GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Sizi demokratik, hnkuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene - türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň 23 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, hemişelik bitarap turkmenistan döwletimiziň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toy dabaralary, ýaňlanýan şirin owazly, joşgunly aýdym-sazlar mähriban halkymyzyň kalbynda we ýüreginde erkana hem-de kuwwatly döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny pugtalandyrsyn, jemgyýetimiziň ruhubelentligini, agzybirligini we jebisligini dabaralandyrsyn!

Merdana ata-babalarymyz asyrlarboýy özbaşdak, erkin, garaşsyz döwlet gurmagy arzuw edipdirler. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň taryhyna müdimilik giren örän möhüm we şanly senedir. 23 ýyl mundan ozal bu taryhy günde halkymyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddes we beýik hukugyna - biziň häzirki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň berk binýady bolan garaşsyzlygyna eye boldy.

 

Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy üçin ygtybarly esas döretdi. 23 ýylyň dowamynda eziz watanymyz durmuş-ykdysady, ruhy-medeni ösüş babatda örän uly netijeleri gazandy we kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi.

 

Garaşsyzlyk güni eziz halkymyzyň belent ruhuny, agzybirligini, bitewiligini, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmekdäki uly ynamyny hem-de egsilmez gaýratyny alamatlandyrýan beýik baýramdyr.

 

Toýdur baýramlarymyzy agzybirlikde, ýokary ruhubelentlik we joşgun bilen belläp geçmek, her bir şanly senäni zähmet ýeňişleri bilen garşylamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän milli ýörelgeleriniň biridir. Bütin dünýäde işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülen mermer paýtagtymyz aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalaryň şanly baýramymyza ajaýyp toy sowgady hökmünde dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi, bay öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň geçirilmegi milli jebisligimiziň we agzybirligimiziň belent ýörelgelerini has-da rowaçlandyrýar.

 

Eziz halkym!

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Eziz diýarymyzyň obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, ýol gurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, in öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris. Bu özgertmeler döwletimiziň garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýär, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, döwletler we halkara guramalary bilen özara bahbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan ýurt hökmünde eziz watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da ýokarlandy.

 

Bu gün garaşsyz, hemişelik bitarap turkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ählumumy asudalygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär, olary is ýüzünde durmuşa geçirýär hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny has-da berkidýär.

 

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

 

Berkarar watanymyzyň mukaddes garaşsyzlygyny gorap saklamak we pugtalandyrmak, ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän bitaraplyk syýasatymyzy işjeň durmuşa geçirmek biziň saýlap alan ýolumyzdyr!

 

Sizi jemgyýetimizi erkin we garaşsyz watanymyza bolan söýgi we bitewilik duýgulary arkaly birleşdirýän umumymilli baýram -garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

Goý, mukaddes garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, eziz diýarymyzyň at-abraýy has-da belende galsyn!

 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

 

Türkmenistanyň Prezidenti         

Gurbanguly Berdimuhamedow.