“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dehistan we Köneürgenç

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň barşynda sungatyň dili arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan sahypalar görkezildi. Olaryň biri – beýik Parfiýa imperiýasy barada biz geçen sanymyzda gürrüň berdik. Şu gün biz Olimpiýa stadionynda görkezilen ägirt uly dabaranyň taryhy ugruny dowam etdirýäris.

Şol gün agşam diňe bir oýunlaryň baş meýdançasynyň münberlerinde ýygnanan adamlar däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlaryndaky tomaşaçylary köpdürli öwüşginli dabara tomaşa etdi. Onuň bir bölegi Maşat – Misriana bagyşlandy. Ýörite şekilleriň kömegi bilen Hazaryň kenaryna gaýduwsyz deňizçileriň dolandyrýan gaýyklarynyň ýüzüp gelýän sahnasy suratlandyryldy. Türkmenleriň ýaşan bu taryhy mekany hem Dehistan diýlip atlandyrylypdyr. 
Tomaşaçylar ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde saklanyp galan meşhur kümmetlere, minaralara we orta asyr binagärliginiň beýleki gymmatlyklaryna syn etdiler. Bu biziň gadym döwürlerde ýaşap geçen ata-babalrymyz tarapyndan esaslandyrylan ýene bir döwletiň paýtagty bolan Köneürgenç şäheridir...

2. Dehistan—geçen döwürleriň oazisi

Orta asyrlarda Hazar deňzinde köp halklaryň ýelkenli gämileri ýüzüpdir. Şol halklaryň mekan tutan ýerleri deňziň akwatoriýasyna çykalgasy bolupdur. Hazaryň gündogar kenarynda ýaşan türkmenler hem tejribeli deňizçiler we başarjaň balykçylar bolupdyr, çünki balyk olaryň esasy iýmiti hasaplanypdyr.

Günorta-Gündogar kenar ýakasynda ilaty belli bir derejede balykçylyk bilen meşgullanmadyk ilatly ýeri tapmak kyndyr. Etregiň, Garasuwyň, Gürgeniň aýagynyň kenar ýkasy dürli balyklara baý bolupdyr. Munuň özi gadymdan bäri adamlara bu ýerlerde mekan tutmaga mümkinçilik beripdir.

Gadym döwürlerde Girkaniýa diýlip atlandyrylan Hazar ýakasynyň günorta-gündogaryndaky taryhy sebit orta asyrlarda Dehistan ýa-da Maşat- Misserian diýlip atlandyrylypdyr. Bu örän gadymy ekerançylyk oazisidir. Şol ýerde biziň eýýamymyzdan ozalky III müň ýyllygyň ahyryndan biziň eýýamymyzyň ХIV asyryna çenli, ýagny, takmynan, 3 müň ýylyň dowamynda köp şahaly suwaryş ulgamy hereket edipdir. Bu ülkäniň köp sanly arheologiki ýadygärlikleri şol sebitiň suw çeşmeleri egsilýänçä, onuň oturymly ýerler bolandygyny ýatladýar.

Orta asyr Dehistanynyň iri ilatly ýeri Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu Maşat—Misrian ýa-da Dehistan şäheridir. Bu şäher iki at bilen atlandyrylypdyr. Özi-de, orta asyrlarda meýdany 200 gektara barabar bolan administratiw merkezi däl, eýsem, şäher galalarynyň we kiçiräk obalaryň tutuş ulgamyna eýe bolan gür ilatly welaýat hem Dehistan diýlip atlandyrylypdyr.

Häzirki döwrüň geografiki kartalarynda Günorta-Gündogar Hazar ýakasynyň bu bölegi Köpetdagyň etegine çenli Misrian dag tekizligi diýlip atlandyrylýar. ХХ asyrda bu sebit özleşdirilmändir, ýagny, bu ýerde taryhy landşaft köp asyrlaryň dowamynda oazisiň çölleşmegi netijesinde emele gelen tebigy ýagdaýynda saklanyp galypdyr. Birmahallar bu jelegaýlary adamlar taşlap gidipdir. Şunuň netijesinde gadym döwürleriň oturymly ýerleri, olaryň binagärligi, suwaryş ulgamlary, birmahallar özleşdirilen meýdanlary we baglary akabanyň çekilen hem-de häzirki zaman oba hojalyk meýdanlarynyň ýaýlyp ýatan ýerlerindäkiden biziň günlerimize çenli has gowy görnüşde saklanyp galypdyr.

Biziň günlerimize çenli saklanyp galan desgalar, esasan, ХI asyryň – ХIII asyryň başlarynyň desgalary bilen baglanyşyklydyr, şol döwürde Dehistan türkmenler tarapyndan döredilen Beýik seljuklar döwletiniň, soňra bolsa Horezm şalarynyň döwletiniň düzümine giripdir. Şol döwürde bu ýerde bişen kerpiçden ägirt uly binalar gurlupdyr, dürli senetler giň gerime eýe bolupdyr. Arheologlaryň köp sanly tapyndylary hem muňa şaýatlyk edýär. Olaryň arasynda syrçaly nagyşly faýans gap-gaçlarynyň ajaýyp nusgalary has tapawutlanýar. Mongollaryň çozuşyndan soň, kerwen ýollarynyň beýleki ýerlere süýşmegi netijesinde bu ülke kem-kemden pese gaçyp başlapdyr. Oazisiň suwaryş ulgamyny suw bilen üpjün eden Etrek derýasyndaky bendiň weýran bolmagy netijesinde bu ýerler çöllüge öwrülipdir.

Misrianyň harabalyklary häzirki wagta çenli saklanyp galan goşa gala diwary bilen gurşalyp alnypdyr. Şol diwarlar köp sanly diňleri hem-de kuwwatly goranyş desgalaryny öz içine alypdyr. Şähristanyň içinde (şäheriň diwarlary bilen goralan esasy böleginde) tekiz çöl landşaftynda alyslardan seleňläp görünýän dört sany diň 18 – 20 metre beýgelip gidýär. Bu diňleriň ikisi ХIII asyryň metjidiniň uly derwezesiniň sütüni bolupdyr.

Olary birleşdiren derweze ХХ asyryň başynda weýran bolupdyr, ýöne ony bu ýere 1902-nji ýylda gelen fotokameraly ilkinji adam surata almaga ýetişipdir. Şol adam bolsa rus harby inženeri Boris Kastalskidir. Beýleki iki diň tegelek sütüne eýe bolan hem-de ilki başdaky beýikliginiň diňe ýarysyny saklap galan minaralardyr.

Demirgazyk minara iň könesi hasaplanylýar. Onda saklanyp galan ýazgylardan çen tutsaň, ol binagär Ali bin Ziýad tarayndan 1004-1005-nji ýyllarda metjit bilen bilelikde gurlupdyr. Soňra metjit doly weýran bolupdyr. Bu desgalaryň buýryjysynyň ady hem mälimdir. Onuň ady Abu Jafar Ahmed bolupdyr.

Ikinji minara 120 metr günorta tarapda, 200 ýyla golaý wagtdan soň, ýokarda agzalyp geçilen metjidiň burçunyň golaýynda gurlupdyr. Bu metjit köşk görnüşinde bolup, sütünli galereýalary öz içine alypdyr. Onuň esasy binasynyň gümmezli, kwadrat görnüşindäki zaly bolupdyr. Şol binanyň diňe iki sütüni saklanyp galypdyr.

Sütünleriň ikisi hem mawy syrçaly nagyşlar bilen bezelen kerpiçlerden dikeldilipdir. Olarda ösümlik nagyşlary hem-de täsin ýazgylar agdykdyk edýär. Şol ýazgyda şa Muhammet II hem-de gurluşykçy ussalaryň atlary ýatlanyp geçilýär.

Misrianda iň azyndan ýene-de 4 metjit bolupdyr—olaryň ikisi şähristanda, ikisi bolsa ony gurşap alan senetçiler şäher ýakasynda – rabatda ýerleşipdir. Demirgazyk rabatdaky, şäheriň daşyndaky metjidiň keşbi diňe suratlarda saklanyp galypdyr: ol ХХ asyryň ortalarynda weýran bolupdyr. Minaraly beýleki bir metjidiň galyndylary gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Metjitleriň ýene-de biri alymlar tarapyndan ХIХ asyryň ahyrynda—ХХ asyryň başynda edilen ýazgylaryň hem-de suratlaryň netijesinde mälim bolupdyr.

Kerwenler köp asyrlaryň dowamynda Dehistanyň üstünden geçipdir, şoňa görä-de, bu ýerde köp sanly kerwensaraýlaryň gurlandygy tötänden däldir. Dehistanyň şäherleriniň özleri hem köp babatda söwda ýollarynyň hereket etmegi netijesinde gurlupdyr. Şol ýollar bolsa Hazar deňziniň we Köpetdagyň gerişleriniň arasyndaky jülgäniň üstünden geçipdir.

ХI asyryň ahyryna çenli tutuş Horasanyň we goňşy welaýatlaryň binagärligine mahsus bolan köşkler kemala gelipdir. Bu gönüburçly ýa-da kwadrat görnüşindäki desgalar içki howlyny, şol sanda kireýine ýaşaýan adamlar üçin niýetlenen, uzaboýuna ýerleşýän otaglary, ammarlary, düýeler üçin niýetlenen telärleri öz içine alýar. Şeýle görnüşindäki iri kerwensaraýlaryň ikisiniň galyndary Dehistanyň günorta we Gündogar rabatlarynda ýaýlyp ýatyr.

Misriana dört tarapyndan galtaşan rabatlarda senetçi toplumlaryň yzlary, küýzegärlik ussahanalarynyň galyndylary saklanyp galypdyr. Gunorta rabata bag-seýilgäh desgalary we bazar meýdançasy, günbatar rabata bolsa gür ýaşaýyş jaýlarynyň yzlary saklanyp galypdyr. Gündogar we günorta rabatlar has gür ilatly bolupdyr: bu ýerde suwaryş ýaplary we baş akaba geçip, olar şäheri suw bilen üpjün edipdir.

Dehistanda şeýle hem Türkmenistanda ýeke-täk, mongollaryň çözuşyndan öňki döwre degişli bolan medrese bolupdyr. Dehistanda şäher medeniýetiniň ösüş derejesine onuň abadanlaşdyrylmagy şaýatlyk edýär: onda suw üpjünçilik we lagym ulgamlarynyň, hammamlaryň, kerpiç köprüleriniň bolandygy anyklandy.

Maşadyň gadymy gonamçylygynyň çäginde şäherden edi kilometr aralykda birnäçe orta asyr kümmetleri we Maşat ata metjidi saklanyp galypdyr, ol möhüm ýerli mukaddeslik bolup hyzmat edipdir. XX asyryň käbir neşirlerinde ony ýalňyşlyk bilen Şir-Kabir diýip hem atlandyrýarlar, emma bu at düýbünden başga metjide – Misrianyň demirgazyk rabadynda ýerleşen metjide degişli bolupdyr. Olar hakykatdan-da biri-birine meňzeş bolupdyr: olaryň ikisi hem üsti gümmezli kub görnüşdäki jaý bolupdyr.

Dörtburç çig kerpiç Maşat ata metjidiniň ilkinji gurluşyk serişdesi bolup hyzmat edipdir. XII asyrda, soňra bolsa orta asyrlarda (mümkin XVII-XIX asyrlarda) binanyň durky iki gezek täzelendi. Metjidiň dört tarapy hem bişen kerpiç bilen örtüldi, ondan şeýle hem gümmez galdyryldy. Binada IX-X asyrlaryň aýry-aýry bölekleri saklanyp, olara özboluşly haşamlama degişli bolup durýar. Ol biri-birine ýelmenen tagçalaryň üçüsinden ybarat bolup, düýpli haşamlama bilen arap ýazgylary we nagyşlary bilen örtülipdir.

Birnäçe ýyl mundan ozal bu mährap, binanyň tutuş içi ýaly gaýtadan dikeldildi. Metjidiň girelgesiniň öňündäki baýyrlykda şol bir wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Netijede ýer astynda bir metr çuňlukda ortasynda howzy bolan daş düşelen howly ýüze çykaryldy. Bu howlynyň töwereginde sopularyň ýaşaýyş jaýlary - hanakalar ýerleşipdir, olarda XI-XII asyrlarda sopular ýaşapdyr. Olaryň durmuşda ulanýan köpsanly zatlary – agyr degirmen daşlaryndan başlap, bürünç çyralaryna, keramiki gap-gaçlara we hoşboý yslar üçin aýna gutular arheologik tapyndylaryň uly toplumyny düzdi.

Horezmden Eýrana alyp barýan kerwen ýoly Dehistanyň üstünden geçipdir, ol Aşgabat 2017 Oýunlarynyň açylyş dabarasynda çeper serişdeler aýdyň görkezildi. Kerwen ýoly Uzboýyň häzirki hanasynyň uzaboýuna, uzak geçmişde bolsa Hazar deňizine guýan Amyderýanyň akymynyň ýanyndan geçipdir.

Orta asyr arap taryhçysy al-Makdisi dehistan obalarynyň ýigrimi dördüsini agzap geçipdir, emma arheologlar olaryň kyrka golaýyny ýüze çykardylar, özü-de, olaryň käbiri ölçegi boýunça orta asyr şäherlerinden pes bolmandyr. Ösen gorag desgalary, çeperçilik aýratynlyklary, ýerine ýetiriş tehnikasy we Dehistanyň monumental ýadygärlikleriniň möçberi olary Merw, Ürgenç, Samarkant ýaly paýtagt merkezleri bilen bir hatarda goýýar.

Mundan başga-da, çig kerpiçden gurlan desgalary bilen Horasanyň şäherlerinden tapawutlylykda bu ýerde eýýäm bir müň ýyla golaý ozal bişen kerpiç diňe jemgyýetçilik binalarynda däl-de, eýsem, şäherlileriň ýaşaýyş jaýlarynda hem ulanylypdyr, bu bosla ýerli ilatyň ýokary durmuş derejesine jaýatlyk edýär. Hünärmenleriň pikirine görä, hat-da Misrianyň we Maşadyň ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň Dehistanyň baý geçmişi bolan iri taryhy – medeni ýer hökmünde binagärliginiň häsiýetli aýratynlyga eýe bolandygyny görkezýär.

1991-nji ýylda Hazarýaka gadymy oazisiň tutuş çägi Döwlet taryhy-medeni goraghana diýlip yglan edilen wagtdan bäri ol türkmen arheologlarynyň hem-de olaryň Fransiýadan we Ispaniýadan kärdeşleriniň ençeme gezek gazuw-agtaryş geçiren ýerine öwrüldi.

Dünýäniň köp ýurtlaryndan jahankeşdeler bu ýere gelip, Türkmenistanyň orta asyr medeniýetiniň ýokary derejesine şaýatlyk eden ýadygärlikleri höwes bilen synlaýarlar.

3. Köneürgenç – ussalaryň we akyldarlaryň şäheri

Gadymyýetiň ýyl ýazgylarynda Ürgenç diýlip atlandyrylan Köneürgenç – bu Türkmenistanyň demirgazygynda, Amyderýanyň köne hanasynyň çep kenarynda ýerleşen iri arheologik toplumdyr. Ol häzirki Köneürgenç şäherinde ýerleşýän harabylyklaryň we ýadygärlikleriň ençemesine eýe bolan goralýan zolak bolup durýar.

Bir mahallar Ürgençde gündogaryň beýik akyldarlary al-Biruni, al-Horezmi, Ibn Sina döredijilik bilen meşgullanyp, bu ýerde Çingiz hanyň goşunlaryna garşylygyň esasy daýanjy ýerleşipdir. Köneürgençli türkmenlar öz hakydasynda diňe baý mazmunly döredijiligi däl-de, sýsem köne durmuşyň alamatlary bolan gadymy senetleri saklap galypdyr. Köneürgenç mukaddeslikleriniň birnäçesi – ozaly bilen sopy şeýhi Nejmeddin Kubranyň gadymy gonamçylyga ýanaşyk ýerleşen kümmeti bolup, ol halk arasynda “Üçýüz altmyş” diýlip atlandyrylýar. Bu san bu ýerde jaýlanan keramatly adamlaryň sanyny aňladyp, häzire çenli bu ýere Aziýa ýurtlarynyň musulmanlary hem zyýarat edýärler.

Emma geçmişde şöhraty äleme dolan ussat gurluşykçylaryň, suratkeşleriň we bezegçileriň şäherleri – bu olaryň asyrlar boýy saklanyp galan binagärlik merjenleridir. Olar peýda bolmazdan öň Merkezi Aziýanyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen gadymy türkmen ýurdunyň gurluşyk sungatynyň we çeper medeniýetiniň dowamly özgerşligi bolup geçýär.

Köneürgenjiň esaslandyrylan wagty entek kesgitlenmedi. Kyrk molla diýlip atlandyrylýan baýyrlykda geçirilen gazuw-agtaryş işleri biziň eramyza çenli V-II asyrlaryň keramikasyna örtülen has irki medeni gatlakda gurlan kuwwatly antiki galanyň şekillerini ýüze çykardy. Bar bolan rowaýata görä, bu ýerde örän uly we ajaýyp köşk ýerleşip, onda akyldarlaryň kyrkysy kyrk müň okuwça sapak beripdirler. Bu ýer Mamunyň akademiýasy ýa-da Hiwakiniň kitaphanasy diýlip atlandyrylýan uly medrese bilen baglanyşykly bolupdyr diýlip hasaplanýar.

Elbetde, bu ýerde harby inženerçilik gurluşygy ösen şäheriň ilkibaşdaky merkezi ýerleşipdir. Bu bosla alymlaryň hut Ürgenjiň, başgaça aýdylanda Urwanyň (ýa-da Urganyň) Awestada agzalýandygy baradaky çaklamasyny tassyklaýar. Bu ýerlerde biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykda adamlaryň ýaşandygyna patyşa Dariý I Dehistun ýazgysy hem şaýatlyk edýär, onda Horezm Ahemenidleriň golastynda bolan ýigrimi üç ýurduň biri hökmünde agzalýar.

Han eýýamynyň (biziň eýýamymyzyň I asyry) hytaý ýylýazgylarynda hem Ürgenç hakynda habar bar. Beýleki bir ýazgy ýene-de hytaý çeşmelerinde agzalyp, VII asyra degişli bolup durýar. Bu döwürde Horezmiň galkynyş döwri başlanýar, ol şäherlere täze durmuş getirýär, bize belli bolmadyk sebäplere görä bu durmuş IV asyrda togtapdyr: olar çep kenardaky Köneowaz, Yzmykşir, Diýarbekir, Şasenem we beýlekilerdir.

712-nji ýylda tutuş Horezmi araplar basyp balýar, şondan soň Köneürgenç (Ürgenç) arapça Jürjaniýa diýlip atlandyrylyp başlapdyr. Ol örän çalt ösüpdir, sebäbi günortadan demirgazyk-günbatara - Wolga derýasyna, gündogara – Mongoliýa we Hytaýa geçen söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Samanidler döwründe sag kenardaky Kýat şäheri welaýatyň paýtagty bolupdyr, bu ýerde horezm şalarynyň ýerli neberesi höküm sürüpdir.

Horezmiň çep kenar böleginde baş şäherde Samanidleriň bellän wekilleri dolandyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, olar öz mülküni Kýat şäherinden garaşsyz diýip yglan edýär, bu bolsa demirgazygyň günortadan bölünmegine getirýär. 995-nji ýylda emir al-Mamun ibn – Muhammede Kýat şäherini basyp almak, musulmanlardan öňi döwrüň neberesini ýykmak, Horezmi täzeden birleşdirmek hem-de Horezm şasynyň derejesini öz neberesine geçirmek başardýar.

Gan döküşikli harby wakalardan, uzak ýerlere ýörüşlerden hem-de çylşyrymly syýasy pirimlerden ybarat bolan XI asyryň başynda Mamun I uly ogly Ali ibn – Mamunyň tagtda gysga wagt oturmagyndan soň onuň beýleki ogly – Mamun ibn Mamunyň höküm süren ajaýyp döwri bilen üýtgeýär. Hut onuň döwründe tagtdan agdarylan Samanidleriň paýtagty Buharanyň şan-şöhtanyny peselden Ürgençde köşgüň ýanyndaky “Akademiýanyň” alymlarynyň topary döreýär. Beýik ensiklopediýaçy Abu Reýhan Muhammed ibn-Ahmed al-Biruni (973-1050) hem-de günbatarda Awisenna diýlip tanalýan, beýik tebigaty öwreniji, lukman we akyldar Abu Ali ibn Sina (980-1037) akyldarlar onuň bezegi bolupdyr.

Şäheriň taryhyndaky bu ajaýyp döwür Mamun II 1017-nji ýylda aradan çykyp, Horezmi soltan Mahmyt Gaznawynyň basyp alan döwrüne çenli dowam edýär. Şondan çärýek asyr geçenden soň bolsa Seljuklar Gaznawylylaryň ähli ýerlerini basyp alýarlar. Şäheriň taryhy Oýunlaryň açylyş dabarasynda teatrlaşdyrylan sahnada öz aýdyň beýanyny tapdy.

1097-nji ýylda Horezm şalarynyň soňky we görnükli neberesi bolan Anuşteginidleriň başyny başlan waka bolup geçýär. Seljuklar Kutb ad-din Muhammet I Horezmiň hökümdary edip belleýärler. Ol 30 ýyl höküm sürýär hem-de ömrüniň ahyryna çenli Soltan Sanjara wepaly bolýar, soňra ol Horezm şalarynyň tagtynda öz ogly Atsyzy belleýär. Ol kem-kemden Merkezi Aziýanyň demirgazyk-günbatar bölegini özüne tabyn edýär. Onuň agtygy Tekeş ibn Il Arslan 1194-nji ýylda öz çäklerini orta asyr imperiýasynyň çäkerine çenli giňeldýär.

Tekeş Al-ad-din Muhammed II ogly beýik Horezm şalarynyň döwletini kemala getirmegi tamamlaýar, döwlet onuň döwründe has kuwwatly imperiýa öwrülýär: ol Hazarýaka demirgazyk etraplaryndan Pars aýlagyna hem-de Kawkazdan Hindiguşa çenli uzalyp gidýär. Bu ajaýyp döwürde Ürgenç imperiýa merkezi bolup, onda sungat, senetler we söwda gülläp ösýär.

Köneürgenç şäheriniň harabalyklarynda Hroezm şa eýýamynyň aýdyň alamatlary arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri hökmünde galypdyr. Olaryň hatarynda iki çadyrly kümmet bar, olary dürli-dürli atlandyrýarlar, şonuň üçin hem olarda belli bir atlary görkezýän hiç hili ýazgy galmandyr.

Iň ilkinji, has irki kümmet diýlip Horezm şasy Il Arslanyň kümmeti hasap edilýär, emma halk arasynda Pahrazi –mazar ady ýörgünlidir, ol Gürgençde ýaşan meşhup alym –ensiklopediýaçy Fahr ad –Din Raziniň ady bilen baglanyşyklydyr. Hünärmenleriň umumy ykrar etmegine görä, ol paýtagtyň ýykylman galan binalarynyň iň gadymkysydyr – Merkezi Aziýanyň mongollaryň çozuşyndan ozalky iň belli binalarynyň biridir, bu desga täsin galdyryjy tehniki we çeperçilik aýratynlyklary özünde jemleýär, heniz amal edilmedik, geljekki binagärligiň taglymlaryny hem-de nusgalaryny şöhlelendirýär.

Hut şoňa görä-de sungaty öwrenijileriň birnäçe nesli soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda orta asyr binagärliginiň göwrümi kiçijik hem-de gaýtalanmajak naýbaşy binasyna gaýta-gaýta dolanýarlar, onuň gelip çykyşynyň syrlaryny hem-de ýönekeý şekilleriniň, sazlaşyklarynyň we timarlanylyşynyň ajaýyplygyny açmaga çalyşýarlar.

Ikinji kümmet hem alymlaryň öňünde uly soraglary goýýar. Onuň hem iki ady bar. Halk arasynda ol mazar Şarap baba ýa-da Gök gümmez diýlip atlandyrylýar. Emma ýazuw çeşmeleri Il Arslanyň ogly Horezm şasy Tekeşiň kümmetidigini tassyklaýar, ol entek diri wagty uly medrese bilen bir toplumda özüne kümmet gurdurypdyr.

Geçirilen gazuw-agtaryş işleri häzirki wagtda ýeke özi seleňläp oturan belent gümmezli kümmetiň ilki başda bir iri binanyň bölegi bolandygyny tassyklaýar, ol binadan diňe binýadyň käbir bölekleri galypdyr. Şeýle bolsa-da, bu belent hem ajaýyp ýadygärlik biziň günlerimize çenli doly derejede saklanyp galypdyr, oňa binagärlik taglymy hem-de ussatlyk bilen gurlandygy, inžener pikiriniň batyrgaýlygy, düzüm bölekleriniň gözelligi hem-de içki bezeginiň nepisligi babatynda taý geljek bina ýokdur. Bu ýerde adaty bolmadyk täsinlikler kändir we olar göräýmäge şol döwrüň binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmeýän ýalydyr.

Emma eger-de bu binany Kiçi Aziýadan we Zakawkazýeden Hytaýyň we Hindistanyň serhetlerine çenli çäklerdäki yslam dünýäsiniň beýleki ýadygärlikleri bilen deňeşdirilende onuň şol ýadygärlikler bilen berk baglanyşyklydygyny, gurluşyk sungatynyň näbelli ussatlarynyň ýeten derejelerini käbir wagtlarda ösdürendigini, beýleki bir taraplan bolsa öňden görendigini duýup bolýar.

Orta asyrlaryň ýazuw çeşmelerinde Köneürgençde (Gürgençde) öň ýatlanylyp geçilen “Mamunyň Akademiýasy”, Nyzam al –Mülküň medresesiniň we kitaphanalarynyň, Muhammet an –Nesewiniň, Şihab ad –din Hiwakiniň medreseleriniň, ymam az –Zamahşariniň kümmetiniň ýerleşendigi mälimdir, köp sanly köşkler, metjitler, kerwensaraýlar we şäher derwezeleri barada bolsa aýtmak hem hökman däldir.

Köneürgençde XI asyryň baş Juma metjidiniň galyndylary içgin öwrenilendir, bu ýerde ägirt uly sütünli zalyň daş binýatlary hem-de minaranyň binýady saklanp galypdyr, ýöne soňra olar birnäçe gezek gaýtadan guruldy we durky täzelenildi. Rowaýata görä, hut şu ýerde bir wagtyň özünde musulmanlaryň 40 müňüsi namaz okap bilipdirler. Bu minara laýyk bir müň ýyl mundan ozal gurlupdyr – bu ýerden ýerli ýaşaýjylar tarapyndan XIX asyryň ahyrynda tapylan gurşun plitada gurluşygyň Horezm Şasy Mamunyň hökümi boýunça 1011-nji ýylda alnyp barlandygy baradaky ýazgy bar.

Şäheriň mongollaryň gelmeginden ozalky bölegi (Daşgala) şäher harabalygynyň günorta ýarymyny eýeleýär. Bu ýerde şäher derwezeleriniň dördüsinden üçüsiniň ýerleşen ýerleri kesgitlenildi. Orta asyr ýyl ýazgyçylary köpsanly ýaşaýyş jaý toplumlary we iki sany hökümet köşkleri, şäheriň eteklerindäki şady-horramlyk baglary hem-de Gürgenji kesip geçýän uly derýa barada ýazýarlar. Olardan hiç hili alamat galmandyr, emma käýerlerde bäş metr beýiklige çenli Daşgalanyň örän gowşan diwarlary galýar.

1221-nji ýylda ýarym ýyla çeken gadawdan soň mongollar şäheri eýeleýärler we ýykýarlar. Emma soňra Ürgenç diýlip atlandyrylan Gürgenç amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde tiz wagtdan dikeldilýär hem-de özüniň söwda – senetkärlik we edara ediş merkezi hökmündäki derejesine eýe bolýar. Olimpiýa stadionyndaky ýatdan çykmajak dabara gatnaşan artistler ajaýyp sahna arkaly onuň köp öwüşgünli durmuşyny suratlandyrdylar.

Juçi ulusynyň düzümine girmek bilen, soňra bolsa Altyn orda hanlyklarynyň ulgamynda garaşsyz diýen ýaly derejä eýe bolup, Horezm Timuryň çozuşlaryna çenli dowam eden abadançylyk döwrüne gadam basýar. Muňa beýik arap geografiýaçysy we syýahatçysy Ibin – Battuta şaýatlyk edýär, ol 1333-nji ýylda Ürgenje gelýär webu şäheri iň iri hem-de güllüäp ösýän türkmen şäheri diýip atlandyrýar.

Bu hakykatdan-da, şäheriň taryhynyň ajaýyp döwri boldy. XIV asyryň birinji ýarymynda Üogenjiň okgunly ösmeginde ýerli hökümdar Gutluk Timura we onuň aýaly Törebeg hanyma aýratyn orun degişlidir. Olaryň howandarlygynda mongollaryň çozuşyndan öňki döwre degişli saklanyp galan ýadygärlikleriň durky täzelenipdir, şäheriň daşyndaky namaz -- metjidiniň ýanyndaky XI asyryň minarasy düýpli abatlanyldy, ol dünýäde iň beýik desgalaryň biridir. Gutluk Timuryň we onuň aýalynyň howandarlygynda, şeýle hem şäher diwarlarynyň çäklerindäki meýdançanyň ep-esli bölegi guruldy, şäher diwarlarynyň 10 kilometre golaý uzynlykda saklanyp galypdyr, emma häzirki wagtda onuň bir bölegi ýere siňipdir. Bu diwar Akgala galasyndan demirgazyga tarap uzaýar, häzirki wagtdaky goraghananyň çäginiň tutuş daşyny gurşap alýar hem-de günorta tarapda Horezmbag galasyna taprap öwrülýär. Onuň günorta diwarynyň töwereginden Amyderýanyň suwy akypdyr. (Darýalyk akabasy).

Şol döwür hem biziň şu günlerimize çenli saklanyp galan orta asyrlaryň hakyky ajaýyp binagärligi bolan Törebeg hanymyň kümmeti guruldy. Ol täsinligi we monumentallygy, nepis mozaiki usullar görnüşinde bolan reňkleriň, nusgawy çylşyrymly nagyşlaryň köpdürlüligini özünde jemleýär. Gadymy binagärler bu ýerde ýylmanak kerpiçleriň ýüzünde goňrumtyl gyzyl toprakdan nepislenip ýasalan görnüşde syrçalaryň ýalpyldysyny ýiti duýgurlyk we ökdelik bilen peýdalanypdyrlar. Merkezi Aziýanyň binagärligi mundan ozal ýeke-täk çeperçilik wezipeleriniň çözülmegine ýykgyn edýän giňişligi guramakda şeýle döredijilik erkini, şeýle baý bezegleri heniz bilmeýärdi.

Gutlug Temir 1335-nji ýylda ýogalyp, öz adyny minaranyň ýüzündäki ýazgyda ebedileşdirdi. Ol häzire çenli onuň adyny göterýär. Onuň döwri bilen Köneürgenç ýadygärlikleriň ençemesi baglanyşyklydyr. Şol ýadygärlikleriň hatarynda kerwensaraý derwezeleri hem-de Nejmeddin Kubranyň kümmeti bar. Ýöne 1388-nji ýylda ýene-de bir heläkçilik boldy –Teýmir köp binalary ýumrup edip hem-de galan ilaty Samarkanda göçürip, Ürgenji gurakçylara sezewar etdi. Emma esasy zat Teýmirden bu ýerden ussat binagärleriň we gurluşykçylaryň toparlaryny alyp gitdi. Olar soňra onuň üçin Samarkandyň ajaýyp binalaryny gurdular. Bu wakadan soň Gadymy Ürgenç birnäçe gezek gaýtadan dikeldilmäge synanyşylsa-da, eýýäm dikeldilmedi.

XV asyrdan başlap ählumumy häsiýete eýe bolan işler başlanyp, şäheriň galkynmagyna päsgelçilik berdi Amyderýanyň hanasy üýtgedi we derýa şäherden 40 kilometre golaý daşlaşdy. Munuň bilen birlikde, Ýewropanyň Hindistanyň we Hytaýyň deňiz ýollarynyň ösdürilmegi, şeýle hem Amerikanyň açylmagy transkontinental kerwen söwdasynyň kem-kemden aradan aýyrmagyna getirdi hem-de Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetiniň umumy pese gaçmagyny ýüze çykardy. Şondan soň ol dünýä siwilizasiýasyndan üzňelikde boldy.

Ýene-de ýüzýyllyk töweregi döwür geçenden soň, umumy pese gaçma ýakyndaky ýerleriň doly suwsuz galmagy bilen has-da çuňlaşdy hem-de Ürgenjiň ilaty mesgen tutan ýerlerinden gitmeli boldy. 1646-njy ýylda Hywa hany Abulgazy olara Hywa bilen Amydeýanyň esasy hanasynyň arasynda günorta-gündogara tarap 190 kilometrlikde ýerleşmäge mümkinçilik berdi. Şol ýerde hem täze şäher esaslandyryldy, ol hem Ürgenç adyna eýe boldy, ozallar beýik bolan Gürgenjiň harabalyklary bolsa häzire çenli hem Köneürgenç diýlip atlandyrylýar. 1831-nji ýylda Nejmeddin Al Kubranyň kümmetiniň demirgazygynda suwaryş akabasy Hanýap gazyldy. Onuň kenarlarynda oba görnüşli uly bolmadyk şäherçe emele gelip, häzirki Köneürgenç şäheriniň esasyna öwrüldi.

... Ýyllar we ýüzýyllyklar geçýär, ýöne hakyky sungat öçmeýär, tersine barha täze ölçegler bilen peýda bolýar. Köneürgenjiň deňsiz-taýsyz gadymy binagärliginiň ajaýyplygyna dünýä diňe XXI asyrda doly baha berip bildi. Ol bu taryhy şäheri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdy. Bu waka 2005-nji ýylyň tomsunda, “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň döredilmegine laýyk 20 ýyl bolandan soň bolup geçdi. Şondan bäri gorag zolagynyň çäklerinde köpsanly taryhy desgalary öwrenmek, konserwirlemek we dikeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar, ýüze çykarylan hemme ýadygärlikler hasaba alyndy, özi-de, şäheriň çäklerinde däl-de, eýsem tutuş Daşoguz welaýatynda şeýle edildi.

Dünýä tanalmaz derejede özgerdi, ýöne binagärligiň gadymy däplerine sanly tehnologiýalaryň we kompýuterleriň häzirki eýýamynda has-da uly isleg bildirilýär. Aziada - 2017-niň aylyş dabarasynda giňmöçberli sahnany döredijiler hem bu görnüşi tomaşaçylara ýetirmäge çalyşdylar. Ussat gurluşykçylar Köneürgençde häzir hem bar. Şäherde saklanyp galan ähli orta asyr ýadygärlikleri diýen ýaly hut şularyň eli bilen täzeden dikeldildi, olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Bu bolsa syýahatçylar we zyýarçylar üçin bu ýere gelmegi ýeňilleşdirýär.

Gündogaryň taryhynda bu şäheriň belentligi we ähmiýeti, onda saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň çeper gymmaty barlag geçirýänleriň we jahankeşdeleriň barha uly ünsüni çekýär. Munuň özi Köneürgenç landşaftynyň ähli gurluşlary, harabaçylyklary hem-de sessiz ýatan baýyrlyklary bilen diňe bir goralýan künjek hökmünde saklanyp galman, eýsem-de, Garaşsyz Türkmenistanyň eýýamyna mynasyp bolan häzirki zaman düzümlerine eýe bolup ösjekdigini aňladýar.