatly bolmagy üçin hemme şertleriň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Ine, 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň birinji gatlarynda azyk we senagat harytlarynyň dükanlaryny, şeýle hem durmuş ähmiýetli beýleki desgalary – restoranlary we kafeleri, çagalar iýmiti naharhanasyny, lukmançylyk nokatlaryny we dermanhanalaryny, gözellik otaglaryny we dellekhanalary, himiki usulda arassalaýyş öýlerini, durmuş tehnikalaryny bejermek boýunça ussahanalary açmaklyk meýilleşdirilýär. Şeýle hem taslamalarda orta mekdepleri we çagalar baglaryny gurmaklyk göz öňünde tutulandyr. 

Taslamalaryň köpüsiniň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine girýän hususy gurluşyk kompaniýalaryna ynanylandygy bellärliklidir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna Watanymyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşmagynyň özi milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň okgunly ösüşini, onuň mümkinçilikleriniň has doly açylmagy we peýdalanylmagy üçin döwlet tarapyndan hemme şertleriň döredilýändigini aňladýar. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz gurluşyk meýdançalarynyň üstünden uçuşy amala aşyryp, olaryň töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylmagynyň, hemme zerur bolan inžener-tehniki düzümleriň döredilmeginiň, çagalar we sport meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, sportuň dürli görnüşleriniň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginiň, türkmenistanlylaryň sagdyn, beden taýdan berk ýaş nesilleriniň terbiýelenmeginiň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň eýeriji we onuň wagyzçysy bolan durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny ýatlamak ýerliklidir. 

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň hemme sebitlerinde gurulan we bina edilýän iri möçberli sport desgalary bu öňdengörüjilikli, eýýäm anyk miweleri berýän strategiýanyň netijeleridir. Gurulýan şol sport ähmiýetli desgalaryň hatarynda Aşgabatda bina edilýän Olimpiýa şäherçesi aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu täsin sport toplumynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň geçiriljekdigini ýatlamak ýerliklidir. Bu ýaryşlary Türkmenistanyň paýtagty 2017-nji ýylda kabul eder. 

Şeýlelik bilen, sebitdäki dünýä derejesindäki iri sport desgalarynyň toplumy sportuň dürli görnüşleri boýunça diňe bir halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülmän, eýsem türkmen türgenleri hem-de milli olimpiýa rezerwlerini terbiýelemek üçin köptaraply türgenleşik binýadyna hem öwrüler. 

Sebitdäki iri Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň gurluşygyndan başga-da, häzirki wagtda türkmen paýtagtynyň günbatar böleginde seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şäherlileriň dynç almagy üçin iň gowy ýerlere öwrülýän, ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän seýilgähleri okgunly ösýän paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretjekdigi hem-de baky juwan Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbine täsin öwüşgin çaýjakdygy şübhesizdir. 

Özüniň gerimi boýunça haýran galdyrýan bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň başyny başlan milli Liderimiz paýtagtymyzyň her bir künjeginde ýaşaýyş jaý toplumlary we dürli maksatly desgalary gurmak bilen birlikde, ýaşyl zolaklary hem döretmegiň wajypdygyny nygtaýar. Bularyň ählisi ilatymyz üçin has oňaýly şertleri döredýär. 

Aşgabadyň toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýol-ulag düzüminiň hem döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi islendik şäheriň doly derejeli durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. 

Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde halkara awtoulag menzilini we Aşgabadyň täze Halkara howa menzilini gurmak boýunça alnyp barylýan işlere syn edilendigini ýatladýarys. Bu desgalar türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň ulaglar arkaly gatnamagy üçin amatly şertleri döretmek bilen birlikde ulag gatnawlarynyň akymyny, şol sanda ýükleriň daşalyşyny hem-de ýolagçylaryň gatnadylyşyny artdyrmaga ýardam eder. 

Taslama laýyklykda, gije-gündiziň dowamynda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen halkara awtoulag menziliniň düzümine myhmanhana, sürüjiler hem beýleki işgärler üçin gulluk otaglary, tomusky garbanyşhana hem girer. 

Täze awtoulag menzilinden öňden bar bolan we täze halkara ugurlar boýunça gatnawlar amala aşyrylar, şeýle hem göni halkara awtobus gatnawlary, şol sanda Eýrana, Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä, Owganystana gatnawlar amala aşyrylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň eteklerini synlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde bolşy ýayl, täze obalarynda hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol ugurlaryň esasylarynyň biridir. 

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde toplumlaýyn innowasion ösüşe, ýokary amatlyklara, raýatlarymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. 

Ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak ýa-da gurmak üçin uzak möhletleýin ýeňillikli karzlary bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmegi baradaky çözgüt hem şu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiziň golaýda kabul eden ýörite Kararynda berkidildi. Milli Liderimiziň raýatlygymyz baradaky hemmetaraplaýyn aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen bu möhüm başlangyç ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden daşda uly seslenmä eýe boldy. Daşary ýurtlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda amala aşyrylan özgertmelere uly gyzyklanma bildirilýändigini hem bellemelidiris. 

Bu babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtamalydyrys. Onuň çäklerinde soňky ýyllarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu maksatnamada zerur bolan durmuş düzüminiň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün edýär. Taslamalary ýerine ýetirijilere – gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplar adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ilatymyz üçin ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. 

Milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar bilen tanşyp, “Aşgabat” köpugurly stadionynyň golaýynda gurulmagy göz öňünde tutulýan geljekki tennis meýdançalarynyň taslamalaryna aýratyn üns berdi. Bu sport meýdançalary stadion bilen bitewi binagärlik toplumyny emele getirer. 

Täze möhüm sport desgalarynyň gurluşygynyň makullanylmagyna milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan köpugurly işlerdäki nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha bermek bolar. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine ilatymyz, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlar giňden çekilýär. 

Ozal habar berlişi ýaly, tanyşdyryşyň barşynda döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň taslamalary hem hödürlenildi. 

Milli Liderimiz taslamalary gözden geçirip, täze desgalaryň keşbinde täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhy beýan edilmelidir, olar özleriniň owadanlygy bilen görenleri haýran galdyrmalydyr hem-de bu desgalarda ähli amatlyklar göz öňünde tutulmalydyr diýip nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyzyň talap etmegi bilen gurluşyk meýdançalarynyň ählisinde diňe ýokary hilli döwrebap gurluşyk materiallary ulanylar. Munuň özi häzirki wagtda gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalara, şol sanda paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji we 15-nji tapgyrlarynyň çäklerinde guruljak binalara hem degişlidir. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň paýtagtyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrlary Aşgabadyň täze ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwaty aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy (TDH)