Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň we Aziada-2017-ä taýýarlygyň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljekki ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda paýtagtymyzyň düzümlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzy ösdürmegiň baş meýilnamasynyň esasy aralyk jemleri jemlenildi. Şäheriň ýol-ulag düzümini, jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, binagärlik-gurluşyk işleriniň tapgyrlary, paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny, şol sanda “Aşgabat-2017” halkara derejedäki giň möçberli taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri öz içine alýan maýa goýum kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleri kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, paýtagtymyzyň we onuň etraplarynyň häkimleriniň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren şu gezekki maslahatynda öňde durýan wezipeler we ony ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça hasabatlary diňlemezden ozal, Aşgabady ösdürmäge soňky ýyllarda ägirt uly üns berilýändigini aýtdy. Şäheriň çägi giňeldildi, paýtagtymyzda bina edilýän desgalaryň gurluşygyna daşary ýurtlaryň kompaniýalary we şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň esasy möçberleri ynanylan ýurdumyzyň telekeçileri işjeň çekilýär.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer häzirki döwürde şäheriň ýaşaýyş toplumlarynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, Aşgabadyň günorta künjeginde umumy meýdany 630 gektar bolan seýilgähiň gurluşygynyň tamamlanandygy, şeýle hem täze awtomobil ýollarynyň, köp derejeli köprüleriň, awtoduralgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny üpjün edýän desgalar toplumy we durky täzelenen seýilgählerde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzda 22-27-nji iýun aralygynda degişli maksatnama laýyklykda, Medeniýet hepdeliginiň geçiriljekdigi barada hasabatynda aýtdy. Onuň çäklerinde birnäçe giň möçberli döredijilik çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, sergiler we beýlekiler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlyk işleriniň paýtagtymyzyň sport derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekip, Aşgabatda toplanylan tejribäniň ýurdumyzyň beýleki şäherleri üçin hem peýdaly boljakdygyny nygtady.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň etraplaryny abadanlaşdyrmak we gök zolaklary döretmek boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şäheriň ýol- ulag düzümini, durmuş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şäher häkimligi umumy uzynlygy 59,14 kilometr bolan köçeleri, döwrebaplaşdyrmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen 18 köprini, 39 ýerasty we 15 ýerüsti geçelgeleri, şeýle hem täze inženerçilik ulgamyny taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça degişli şertnama baglaşdy. Häzirki döwürde birnäçe desgalar ulanmaga berildi, ýol belgilerini, abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, gök zolaklary döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we 
ony ösdürmek meselelerine we tutuşlaýyn paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň wezipelerine oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýagdaýyna hem-de paýtagtymyzda jemagat hojalygy gulluklarynyň ýerine ýetirýän işlerine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurdaky degişli barlaglary geçirmegi dowam etmegi hem-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Maslahatyň dowamynda paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, etraplary abadanlaşdyrmak, amatly şäher gurşawyny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdiler.

Şäheri dolandyryş we hojalyk düzümlerniň işinde birnäçe meseleleriň bardygyna ünsi çekip, milli Liderimiz desgalary degişli derejede ulanmagyň, olaryň ähmiýetiniň göz öňünde tutulmagynyň we olara degişli hyzmaty, dolandyryşy ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň anyk çözülmegini üpjün edýän etrap häkimleriniň işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz D.Amangeldiýewe, Ş.Durdylyýewe, B.Hojamämmedowa ýüzlenip, olaryň bu ugurda alnyp barylýan işleriň çözgüdine, hususan-da, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmegiň möhletleri we möçberleri anyk kesgitlenen ýokary derejede kabul edilen Kararlaryň ýerine ýetirilişine degişli derejede gözegçiligiň ýola goýulmaýandygyny belledi we birnäçe desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýolagçylar we sürüjiler üçin degişli amatlyklary üpjün etmek nukdaý nazaryndan şäheriň ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşyna düýpli bellikler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik ulaglary üçin duralgalaryň ýerleşdirilmegine, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna oýlanyşykly çemeleşilmeýändigini belledi. Olar häzirkizaman şäher gurşawyna doly laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda paýtagtymyzyň edara ediş düzüminde birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda A.Dowwaýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine, S.Selimow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine, M.Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildiler.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe berk käýinç yglan etdi.

Wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi A.Annaçaryýewe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berilen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi R.Annaberdiýewe, Arçabil etrabynyň häkimi A.Rejepalyýewe, Abadan etrabynyň häkimi A.Ataýewe, Ruhabat etrabynyň häkimi B.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow ykdysady ulgamda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz şäheriň ähli görkezijiler babatda ýokary ösüşini üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny belläp, ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Şunda, ýerine ýetirilen işler, gurluşyklary üçin maliýeleşdirmegiň anyk möçberleri kesgitlenmelidir.

Ähli etraplarda ýol ýakalarynda gök zolaklary döretmek, abadanlaşdyryş işlerini alyp barmak, esasy ulag ýollarynyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi güýçlendirmek meseleleri boýunça birnäçe anyk bellikler aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň we binalary, desgalary, aýratyn-da, könelişen jaýlary ulanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine, Aşgabat şäheriniň häkimligine desgalaryň gurluşygynda ýokary ekologiýa ülňülerine laýyk işleriň, şol sanda gurluşyk galyndylaryny öz wagtynda gaýtadan işlemek çäreleriniň alnyp barylmalydygy barada birnäçe tabşyryklar berildi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowa şäherde oturdylýan ýol belgileriniň hilini ýokarlandyrmak, täze ýollarda degişli maglumat tablolaryny ýerleşdirmek, ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.