Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde gipsokarton çykarjak kärhana gurulýar

Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.

Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Raýatlaryň alyp barýan gurluşygynda giňden peýdalanmaga niýetlenen önümleri çykarmak üçin häzirki zaman tehnologik enjamlar satyn alyndy.

Türkmenistany gurşap alan depginli gurluşyklar dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek üçin kuwwatly itergä öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde diýen ýaly, bu pudagyň täze desgalary bina edilýär we ozalky bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Senagatda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň amala aşyrylmagy bu ugruň ösdürilmegi üçin möhüm ýagdaýa öwrüldi.

Ýerli çig maldan gipsokartonyň özümizde öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän ýene-de bir ugur bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini köp derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.