HALKLARY BAGLAŞDYRÝAN MENZILLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar. Sebitara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň netijesinde ýurdumyz ykdysady  ösüşlere yzygiderli eýe bolýar. Ulag we aragatnaşyk pudagynyň demir ýol ulgamynda hem sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşygyny gurnamak we ony girdeýjili pudaklaryň hataryna goşmak üçin geçirýän halkara demir ýol gurluşyk işleri hem geljekde bähbitli netijelere alyp barar we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge täze itergi berer.

Üstümizdäki ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan, Türkmenistan we Eýran ýurtlaryň Prezidentleriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Nursultan Nazarbaýewyň we  Hasan Ruhaniniň gatnaşmaklarynda ulanmaga açylýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly özara hemme ugurlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolar we bu döwletleriň dostlukly gatnaşyklary has-da berkemegine alyp barar. Sebitara üstaşyr aragatnaşyk demir ýoly Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrar. Halkara demir ýolunyň uzynlygy 900 kilometre golaý bolup, onuň köp bölegi ýagny 700 kilometrden gowragy ýa-da gapdal şahalary bilen alanymyzda 825 kilometre golaýy  biziň ýurdumyzyň çäginden geçýär. Gazagystan dowletiniň çäginden 146 kilometr, Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden bolsa 82 kilometr geçýär. Ýagny gadymy ýüpek ýoly dikeldildi diýip aýtsa bolar.

Halkara demir ýoly Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gorgan ýaly ilatly ýerleriň ugurlary boýunça guruldy. Bu gurlan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly hemme inžener-tehniki çözgütleri öz içine alýan innowasion enjamlary bilen üpjün edilipdir, ýagny demir ýol ulgamlary elektron kompýuteri arkaly dolandyrylýar. Onuň ugrunda 20-ä golaý demir ýol stansiýalary guruldy. Beýle diýildigi 1000-den gowrak raýatlar täze iş orunlary bilen üpjün edildi. Demir ýol stansiýalarda gurlan ýaşaýyş jaýlarda we medeni-durmuş ähmiýetli desgalarda ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Olar binagärçilik esasynda gurulup, owadan bezeg beriji keşbine eýe bolýärlar, abadanlaşdyrma we yşyklandyrma işleri hem ýokary derejede gurlupdyr .

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly ýük we haryt daşalyşynyň möçberini giňeltmek bilen çäklenmän söwda we ýük alyş-çalyş mümkinçiliklerine hem ýol açýar we hoşniýetli goňşy aragatnaşyklary amala aşyrar. Halkara demir ýol bilen her ýylda millionlarça tonna haryt ýükleri we ençeme ýolagçylar gatnar.

Halkara demir ýoly Ýewraziýa yklymynyň beýik polat ýolunyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär we bu halkara ulag geçelgesi ýakyn geljekde Ýewropadan, Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň amatly we ykdysady taýdan bähbitli ýol bilen daşalmagyny üpjün eder. “Gündogar-Günbatar” ulgamy, Hazaryň üstünden geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymlara ugry bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistan, Merkezi Aziýa, Hazar deňzi we Orta Gündogar sebitleriň üsti bilen Ýewropa we beýleki kontinentlere çykýan ugurlarda halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleri dörediler. Ol bolsa ulag we beýleki çykdaýjylaryň ep-esli azalmagyna, sebitara möçberinde haryt dolandyrmagyň artmagyna ýardam berer.

Bu şanly açylyş sene mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky taryhy wakanyň, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň işe başlamagynyň hormatyna 50 manada deň bolan altyn we kümüş täze şaýy  pullary, ýagny ýadygärlik şaýlyklaryň toplumyny çykardy.

Şaýy puluň ýüz tarapynda Ýer şaryny şekillendirýän globusda hereket edýän halkara demir ýoly şekillendirilipdir.

     Kümüş şaýy puly bezelende demir ýol we lokomatiw şekillendirilen mahaly altyn örtük peýdalanypdyr. Lokomatiwiň arkasynda çepden saga Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baýdaklary ýerleşýär. Daşky halkanyň aýlawy boýunça ýokarsynda “Gazagystan-Türkmenistan – Eýran dostluk demir ýoly” diýen ýazgy, aşagynda ýadygärlik şaýy pulunyň çykarylan ýyly “2014” görkezilendir.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly geljekde ykdysady we söwda babatda halkara gatnaşyklary amala aşyrýan bagtyýar menzilleri bolar.

Goý, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly dostluk, hyzmatdaşlyk we bagtyýar durmuşyň elmydama gülläp ösmeginiň ýoly bolsun.

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň rowaçlyklara we üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy barada hemişe alada edýän Hormatly Prezidentimiziň başynyň dik  we janynyň  sag,  alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

 

                       Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk

                         Institutynyň „Çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy

                                                      Ýagmyr Myratberdiýew