Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär

Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Ony Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär.

Bu toplum 2 milliard kub metr tebigy gazy hem-de 117 müň tonna natriý hloridini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Bu ýerde ýylda 390 müň tonna polipropilen, 200 müň tonna pes dykyzlykly çyzykly polietilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 82 müň tonna kaustik soda, 10 müň tonna duz kislotasy hem-de 10 müň tonna suwuk hlor öndüriler.

Bu iri maýa goýum taslamasyny daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda halkara bäsleşigine gatnaşyjylar tarapyndan gelip gowşan teklipler seljerilýär.