TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “DEMIRGAZYK-GÜNORTA” DEMIRÝOLUNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞYJYLARYŇ ÖŇÜNDE ÇYKYŞ ETDI

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transkontinental demir ýolunyň ulanmaga berilmegi gurluşyk pudagyny ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu polat ýoluň gurluşyk pudagy üçin täze mümkinçilikleri açar, demirgazyk we günorta ugur boýunça gurluşyk materiallarynyň gatnadylmagynyň möçberi artar hem-de gysga wagtda gurluşykçylara ýetiriler.

Türkmen gurluşykçylary bilen daşary ýurtly gurluşykçylar tarapyndan ýurdumyzda ägirt uly gurluşyk işleri alnyp barylýar, şäherleriň, obalaryň durky täzelenýär, önümçilik, medeni-durmuş ähmiýetli täze desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň giň möçberli maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

Transkontinental demir ýolunyň işe girizilmegi Türkmenistanyň gurluşygyň pudagy boýunça dostlukly döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we gatşanyklary pugatalandyrmaga uly mümkinçilikleri döreder.

 

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Düýn Aşgabatda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri üstünlikli geçirilip, iki döwletiň we halklaryň dostluga we ynama esaslanýan gatnaşyklara ygrarlydygyny, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy özara bähbitli, deňhukukly we hoşmeýilli ýörelgelere laýyklykda ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady. Gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine geldi.

Birnäçe wagtdan soňra Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň uçary gondy. Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini tüýs ýürekden mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dikuçara münüp, Türkmenbaşy şäherindäki howa menzilinden Etrek etrabynyň “Akýaýla” demir ýol menziline ugradylar.

Doganlyk iki halkyň milli Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň üstaşyr geçirýän nokatlarynyň birine öwrülen serhetýaka “Akýaýla” demir ýol menziline geldiler.

Birnäçe wagtdan soňra, bellenilen ýere otlyda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani geldi.

Soňra “Akýaýla” demir ýol menzilinde ýörite taýýarlanan otagda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, üç ýurduň Liderleri “Akýaýla” menzilindäki duralga, demir ýolda duran otla tarap barýarlar we VIP- wagona münýärler. Otlyny sürüji otlynyň ugraýandygyny ýörite abzal arkaly duýdurýar. Otly Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň iki böleginiň birleşdirilmegine bagyşlanan dabaralaryň geçirilýän ýerine ugrady.