TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BALKAN WELAÝATYNDA TÄZE DESGALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Balkanabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün şanly senäniň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň öň ýanynda Balkanabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýat kitaphanasynyň we köpugurly söwda bazarynyň, Jebel şäherçesinde bolsa bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhananyň açylyş dabaralary boldy.

Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi – eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, milletiň baý ruhy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak üçin ähli şertleri döretmäge ýardam edýän oňyn giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Irden döwlet Baştutanymyzyň uçary Balkanabat şäheriniň howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar. Döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp türkmen aýdym-sazlary, milli tanslar ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy howa menzilinden çykyp, Balkanabadyň merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde Balkan welaýat kitaphanasynyň täze binasy ýerleşýär. Bu gün şäher gözel  keşbe eýe bolup,  döwlet Baştutanymyzy ýoluň ugrunda köpsanly ýaşlar, ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary we myhmanlary mähirli mübärekleýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Balkanabat şäheriniň binagärlik keşbi gözümiziň alnynda  okgunly özgerip, giň köçeleri we şaýollary, saýaly seýilgähleri bolan döwrebap şähere öwrülýär. Türkmen topragynyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkezleriniň, sport desgalarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygy çalt depginlerde dowam edýär.

 Soňky ýyllarda gurlan täze binalaryň hatarynda täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi -- “Ene mähri” we anyklaýyş merkezi, ajaýyp drama teatry, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, “Bagt köşgi”, Balkan welaýat häkimliginiň täze edara binasy, kuwwatly gaz turbinaly elektrik beketi, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony we aýlawly atçylyk sport toplumy bolan sport şäherjigi we beýlekiler bar.

Ine, bu gün bolsa nobatdaky binagärlik açylyşy boldy. Merkezi medeni we dynç alyş seýilgähiniň golaýynda bina edilen kitaphananyň özboluşly jaýy şäheriň binalar toplumyna sazlaşykly goşulyp, Balkanyň dolandyryş merkeziniň ajaýyp gözellikleriniň birine öwrüldi.

Bu ýerde uly baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Döwlet Baştutanymyza dabaraly çärä gatnaşyjylar we myhmanlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olaryň hatarynda milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri bar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy dürli reňkli toý baglary, baýdaklar, howa şarlary bilen bezelen kitaphananyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdança gelip saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar, il sylagly ýaşulular duz-çörek hödür edýärler.   Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli başlangyçlarynda täze üstünlikler, şeýle hem eziz Watanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, ýaşulular bilen gürrüňdeş boldy, olaryň ýaşaýyş-durmuşy,  gündelik aladalary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz  şu günler Balkan welaýatynda ençeme möhüm çäreleriň geçirilýändigini belläp, bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Dili senaly gojalar öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we türkmen halkynyň abadançylygyny berkitmäge gönükdirilen ýadawsyz tagallalary üçin welaýatyň ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Kitaphananyň öňündäki meýdançada artistler häzirki döwrüň belent ruhuna beslenen edebi-çeper çykyşlary ýerine ýetirip, türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleriniň we akyldarlarynyň keşplerini janlandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara üçin ýörite taýýarlanan münbere çykýar. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün gadymy Balkan topragynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesini –welaýat kitaphanasynyň täze binasyny, köpugurly söwda bazaryny, Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan hem-de Ýod önümçilik kärhanalaryny dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip belledi.

 Medeniýete we sungata, ylma we bilime uly sarpa goýýan mähriban halkymyz kitaplary bahasyna ýetip bolmajak uly gymmatlyk we mukaddes hazyna hasaplapdyr, olary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Taryhy müňýyllyklara uzap gidýän merdana halkymyz baý hazynaly kitaphanalary we medeni merkezleri döredipdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşen, gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllykdan alyp gaýdýan Dehistan şäheri öz döwrüniň medeni ojaklarynyň biri bolupdyr. Welaýatyň häzirki Esenguly we Etrek sebitlerini öz içine alan bu şäher biziň eýýamymyzyň 14–15-nji asyrlaryna çenli pajarlap ösüpdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Dehistan özüniň baý hazynaly kitaphanalary bilen şöhratlanypdyr. Şol döwürde meşhur alymlar bu ýerde düýpli ylmy-barlag we terjimeçilik işlerini alyp barypdyrlar. Meşhur ýazyjylar, şahyrlar we beýleki höwesjeň adamlar alys ýurtlardan gelip, uzak wagtlap şol kitaphanalarda dürli mazmunly kitaplary okapdyrlar. Köpçüligiň gelim-gidimli ýeri bolan bu medeni ojaklar ylmyň we bilimiň ösmegine, adamlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine örän uly täsir edipdir.

Häzirki döwürde biz halkymyzyň taryhynda uly yz galdyran ylmy we medeni merkezleri gaýtadan dikeldýäris. Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy golýazmalary we kitaplary dikeltmek, aýawly saklamak hem-de giň okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynda döwrebap kitaphanalar yzygiderli gurulýar. Bu kitaphanalaryň hazynalarynda gyzyla gaplaýmaly kitaplaryň millionlarçasy ýerleşýär. Häzirki zamanyň ýokary hilli neşir önümleri bilen olaryň üsti ýetirilip durulýar. Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, biz gadymy Balkan topragynda welaýat kitaphanasynyň täze binasyny açyp, ulanmaga berýäris.

Umumy bahasy 78 million 375 müň manat bolan ýedi gatdan ybarat bu ajaýyp kitaphananyň gurluşygy Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň hususy telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy diýip, milli Liderimiz aýratyn belledi.  Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen bu kitaphana 600 okyja niýetlenendir. Bu ýerde bir milliondan gowrak kitaby we beýleki neşir önümlerini talaba laýyk saklamak hem-de giň okyjylar köpçüligine hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Kitaphananyň ajaýyp binasynda bäş sany okalga zaly, 125 orunlyk mejlisler zaly, Internet we kompýuter otaglary ýerleşýär. Bu döwrebap kitaphananyň iň ýokarky – ýedinji gatynda älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskop hem ýerleşdirildi. Bu teleskopyň kömegi bilen asman jisimlerini synlamak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Описание: http://construction.gov.tm/sites/default/files/071014-1_0.jpgBiz şu gün Balkanabat şäherinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan köpugurly söwda bazaryny hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.  Umumy bahasy 89 million manat bolan bazar 35 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde 120 sany dükan, 500-den gowrak söwda bölümi işlär.

Bu köpugurly söwda bazarynda gök-bakja we miwe, et-süýt we balyk önümleriniň, egin-eşik, dokma hem-de senetçilik önümleriniň, awtoulag we gurluşyk harytlarynyň söwdasyny edýän bölümler, şeýle hem beýleki bölümler bar. Bu bazarda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilen dürli harytlar alyjylara elýeterli bahalardan hödürlener we ilata ýokary hilli hyzmat ediler.

Şeýle hem, biz şu gün Jebel şäherçesinde Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanany dabaraly açyp, ulanmaga bereris. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan bu kärhana Türkiýäniň we Italiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Umumy bahasy 10 million amerikan dollary bolan döwrebap kärhana her ýylda adamlaryň saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan 300 müň gap bejeriş palçygyny we 100 müň gap deňiz duzuny öndürer. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolan bu önümler sowuklama we deri keselleriniň öňüni almakda hem-de olary bejermekde, bedeniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrmakda giňden ulanylýar.

Biz şu gün welaýatyň Bereket etrabynda Ýod önümçilik kärhanasyny hem açyp, ulanmaga bereris. Umumy bahasy 22 million amerikan dollary bolan bu kärhanada ýylda 300 million 500 müň gap ýod öndüriler.

Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, Jebel şäherçesinde ýerleşýän Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanany, şeýle hem Bereket etrabyndaky Ýod önümçilik kärhanasyny Türkiýäniň «Efor Inşaat» kompaniýasy gurdy. Täze desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi welaýatyň ykdysadyýetiniň has-da ösmegine ýardam eder. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen jemi 400-e golaý täze iş orunlary dörär. Bu bolsa, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna düýpli itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni jemläp,  Balkan welaýatynyň ähli ilatyny ýetip gelýän şanly sene – berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramy, şeýle hem welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň çykyşy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we kitaphananyň giň we ýagty eýwanyna girýär.

Milli ruhy-medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we artdyrmak milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Bu syýasat türkmen jemgyýetiniň rowaçlygyny gazanmaga, onuň ruhy we intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň gurluşykçylary --   “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze ýedi gatly kitaphana hem günbatar welaýatyň iri medeni we ylmy merkezine öwrüler. Onuň binagärlik keşbinde milli gurluşygyň we döwrebap nusgawy binagärligiň alamatlary sazlaşykly utgaşýar. Beýikligi 45 metre ýetýän ajaýyp bina alyslardan seleňläp görünýär. Binanyň ýüz tarapy ýer togalagynyň ýarym aýlawynda ýerleşen bilimler çeşmesi – açyk kitap görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Baş girelgäniň öňünde ýaşyl öwüsýän aşaç nahallary oturdylan, özboluşly çyralaryň dürli reňkleriniň öwüşgünini çaýýan çüwdürimler gurlan seýilgäh açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphananyň eýwanynda hünärmen bilen söhbetdeş bolup, elektron sanawda zerur bolan maglumatlary gözläp tapmak we elektron kitaplaryny okamak üçin niýetlenen döwrebap elektron enjamlarynyň işi bilen tanyşýar. Bu ýerde şeýle hem okyjlara elektron kart berilýär.

Описание: http://construction.gov.tm/sites/default/files/071014-4.jpgBinanyň taslamasyny düzenler we gurluşykçylar onuň diňe bezelişine däl-de, eýsem bu ajaýyp medeni ojagyň tehniki taraplaryna hem üns berdiler. Binanyň birinji gatynda 70 orunlyk 4 sany umumy okalga zaly, 30 orunlyk enjamlaşdyrylan kompýuter zaly, çagalar üçin oýun otagy, dürli iş otaglary we bölümleri ýerleşdirildi. Bu gatda ýaşulular üçin aýratyn okalga zaly bolup, ol milli nusgada bezeldi. 

Hormatly Prezidentimiz okalga zallarynyň birini synlap, “Miras” otagyna barýar. Bu ýerde nusgawy milli edebiýatyň eserleri, onuň altyn gaznasy – Magtumgulynyň, Azadynyň, beýleki şahyrlaryň we edebiýatçylaryň kitaplary saklanýar. Diwarlarda beýik nusgawy  şahyrlaryň suratlary, belli ugurlara degişli suratlar goýlupdyr.

Şanly waka mynasybetli welaýatyň dürli etraplaryndan Balkanabat şäherine gelen zenanlar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar. Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň saz we edebi mirasyny öwrenmek boýunça ýerlerde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan “küştdepdi” tansy baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Adatça bolşy ýaly, ol zenanlaryň milli Liderimiz üçin ýerine ýetiren aýdymy bilen utgaşyp gidýär.

Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan geljekde-de öz ýaşlarymyzyň, ösüp gelýän nesliň türkmen halkynyň edebi eserlerde beýan edilen  gymmatly ruhy mirasyny, taryhyny we medeniýetini öwrenmegine, olaryň esasynda terbiýelenmegine hem-de täze bilimlere bolan höwesi artdyrmaga,  milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmagyna aýratyn üns beriljekdigini  belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “elektron kitaphanasynyň” zalyna barýar. Bu ýerdäki işgär zenan döwlet Baştutanymyza kitaphana işinde ulanylýan döwrebap maglumat-kommunikasion tehnologiýalar barada gürrüň berýär.

Ýeri gelende aýtsak, kitaphananyň ähli okalga zallary we kitap saklanýan ýerleri döwrebap enjamlar, şol sanda maglumatlary gözlemek, hyzmat etmek hem-de  barlamak  boýunça kompýuterleşdirilen ulgam bilen üpjün edildi, iunuň özi okyjylara hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga, kitaplary bermegiň barşyny çaltlandyrmaga, gymmatly maglumatlaryň we golýazmalaryň aýawly saklanmagyna ýardam etmäge mümkinçilik döredýär. Kitaphanadaky göwnejaý enjamlar (kitap goýulýan tekjeler, kataloglar üçin şkaflar, okalga zallaryndaky we kitaphanaçylaryň iş orunlaryndaky enjamlary we ş.m.) kitap saklanýan ýerleri has tygşytly ulanmaga, kitaphanaçylaryň zähmet öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berip, okyjylaryň edebiýat bilen bagly işini ýeňilleşdirýär we önümçiligiň estetikasynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ikinji gata çykyp, “Türkmen kitabynyň taryhy” atly muzeýe baryp, bu ýerde ýerleşdirilen gymmatly kitaplary synlaýar. Bularyň arasynda Magtymguly Pyragynyň pars we arap dillerindäki daşbasma usulyndaky neşirleri bar, şeýle hem  Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwan lugat at-türk” atly meşhur kitaby – XI asyrdaky ajaýyp akyldaryň eseri ýerleşýär, häzirki wagtda türki dilleri, türki halklaryň folkloryny, taryhyny, etnografiýasyny we medeniýetini öwrenmek bilen baglylykda bu eser uly ähmiýete  eýedir. Şeýle hem bu ýerde özboluşly türkmen halk   döredijiligine degişli daşbasma usulynda çap edilen tekstler, hususan-da, “Ozoglan”, “Sopy Allaýar “ atly dessanlar we beýlekiler görkezilýär.

Milli Liderimiz täsin galdyrýan   eksponatlar bilen içgin tanşyp, golýazmalary, seýrek duşýan kitaplaryň, arhiwdäki resminamalaryň aýawly saklanmagynyň hem-de bulary türkmen halkynyň taryhyny we filosofiýasyny, dil bilimini we edebiýatyny, lukmançylygyny, sungatyny we binagärligini öwrenmek ugrundaky işlerde ulanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory A.Aşyrowa bu möhüm ugur boýunça welaýatlardaky kitaphanalara usuly kömegi we ylmy taýdan maslatlary bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow internet zalyna barýar, ol ýere ýaşlar ýygnanypdyr. Okyjylaryň biriniň gürrüň berşi ýaly, täze kitaphana onuň gözýetimini  giňeltmäge mümkinçilik berip, döwrebap ylmy neşirler bilen tanyşdyrýar.  

Döwlet Baştutanymyz talypdan onuň okuwlary, saýlap alan hünäri we işi bilen bagly bolan geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

Biziň halkymyz bilim almak, hünär edinmek ýaly durmuş ýörelgesine ençeme müňýyllyklaryň dowamynda eýerip geldi. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bilimleri durmuş üstünliginiň esasy diýip hasaplaýar.

Ylym we bilim -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatynyň  özenidir. Hut şonuň üçin biziň garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi biziň ýaşlarymyzyň näderejede bilimlidigine, zehinlidigine bagly bolup durýar. Siziň mukaddes borjuňyz size bildirilen ynamy ödemek bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mundan başga-da, kitaphananyň ikinji gatynda iki sany umumy okalga zaly we kitaplary elektron hem-de adaty kartoçka görnüşde hasaba almak üçin elektron katalogy bölümi bolup, onda kitaplar hakynda zerur bolan maglumatlary tapmak işi amala aşyrylýar. Üçünji gatda kiçi çaphana, fotolabarotoriýa, lingafon otagy we kitaplary sahaplamak üçin enjamlaşdyrylan otag bar. Dördünji we bäşinji gatlar kitaphananyň bölümleri we hünärmenleri üçin niýetlenen iş otaglary, şol sanda okuw we ylmy edebiýatlary, biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde neşir edilýän  beýleki kitaplar üçin ýörite otaglar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde şeýle hem maslahatlar zaly bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  binanyň altynjy gatyna çykyp, bu ýerde ýerleşdirilen obserwatoriýa bilen tanyşýar. Kitaphananyň bu gatynda açylyp-ýapylýan gümmez, Awstriýa Respublikasynda öndürilen teleskop enjamy oturdylan otag bolup, onuň kömegi bilen asman giňişligini synlamak mümkinçiligi döredilen. Milli Liderimiz diametri 0,8 metre deň bolan döwrebap optiki enjamyň tehniki ölçegleri bilen gyzyklanyp, onuň mümkinçiliklerini barlap gördi.

Döwlet Baştutanymyzyň  belleýşi ýaly, Türkmenistanda obserwatoriýalaryň sany artýar. Olaryň welaýatlaryň kitaphanalarynda ýerleşmeginiň bolsa aýratyn  manysy bar. Asman jisimlerini öwrenmek, astronomiki, geofiziki  barlaglary geçirmek dünýä ylmynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň öňdebaryjy gazananlary ýurdumyzyň hem ylym ulgamyna  ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen ylmy maslahatlaryň barşynda hünärmenleriň ylmy-barlaglaryň netijelerini alşyp bilmegi üçin olary  geçirmegiň maksada laýyklygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz binanyň birinji gatyna düşüp, dynç almak we çagalaryň ata-eneleriniň kitaphana gelen wagty körpeleriň wagtyny gyzykly geçirip bilmegi  üçin niýetlenen ýörite çagalar otagyna  baryp gördi. Bu ýerde körpeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk duýgusy bilen garşylap, milli Liderimize goşgy okamak ussatlyklaryny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow    çagalar bilen mähirli salamlaşyp, olara jan saglyk we şatlyk duýgularyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Balkan welaýat kitaphanasynyň täze binasyny gözden geçirenden soň, onuň baş eýwanyna bardy. Bu ýerde kitaphananyň işgärleri milli Liderimize milletiň ruhy mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak babatda edýän ählitaraplaýyn aladasy, kitaphana işini ösdürmäge berýän ünsi üçin çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar üçin  kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, täze kitaphananyň işgärlerine uly üstünlikleri, berk jan  saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, açylmagyna garaşýan nobatdaky desga: Balkan welaýatynda iri, merkezleşdirilen söwda toplumyna – köpugurly söwda bazaryna tarap ugraýar.

Dabara mynasybetli, bu ýerde irden ruhubelent ýagdaý höküm sürýär. Täze desga howa şarlary, dürli reňkdäki lentalar we baýdaklar bilen bezelipdir. Bu ýerde köp sanly şäherliler we baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy söwda toplumynyň esasy girelgesiniň ýanyna gelýär. Ýygnananlar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen öňden görüjilikli täze syýasaty ýöredýän milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet  Baştutanymyza ajaýyp gül deselerini gowşurýalar.

Sungat ussatlarynyň döredijilik topary özboluşly folklor äheňlerini, milli sungatyň öwüşginlerini we häzirki döwrüň täsirli keşplerini özünde jemleýän aýdymly we tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli görşüp, ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda, toý bagyny kesýär hem-de söwda merkezine girip, 35 gektar ýeri eýeleýän bu toplumyň keşbini synlaýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda haryt bolçulyyny üpjün etmek, içerki bazary zerur önümler bilen doldurmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ilatyň ulanýan harytlarynyň çykarylyşyny, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen birlikde, hyzmat etmek we söwda boýunça köp maýa goýumly taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabatda we welaýatlarda gurlan köp sanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, söwda degişli kämil enjamlar bilen üpjün edilip, ýurdumyzyň ilatyna we ýylsaýyn has köpelýän daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar.

Balkanabadyň köpugurly söwda bazary Balkan welaýatynyň häkimligiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Makul” hususy kärhana tarapyndan guruldy. Bu bazar binagärlik taýdan özboluşly çözgüt boýunça gurlup,  guş uçar belentlikden halynyň uly göli bolup görünýär. Bu ýerde satyjylar we alyjylar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi söwda toplumynyň aýratynlygy bolup durýar. Bazaryň ortasynda uly mahawat sütüni bar, şonda bar bolan söwda nokatlarynyň ýerleşýän ýerleri görkezilýär.

Toplumyň meýdany ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryna bölünip, olaryň her bir belli bir görnüşdäki, şol sanda ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan işlenip taýýarlanan harytlary satyn almak üçin niýetlenendir.  Umuman alanyňda, bu ýerde söwda dükanlarynyň 119-si we söwda orunlarynyň 880-si bar. Şeýle hem awtomobilleri, gurluşyk materiallaryny satmak boýunça  bazar ýerleşýär. Galyberse-de, gara mallary we dowarlary satmak üçin aýratyn ýer bölünip berildi. Toplumda täze barlag-ölçeg abzallary bilen üpjün edilen barlaghanalar hem bar.

Şeýle hem edara binasynda bankyň bölümi, lukmançylyk nokady üçin otaglar ýerleşýär. Toplumda durmuş we hojalyk maksatly jaýlar, konteýnerler üçin niýetlenen meýdançalar, onlarça ammarlar, çagalaryň oýnaýan meýdançalarynyň birnäçesi, restoran we dört sany kafe, myhmanhana,  awtomobiller üçin  500 orunlyk üsti açyk  duralgalaryň ikisi ýerleşýär. Toplumyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiligi döwrebap derejededir we seýilgäh zolaklary abadanlaşdyryldy.

Bazaryň ýanyndan Aşgabat-Türkmenbaşy awtoulagy ýoly geçýär. Ýakyn wagtda bu ýol dolulygyna döwrebaplaşdyrylyp, ýokary tizlikli gatnaw üçin niýetlenen döwrebap awtobana öwrüler. Täze toplumyň syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine-de söz ýok. Dünýäniň haýsy-da bolsa bir ýurduna barmagyň bu ýerdäki halkyň medeniýetini we durmuşyny öwrenmegiň amatly usuly bolup durýar, şoňa görä-de, şol ýurt Gündogarda ýerleşýän bolsa, bazarlara baryp görmegiň özi ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Çünki Gündogarda bazar diňe bir söwdany amala aşyrmak üçin niýetlenen ýörite ýer bolmak bilen çäklenmän, bu ýerde gadymy däp-dessurlaryň we täsin galdyrýan kämil, özboluşly aýratynlyklar saklanyp galýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumy gözden geçirip, bazaryň azyk önümlerini satmak üçin niýetlenen  merkezi pawilonyna girýär.  Bu ýerde bereketli türkmen topragynda ösýän hyýarlardyr pomidorlar, kelemdir turplar, şugundyrdyr kartoşka, süýji tagamly almalardyr armytlar, edil ýaňy ekinden ýygylyp getirilen gök otlardyr beýlekiler satylýar.Açyk-gyrmyzy narlar döwlet Baştutanymyzyň ünsüni özüne çekdi. Balkan welaýaty gadymy döwürlerden bäri örän süýji we saglyk üçin peýdaly  miweleri  bilen meşhurdyr. Beýik şahyrymyzy Magtymgulynyň adyny göterýän etrap şol önümleri bilen has-da meşhurdyr.

Täze bazaryň tekçelerindäki dürli görnüşli önümler ýurdumyzda azyk bolçulygyny aýdyň görkezýär. Onuň üpjün edilmegi  Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ynha, mysal üçin, çörek dükanynda mele myssyk nanlaryň dürli görnüşlerini satyn alyp bolýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bu işlere ýardam etdi. Bu ýerde çörek önümleriniň ähli görnüşleri diýen ýaly bar: süýji tagamly bulkalardyr petir çörekler, etli çörekdir gutaplaryň (etli, balykly, kömelekli, otly)  dürli görnüşleri gözüňi dokundyrýar. Bazarda satylýan düýe çaly bu dürli-dümen  azyk önümlerine aýratyn bezeg berýär. 

Ýeri gelende aýtsak, söwda toplumy gurlanda tomus paslynyň yssy howasyny nazara almak bilen, tiz zaýalanýan önümleri –eti, balygy, süýt önümlerini, şeýle hem zeýtun önümlerini, gök önümlerdir miweleri saklamak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi. Munuň üçin ýörite sowadyjy enjam göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde balyk önümleriniň hem dürli görnüşlerini – täze tutulan we doňdurylan balyklary, sowuk we gyzgyn görnüşde kakadylan balyklary, gaplanan balyklary satyn almak bolýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda gülçülik hemmetaraplaýyn ösüşe eýe  boldy. Bu hem tötänden däldir:  ýurdumyzda her ýyl döwlet we pudaklaýyn baýramçylyklaryň onlarçasy we elbetde, maşgala we şahsy dabaralar bellenilýär. Olaryň hemmesi giňden geçirilip, olara köpsanly dogan-garyndaşlar, dostlar,  goňşular we beýleki myhmanlar çagyrylýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazaryň günbatarky bölegine baryp, bu ýerde senagat harytlarynyň söwdasynyň guralyşy bilen tanyşýar we satyjylar bilen söhbetdeş bolýar.

 “Milli bezegler”  dükanynda milli bezegleriň dürli görnüşleri bar. Şolar her  bir sebitde  özbolşuly görnüşde taýýarlanylýar. Şonuň bilen birlikde bularyň her biri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýtmak arkaly, milli genji-hazynamyzyň bir bölegine öwrülen zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Zehinli türkmen  zergärleriniň  joşgun bilen döreden nepis şaý-sepleri—monjuklar, gülýakalar, bilezikler, ýüzükler, zynjyra dakylýan zatlar, gulakhalkalar, hemmeleri, aýratyn-da, zenanlary haýran galdyrýar.

Ýene bir söwda pawilonynda haly we amaly-haşam sungatyna degişli önümler hödürlenýär. Bular elin ýüňden işlenip taýýarlanyp, gözelligi bilen haýran galdyrýan, ölçegleri we bezelişi boýunça dürli görnüşdäki el halylardyr we haly önümler, adaty donlar, tahýalar we el işleri, haly görnüşindäki horjunlar we zenanlaryň göterýän el torbalary, dürli reňkdäki sapaklardan işilýän milli alajalardyr.

Mebel dükany türkmen hususy firmalarynyň we kompaniýalarynyň önümlerini ýerlemek  üçin ýöriteleşdirilipdir.  Bularyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan “Aýbölek” hususy kärhanasy aýratyn orny eýeleýär. Şondan bäri kän wagt geçmedigem bolsa, bu kärhananyň önümlerine daşary ýurtlarda-da isleg bildirilýär. Bu ýerde dürli görnüşdäki mebel, aşhanada we myhman jaýlarynda goýulýan garniturlar, edaralar we mekdepler üçin nieýtlenen mebeller hödürlenýär.

Döwlet Baştutanymyz satyjylar bilen söhbetdeş bolup, önümleriň hili we  aýratynlyklary, bularyň nyrhlary bilen gyzyklanýar hem-de ilatyň oňaýly mebel babatda bildrýän isleglerini has dolulygyna kanagatlandyrmak üçin bazaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmegi maslahat berýär. Toplumyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşdan ugur alýan syýasaty ýöredýändigi, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmak babatda içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz sport harytlary dükanynda  dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň sport esbaplary we enjamlary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň tarapdarlarynyň artmagy netijesinde önümleriň bu görnüşi soňky ýyllarda çalt depginler bilen ösýän türkmen bazarynda aýratyn zerurlyga eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu waka Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy, beden we ruhy kämilligi baradaky aladany möhüm döwlet ähmiýetli iş diýip yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň giňden ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Paýtagtymyzda bina edilýän Merkezi Aziýada iri Olimpiýa şäherçesi şol halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin esasy ýer bolar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda giň gerimde  alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp we bu ýere ýygnananlary täze söwda toplumynyň açylmagy bilen  gutlap, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy. Milli Liderimiz olara milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde,  ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýän hyzmatlar ulgamyny berkitmek boýunça işde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz indiki täze desga-- Jebel şäherçesinde bejeriş palçyklarynyň we deňiz duzuny gaplamak boýunça gurlan zawodyň açyljak ýerine barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ony ýurdumyzyň saglygyny goraýyş ulgamyny we derman senagatyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler we iş ýüzündäki hereketler bilen tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň ökde hünärmenleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny höweslendirmek, keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça öňdebaryjy usullary tejribä ornaşdyrmak, dünýäde farmasewtika boýunça toplanan iň oňat tejribäni öwrenmek ýaly ugurlaryna içgin üns berip, ýurdumyzyň şypahana ulgamynyň sazlaşykly ösüşine-de täzeden badalga berdi. Häzirki wagtda munuň özi şypahanalaryň maddy-tehniki binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmakda, bularyň hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmakda we hilini ýokarlandyrmakda we umuman, türkmen şypahana ulgamyndaky innowasion ýagdaýlaryň işjeňleşdirilmeginde, onuň dünýäniň sagaldyş bilen bagly syýahatçylygynda mynasyp orny eýelemeginde öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, deňziň ýakasyndaky ülke oňaýly mümkinçiliklere eýedir, Hazaryň kenar ýakasyndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň halkara derejesinde has giňden meşhurlyga eýe bolmaga hem-de tutuş dünýäde bejeriş palçyklary bilen belli bolan we düýpgöter durky täzelenen “Mollagara” şypahanasy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu şypahananyň  durkunyň düýpgöter täzelenmegi bilen, täsin galdyrýan Mollagara kölünde müňýyllyklaryň dowamynda  jemlenen jadylajy güýç täzeden äşgär edildi.

Ondaky serişdeler, şeýle hem wulkan palçyklary we deňiz duzy Jebelde döredilen täze önümçiligiň esasy özenine öwrüldi. Bu ýerde gurlan zawodyň kuwwatlylygy ýylda taýyn, ekologik taýdan arassa terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmek üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtouglagy ýurdumyzyň derman senagatyna degişli  täze kärhananyň binasynyň öňünde saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar, hormatly ýaşulular düz-çörek bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşýan köp sanly adamlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşy alýarlar. Täze desganyň öňündäki meýndançada aýdymçylaryň we tansçylaryň döredijilik topary täsirli çykyş edýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen görşüp, dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. 

Italiýanyň önüm öndüriji kompaniýalarynyň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen zawod esasy bölümleriň ikisinden: önümçilik we hile gözegçilik edýän bölümden ybaratdyr. Öz gezeginde, önümçilik liniýasy dörde bölünýär, bularyň özara baglanyşygy kompýuter arkaly dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilýär. Birinji bölümçe suwy taýýarlamak üçin niýetlenendir. Bu ýerde osmos desgasy gurnalypdyr, ol her sagatda bellenilen kadalara laýyklykda arassa suwuň 500 litrini taýýarlamaga ukyplydyr, şol suw bolsa önümçilikde ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz kärhanadaky önümçilik bilen tanşyp, deňiz duzuny gaplaýan bölüme barýar. Bu ýerde işleýän hünärmen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öndürilýän önümiň häsiýetnamalary bilen tanyşdyryp, bu bölümiň tehniki kadasy  barada gürrüň berýär.

Ilkinji tapgyrda bu ýere gelýän deňiz duzy owradylýar hem-de göwnejaý, şol sanda magnitleriň kömegi arkaly dürli goşundylardan mazaly arassalanýar. Soňra ol zerur fraksiýalara ýetirilýär hem-de ýörite reaktorda diňe tebigy görnüşdäki dürli goşundylar bilen baýlaşdyrylýar. Bular Türkmenistanda bitýän dermanlyk otlardan taýýalanýan hoşboý ysly we reňkleýji maddalardar. Bular önümiň hoşboý ysly we ýakymly görnüşde bolmagyna ýardam etmek bilen çäklenmän, onuň netijeliligini-de artdyrýar.

Soňra losýonlaryň, kremleriň düzümine goşuljak duz gaplaýjy liniýa ugradylýar, bu ýerde ony taýýarlamak we çüýşejiklere gaplamak bilen bagly bolan jemleýji tapgyr amala aşyrylýar. Gaplar (15-500 gram aralygyndaky) bu serişdäniň peýdaly häsiýetleriniň göwnejaý ýagdaýda saklanmagy üçin alýumin folga bilen dolanýar.

Duzuň käbir bölegi başga ýere ugradylyp, 15, 25 we 160 gram ölçegde taýýarlanýar. 25 gramlyk duzly önüme dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan suwuklyklar hem goşulýar. Duzuň gaplanýan bölümindäki enjamyň ortaça önümçilik kuwwatylygy sagatda 3 müň 600 gaba barabardyr. Milli Liderimiz bu elin önüme diňe bir içerki däl-de,  daşky bazarda-da uly isleg bildiriljekdigini belläp, onuň eksporta ugradylmagyny guramak üçin önümiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly ulanyjylar bilen gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de  mahabatlandyrmak we  degişli marketing işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bejeriş palçyklaryny gaplamak boýunça bölüme barýar. Bu ýerde milli Liderimizi we myhmanlary zawodyň hünärmenleri garşylap, kuwwatlylygy sagatda taýýar önümiň 600 gaba barabara bolan bu önümçilik liniýasynyň işi bilen tanyşdyrýar.

Bir ýylda bu bölüm mollagara palçygynyň 200 müň gabyny we wulkan palçygynyň 100 müň gabyny işläp çykarmaga ukyplydyr. Şeýle hem ilki başda çig mal arassalanýar we reaktorda arassalanan suw bilen garylyp, gaplaýjy konweýere ugradylýar we şol ýerde dürli görnüşdäki (50-1000 gramlyk) gaplarda ýerleşdirilýär, bu gaplar ykjam ýapylýar we ýazgyly kagyzlar bilen bellenýär.

Bölümde işleýän zenan döwlet Baştutanymyzyň sowallaryna jogap bermek bilen, bu ýerde “Akardion” atly (hersi 120 gramlyk) önümiň öndürilmeginiň ýola goýlandygyny aýtdy. Munuň özi paplçygyň özboluşly görnüşi bolup, içki agzalary bejermek üçin ulanylýar hem-de içerki we daşarky bazarlara ugratmak üçin niýetlenendir.

Türkmen hünärmenleriniň bellemegine görä, Mollagaradaky palçyk “bäsdeşleri”, meselem, Ýakyn Gündogardaky Asuda deňizdäki ýa-da Ukrainanyň Saki palçykly şypahanasyndaky bilen deňeşdireniňde, käbir artykmaçlyklara eýedir. Birinjiden, Mollagaradaky, çägeli däl-de, gyrmançaly palçyk   çalt siňýär we bahym guraýar. Başgaça aýdanyňda, Mollagaradaky palçygyň täsir edýän möhleti uzalýap hem-de täzeden dikeltmek bilen bagly täsiri boýunça dünýädäki belli şypahanalardaky palçyklardan tapawutlanýar.

Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda il arasynda bu kölüň täsin galdyrýan aýratynlyklary barada ençeme rowaýatlar aýdylyp gelinýär, onuň suwy we palçyklary köp mukdardaky hloridler we natriniň, magniniň, demiriň   sulfatlary, bromyň duzlary we beýleki minerallara baýdyr (hatda alymlar bularda kümüşiň we altynyň mikroelemntlerini-de ýüze çykardylar). Umuman  alanyňda, Mollagaradaky suwuň minerallaşdyrmak derejesi 200-250 mg/l barabardyr.

Bir wagtlar adamlar synag etmek arkaly, Mollagara kölüniň häsiýetlerini we onuň palçyklary bilen bejermegiň usullaryny äşgär edipdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýokary netijeli bu tebigy serişdäniň gös-göni bejerji täsirini ýetirýändigi hem-de  bejerişiň beýleki görnüşlerine garanyňda, täsinligiň güýjüni artdyrýandygy ylmy taýdan subut edildi diýip belledi.

Applikasiýalar ýa-da dolamak görnüşinde palçyklar bilen bejeriş daýanç-hereket agzasynyň kesellerini, guragryny, poliartritleri we newritleri, osteohondrozy, deri kesellerini, reproduktiw ulgamy we beýlekileri bejermekde degerli ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, palçyklaryň dürli şikeslerden soňra, hususan-da, bogunlary bejermekde ulanylýandygyny aýtdy.

Hatda beýleki usullar degerli netije bermedik halatynda-da, palçykly bejeriş oňaýly ýardam berýär. Nähoş ilkinji  tapgyrlardan soňra  köpýyllap özüni kösän keselden saplanýandygyny duýup ugraýar.

Wulkanyň bejeriş palçyklary-da ýurdumyzyň sagaldyş merkezlerinde barha giňden ulanylýar. Wulkanyň bejeriş palçyklarynyň agramly bölegi Günbatar Türkmenistanda—Hazaryň türkmen kenarynda bar. Bu sebitlerde millionlarça ýyllaryň dowamynda palçykly depeler we köller bolupdyr.

Wulkanyň palçygynyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bar. Bularyň bejeriji häsiýetleri şypahanalarda we kosmetologiýada, şeýle hem lukmançylykda deri, ýürek-damar, aşgazan, içege kesellerini bejermekde, reproduktiw ulgam bozulanda giňden ulanylýar. Wulkanyň palçygy zyýansyz bolup, onda makro we mikro faunanyň garyndylary ýokdur. Täsin galdyrýan bu ýerleriň kölleriniň wulkanyndan çykýan küli, şeýle hem onuň palçygy keselleriň öňüni almakda we bejermekde örän ýokary netije berýän serişdelerdir. Bular selçeň toprakly metallar bilen  baýlaşdyrylandyr. Olaryň düzüminde seziý, berilliý, taliý, germaniý, indiý we topragyň gatlarynda seýrek gabat gelýän beýleki dagynyk elementler bar. 

Soňky ýyllarda tutuş dünýäniň alymlary palçygyň elin görnüşleriniň bejeriji häsiýetleri babatda uly gyzyklanma bildirýär. ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň derman öndürýän öňdebaryjy kompaniýalary örän köp sanly derman serişdeleriniň  işlenip çykarylýandygyna garamazdan, tebigy palçygy häzirki döwürdäki lukmançylygyň tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen, onuň bejeriji häsiýetlerini öwrenmek boýunça giňişleýin ylmy barlaglary geçirýärler.

Milli Liderimiz dermanlyk otlaryň, mineral suwlaryň, dürli palçyklaryň we deňiz duzlarynyň ýerli gorlary seljerilip görlende ýurdumyzyň derman senagatynda işlenip çykarylýan deman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatly beýleki önümleriň, şeýle hem kosmetologiýada ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini artdyrmak üçin göwnejaý mümkinçiliklere eýedigi äşgär edildi diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde ilkinji nobatdaky wezipäniň biriniň täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan,  farmasewtika boýunça bilim berýän, hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlaýan we gaýtadan ulgamy kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Häzirki wagtla täze enjamlary we kämil usullary ornaşdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň farmasewtika we parafarmatewtikaň önümçiliginiň gerimi giňeldilýär hem-de ilaty ýerli çig maldan taýýarlanan ýokary hilli dermanlyk we goşmaça serişdeler bilen has dolulygyna üpjün etmek üçin bu önümçiligiň kuwwatlyklary artdyrylýar.

“Özüňki” – elin, ekologiýa taýdan arassa, peýdasy asyrlar boýy we köp sanly nesilleriň tejribesi arkaly subut edilen önümi aňladýar, ýurdumyzda öndürilen önümlere has uly ynam bildirilmegi-de hut şol düşünjeler arkaly şertlendirilendir.

Eldetde, häzirki wagtda ylmy çemeleşme esasynda-da şol ynam ödelýär.  Diýmek, Jebeldäki zawodyň ähli önüminiň hili gymmatly mineral çig malyň kabul edilýän tapgyryndan başlap, gaplanan haryt görnüşinde ammara ugradylanda-da barlanýar.

Zawodyň hile gözegçilik etmek we mikrobiologiýa boýunça barlaghanasy Ýewropanyň belli görnüşdäki elektron enjamlary bilen üpjün edildi. Bular PH-metr, wiskozimetr, densitimetr, agram ölçeýji terezi we beýlekilerdir. Şularyň kömegi arkaly önümiň turşulygy, çyglylygy, akaganlygy we beýleki häsiýetnamalar barlanýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza derman senagatyna degişli täze kärhanalaryň—Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki we Bereket etrabyndaky zawodlaryň işläp taýýarlaýan önümleriniň sergisi görkezildi.

Milli Liderimizi bu keselleriň öňüni alýan we gigiýeniki hem-de SPA—önümiň bejeriş häsiýetleri we ulanylýan ugurlary, bularyň daşary ýurtlardaky önümleriň birnäçesinden tapawutlanýan häsiýetleri we artykmaçlykly taraplary barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti kärhana bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, bu dabara barada ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy, şeýle hem kärhananyň işgärler toparyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary derman senagatyna degişli täze desganyň açlymagy bilen gutlap, kärhananyň işgärlerine üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.