Daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň 60 ýaşyny gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlarda daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary 60 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

Berk jan saglygyny we abadançylyk arzuw edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon öz hatlarynda mähirli gutladylar. 

Tüýs ýürekden çykýan iň oňat gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, gülläp ösüş we üstünlikler baradaky arzuwlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hatlarynda beýan etdiler. 

Şeýle hem gutlag hatlaryny Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasytynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirliginiň wise-prezideni, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed Bin Raşid Al-Maktum iberdiler.