DOSTLUKLY POLAT ÝOLLAR

Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getrimek Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir.

Düýn ýurdumyzda taryhy ähmiýete eýe bolan waka, ýagny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmaklarynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demirýolunyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bolan duşuşykda bu taslama barada şeýle belläp geçdi: “Bu taslama täze gurlan Hazarýaka sebitini ösdürmäge, onuň ulag önümçilik we durmuş üpjünçilik ulgamyny giňeltmäge hem güýçli itergi berer. Ykdysady bähbitlerden başga-da, bu demirýol döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge-de ýardam berer”.

Dabarada demirýoluň gurluşygyna, onuň ähmiýetine bagyşlanan sergi hem görkezildi. Sergide görkezilen wideofilmde bolsa, demirýoluň umumy uzynlygy, onuň her ýurduň çäginden geçýän möçberleri, demirýoluň demirgazykda we günortada haýsy halkara ýollaryna birikýänligi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Demirýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre barabar bolup, şonuň has uzyn bölegi, ýagny 700 kilometre golaýy Türkmenistanyň çäginden geçýär. Filmde görkezilşi ýaly bu ýolda ýylyň dört paslynda hereket amala aşyrmak üçin zerur şertler döredilipdir.

“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” täze demirýoluň ugrunda döwletara polat ýolunyň köpsanly ulag we inžener-tehniki düzüminiň desgalary dabaraly açylyp, olaryň hatarynda Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Balguýy, Madaw hem-de Etrek beketlerinde demirýol menzilleri hem-de demirýolçularyň maşgalalary üçin niýetlenen oňaýly ýaşaýyş jaýlary we beýlekileri bar.

Bu demirýoluň Madaw obasynyň ustünden geçmegi meni aýratyn begendirýär hem buýsandyrýar. Sebäbi, meniň şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň bilelikdäki gurnan “Ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasyndaky ylmy işleriň” bäsleşigine hödürlän ylmy işimiň obýekti edil Madaw obasyndan 20 km uzaklykda ýerleşýär. Bu demirýoluň açylmagy bolsa, Dehistan taryhy mirashana aňsat hem hemmetaraplaýyn amatly ýol bilen gitmäge, gerekli enjamlary we abzallary kynçylyksyz ol ýere eltmäge, şeýlelikde ylmy işimi dowam edip, täze açyşlary etmäge uly mümkinçilik berer.

Bize, ýagny talyp ýaşlara – ýaş alymlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize talyp ýüregimden uly minnetdarlyk bildirýärin. Onuň janynyň sag, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny Beýik Alladan dileýärin!

 

Bu gün hasyl bolup maksatly işler,

Diýarymyz gülläp, özgerip barýar!

Zähmet gaýnap-joşup sähra-çöllerde,

Dostluk ýollar, polat ýollar gurulýar!

 

Halklary, illeri birleşdirýän ýol,

Arzuwlary maksatlara ýetriýär.

Kerwen gurap gelýän otly kerweni,

Gül diýara dostluk nurun getirýär!

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekany

Ýolly Myradow

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

“Binagärlik” kafedrasynyň müdiri 

Äşe Gubaýewa

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

“Binagärlik” hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby

 Şirin Annagulyýewa