29-NJY IÝULDA ÄHLI AŞGABADYŇ ÝAŞAÝJYLARY WELOSIPED ULAGYNA MÜNERLER

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen guralýan täze wagyz ediş çäresiniň başyny başlady. 

15-nji iýunda döwlet Baştutanymyz dikuçardan şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň öňýanynda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda 28-nji iýulda Oýunlaryň başlanmagyna 50 günüň galýandygyny belläp, 29-njy iýulda ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine işlerine welosipedlerde barmagy teklip etdi. Şol gün şäheriň çäklerinde nobatçy ulag, ýolagçy awtobusy hereket eder. 

Milli Liderimiziň pikirine görä, bu çäre ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň meseleleriniň çözülmegine hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň şu günler işleri geçirýän ýerlerine welosipedli gelip, hut özüniň şahsy görelde görkezmegi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly üns berilýär. 2013-nji ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Karary hem-de her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi barada milli Liderimiziň başlangyjy ähli türkmenistanlylar tarapyndan uly höwes bilen goldanylyp, bu sportuň ösdürilmegine aýratyn itergi berdi. Munuň özi maksatnamasyna trek welosiped ýaryşlary hem girýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde-de örän möhümdir 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow müňlerçe ildeşlerimiz bilen bir hatarda welosipedli ýörişlere gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzda sagaldyş hereketine, sporty, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmäge goşant, şeýle hem täze ekologiýa aň-düşünjesiniň berkarar edilmegine çagyryşa öwrüldi. 

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolan milli Liderimiz Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 günüň galmagynyň hormatyna 29-njy iýulda “welosiped ulagynyň gününi” guramak başlangyjyny öňe sürüp, yzygiderli türgenleşikleriň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkiň güýjüni, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýändigi baradaky ynamdan ugur alýar. 

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary gazanylanlar sportunyň ösdürilmegine uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň derejesini berýär. Bu ugurda anyk we yzygiderli işler bitirildi. Olar ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça umumymilli Spartakiadalaryň we halkara ýaryşlaryň guralmagydyr, sport maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagydyr we giňeldilmegidir. 

Türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, Türkmenistan abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär, bu hem ýurdumyzyň dünýä derejesinde barha artýan abraýyna şaýatlyk edýär 

Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna—Hormat ordenine mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy göreldesi bilen sportuň köp sanly görnüşlerini wagyz etmek bilen bu ulgama aýratyn üns berýär. Tutuş ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen bina edilen döwrebap sport merkezleri, stadionlar, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary hereket edýär. 

Ilatyň saglygy—döwletiň möhüm serişdesi, ýokary zähmet öndürijiliginiň zerur bolan şerti, medeniýetiň derejesiniň görkezijisi, durmuş-ykdysady strategiýanyň netijeliliginiň has aýdyň ölçegleridir. 

Biziň ýurdumyz Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berýär hem-de ony mynasyp geçirmek üçin zerur bolan çäreleri görýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda gurluşyk we beýleki işler ýokary depginlerde dowam edýär. Bu ýerde abraýly Oýunlaryň ýaryşlary geçiriler, Aziadanyň maksatnamasy sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlary öz içine alýar. Ýeri gelende aýtsak, Aziada-2017 bu Oýunlaryň taryhynda giň gerimli bolar—olara ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlaryndan türgenler gatnaşar. Ak mermerli Aşgabadyň statusy dünýäniň gözel şäherleriniň biri hökmünde günsaýyn berkeýär. Paýtagtymyzda geçirilýän köp ugurly işler öz oňyn netijelerini berýär. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmekde has aýdyň duýulýar. Oýunlar ýurdumyzyň halkara sport hereketine mynasyp goşandy, sport, parahatçylyk we dostluk baýramçylygy bolar. 

Ýöne, hormatly Prezidentimiz iri möçberli “Aşgabat-2017” taslamasynyň ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýratyn nygtaýar. Çünki halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, beden taýdan berk we ruhy belent nesilleri terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji derejeli wajyp döwlet wezipesi hökmünde yglan edilendir.