Ýurdumyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlanýar

Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär. 

Aşgabat şäher häkimliginde TDH-a habar berilmegine görä, şenbe güni – 29-njy iýulda ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Hususy awtoulaglar paýtagtymyzyň açyk hem-de ýapyk awtoduralgalarynda goýulmalydyr, ähli köçelerde diňe welosipedler arkaly hereket amala aşyrylar. 

Bu çärä ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik düzümleriň, halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň hukuk goraýyş edaralarynyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, okuwçy ýaşlar, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän köpsanly türkmenistanlylar gatnaşarlar. 

Şeýle hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler ähli welaýat merkezleriniň köçeleri boýunça geçiriler.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=9465