«Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa stadionynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda Beýik Parfiýa döwletiniň we onuň ajaýyp paýtagty Nusaýyň taryhy, Dehistanyň orta asyrlarda döredilen binagärlik ajaýyplyklary, tutuş gündogarda ussalary we alymlary bilen belli bolan Köneürgenjiň şöhraty, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň geçmiş taryhy öz beýanyny tapdy. Gadymy döwürlerde Türkmenistanyň gündogar künjeginde gadymy söwda şäheri bolan Amul gülläp ösüpdir. 

Stadionynyň meýdançasynda özboluşly täsinlik mysaly orta asyrlar Daýahatyň kerwensaraýy emele gelýär. Dürli öwüşginli gündogar bazary joşgun tapýar. Ähli ýerde türkmen topragynyň önümlerinden doly bolan arabalar görünýär. Bazar aktýorlary bolan akrobatlar, gurjak oýnadýanlar özboluşly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrýarlar. Köp sanly hyzmatkärler bilen gurşalan derejeli adamlar, ýönekeý ilat we daşary ýurtlardan gelen söwdagärler görünýär. 

Täjirler joşgunly owazlary bilen alyjylary özlerine çekýärler we olara harytlary synlamaga mümkinçilik döredýärler. Günortanyň jöwzasynda eli küýzeli gyzlar arassa çeşme suwuny, şireli miwe suwlaryny we meşhur türkmen üzümlerini hödürleýärler. 

Şeýle hem bu ýerde Beýik Ýüpek ýoly bilen uzakdaky, deňiz aňyrsyndaky ýurtlara ýola düşýä nobatdaky kerwenleri görmek bolýar... 

4. Jeýhunyň kenarlarynda 

Orta asyr ýazgylarynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry uly türkmen şäherleriniň üstünden geçendigi aýdylýar. Olaryň hatarynda Amul (häzirki Türkmenabat) şäheri aýratyn orun eýeläpdir. Bu ugur boýunça Günbataryň we Gündogaryň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Beýik Ýürek ýolunyň dörän ilkinji asyrlarynda Rim bilen Parfiýanyň arasynda Hytaý bilen Ýewropany baglanyşdyrýan bu ýoluň möhüm ugurlaryna gözegçilik etmek ugrundaky göreşler bolupdyr. 

VII asyrdan soňra yslam medeniýetiniň gülläp ösmegi bilen bu ýoluň ugrundaky söwdanyň hemmesi arap täjirleriniň elinde bolupdyr. Dürli harytlar bilen ýüklenen kerwenler halkara hyzmatdaşlygynyň esasy serişdesine öwrülipdir we olar häkimleriň goldamagy bilen dürli ýurtlaryň bazarlaryny köp görnüşli harytlar bilen üpjün edip, ykdysadyýetiň ösüşini şertlendiripdirler. 

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda näçe şäherleriň we obalaryň dörändigini sanamak mümkin däl. Olaryň häzirki döwürde bar bolanlary uly ösüş ýoluna düşdüler. Şäherleriň şowhunly bazar meýdançalarynda haryt bolçulygy üpjün edilipdir. Türkmenistanyň bazarlarynda dürli halklaryň wekilleri bolupdyr. Watanymyzyň günbataryndan gündogaryna, Hazardan Jeýhuna çenli çäklerine ser salanyňda, bu barada şaýatlyk edýän dürli eýýamlaryň köp sanly taryhy ýadygärliklerini görmek bolýar. 

Amyderýanyň ugrunda dürli milletlerden bolan şäherleriň döremegi köp şahaly ýol ulgamy bolan ýygjam ýaşaýyş toplumlarynyň, dürli görnüşli jaýlaryň emele gelmegine ýol açypdyr. Olarda özboluşly göwrüm — meýilnamalaşdyryş aýratynlyklary bolupdyr. ХIХ asyryň ahyrlarynda Amul şäheri binagärligiň şeýle ruhuny özünde jemläpdir. Ýerli baýlaryň galalary şäheriň merkezi hökmünde hyzmat edipdir. 

Amul beýik derýanyň ýakasynda I—IV döräp, ol Kuşan şalygynyň strategik taýdan möhüm künjegine öwrülipdir. Häzirki döwürde gadymy şäheriň diwarlarynyň galyndylary saklanyp, olarda ýüz ýyl mundan ozal peýdalanylan gurluşyk usullary aýdyň görünýär. IХ—ХII asyrlarda şäher gülläp ösüpdir. Şol döwürde onuň söwda-senagat çäkleri 175 gektara barabar bolupdyr. Amul şol döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolupdyr. Onda Horezmden Mawerranahra (Amyderýa bilen Syrderýanyň aralygy) we Toharistana (Gissar daglary bilen Gindikuşuň aralygyndaky taryhy welaýat) barýan kerwen ýollary geçipdir. 

Amyderýanyň orta akymynyň boýunda Amuldan başga-da, köp sanly şäherleriň onlarçasynyň galyndylary bellige alyndy. Olar III—IV asyrlarda döräp, mongol basybalyjylarynyň çozuşy zerarly weýran bolupdyr. Olaryň biri Zöhre-Tahyr (onuň beýleki ady Köşk-gala) diýlip atlandyrylýan köşkdir. Bu şäheriň galyndylarynyň ýarysy, şol sanda binagärlik galyndylarynyň köp bölegi Amyderýanyň akymy bilen weýran bolupdyr. Ondan Demirgazykda, çägeligiň içinde iri söwda-senagat şäherçesiniň yzlary bellige alyndy. 

Arheologlar bu şäherçäni Nawidah diýip atlandyrýarlar. Ol orta asyr çeşmelerinde köp duş gelýär. Olaryň hemmesi diýen ýaly, Amyderýanyň orta akymyndaky möhüm şäherleriň bäşisiniň hatarynda bolup, Nawidah, Termez, Kelif, Zemm, Amul ýaly görnüşlerde emele gelipdir we hereket edipdir. Nawidahyň çägindäki derýa geçelgesi geçmişde möhüm orun eýeläpdir. Derýanyň çep kenaryndaky Hoja-Idit-gala şäherçesiniň galyndylary saklanyp, olar ýokarky maglumatlary tassyk edýär. 

Şol bir wagtyň özünde şäherleriň şeýle görnüşi Lebabyň obalarynyň esasy gurluş aýratynlyklaryna öwrülipdir. Türkmenleriň hojalyk işiniň we durmuş ulgamynyň aýratynlyklary iri obalaryň ösüşini şertlendiripdir. Olarda binagärlik, bazarlar, howlular, senetkärleriň ussahanalary we beýleki toplumlar şäheriň esasy aýratynlyklaryny özünde jemläpdir. Ýöne olaryň esasy hünäri ekerançylyk bolupdyr. Hut şonuň üçinem bu künjegiň degişli binagärlik ýörelgesi bolupdyr. Gurluşyklaryň şunuň ýaly görnüşlerini häzirki döwürde hem görmek bolýar. Olar netijeli dikeldilýär we syrçaly gümmezleri, kerpiç diwarlary, saman suwaglaryny, gün şöhlesi zerarly reňkini ýitiren agaç aýratynlyklary bilen belli bolupdyr. 

Amyderýanyň orta akymynyň esasy aýratynlygy hökmünde Daýahatyn kerwensaraýyny görkezmek bolar. Onuň şekili Olimpiýa stadionynda dikeldildi. Onuň binagärligi öz gurluşy we özboluşly aýratynlyklary bilen seljuk eýýamynyň binagärlik ussatlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

On iki asyra golaý mundan ozal, haçan-da Orta Aziýanyň beýik derýasy Amyderýa (şol döwürde Jeýhun) has doly suwly bolupdyr. Onuň beýik kenarlarynyň birinde belent bina gurlupdyr. Häzirki Türkmenabat şäherinden çep kenar bilen Demirgazyga tarap 170 kilometr geçensoň, şol bina gözüň düşýär. 

Ýöne Garagum sährasynyň alaňlary derýa has golaý gelipdir. Bu bina derýanyň suwy bilen çägeligiň arasyndaky zolakda 821—822-nji ýyllarda dörtburç galanyň merkezinde gurlupdyr. Horasanda arap Halyfynyň oruntutary Tahir ibn Huseýn bolupdyr. Ol yslamyň irki taryhynda belli şahsyýet hökmünde tanalypdyr. Tahiriýa diýlip atlandyrylýan şol binanyň gurluşygy onuň işi hasaplanylýar. 

Musulman döwleti döwründe Merkezi Aziýanyň çetki etraplarynda öz çäklerini goramak maksady bilen, gaýduwsyz esgerleri saklapdyr. Olar din ugrundaky göreşde “gazy” bolmak maksady bilen, tapawutlanmak isläpdirler. Bu adamlaryň söweşjeň ruhy “rabat” diýlip atlandyrylan şeýle galalarda öz beýanyny tapypdyr. Olar bu ýerde ýaşapdyrlar we öz wagtlaryny harby türgenleşiklere, doga-dileglere bagyşlapdyrlar. 

Paýtagty Merwde ýerleşýän Tahiridler neberesini esaslandyran bir gözli Tahyr ibn Huseýniň Amyderýanyň kenarynda guran rabatyumumy görnüşde biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Dogrusy, eýýäm Seljuklar eýýamynda ol Daýahatyn kerwensaraýyna öwrülip öz esasy wezipesini üýtgedýär. Munuň üçin ХI—ХII asyrlaryň sepgidinde öňki rabatyň merkezi binasy döwrebaplaşdyrylýar: oňa şol döwrüň meýillerine we isleglerine laýyk gelýän täze timarlaýyş örtügi geýdirilýär. 

Türkmenistanyň çäklerinde saklanyp galan düşelge howlularyň arasynda çeperçilik derejesi boýunça oňa taý geljek ýokdur. Hatda, goňşy ýurtlarda hem şol döwrüň diňe iki ýadygärligi — Samarkant bilen Buharanyň arasyndaky esasy ýoluň ugrundaky Garahanidleriň çöl kabulhanasy Rabat-i Mälik, şeýle hem Sarahs bilen Nişapuryň arasynda daglarda Merwiň gubernatorynyň hökümi boýunça gurlan Rabat-i Şarafy Daýahatynyň hatarynda goýup bolar. 

Binalaryň üçüsini hem orta asyrlaryň naýbaşy, kaşaň myhmanhanalary diýip atlandyryp bolardy. Olar Ýüpek ýolunyň köp sanly ýollarynda şäherlerde we çöllük ýerlerde dynç almak we kerwenleri goramak üçin her 25-35 kilometr aralykda (bir günde geçilýän ýol) gurlan san-sajaksyz dürli kerwensaraýlardan aýyl-saýyl tapawutlanýarlar. 

Ol kerwensaraýlaryň köpüsi bir wagtlar ýitip gitdi, harabalyklara öwrüldi, üsti gömüldi, diňe iň ygtybarly binýatda gurlanlary tekizlikden sähelçe saýlanýar. Daýahatyn oňat saklanyp galandyr we onuň häzirki durkuny synlap, onuň ozalky döwründäki asyl, bitewi görnüşini göz öňüne getirmek bolýar hem-de bu ýadygärlik häzirki döwrüň rejeleýji hünärmenlerine binanyň ähli ýiten böleklerini hem-de bezeg düzümlerini berk ylmy esasda asyl nusgasyna daýanyp, gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýär. 

ХI asyryň ahyryna çenli düşelge howlularynyň Horasan üçin has mahsus bolan görnüşi kemala gelýär. Bu gönüburçly ýa-da dört burçly binalaryň ýerleşdirilişi hemişe sazlaşyklydyr – myhmanlar üçin jaýlar bilen gurşalan içki howlyny, ammarlary, ýük ýüklenýän haýwanlar we olaryň iými üçin telärleri öz içine alýar. Eger-de, şäherlerdäki kerwensaraýlaryň goranmak zerurlygy bolmasa-da, olar bazarlaryň ýanynda şäherleriň köp adamly ýerlerinde gurlandyr, emma, uzak çöllüklerde gurlan kerwensaraýlar berk diwarlar hem-de derwezeleriň öňünde dikeldilen kuwwatly diňler bilen goralypdyr. Käwagtlar kerwensaraýlar hökmünde Tahyryýa bilen bolşy ýaly, ulanylman taşlanyp galan rabatlar peýdalanylypdyr. 

Daýahatyna girelgäniň iki tarapynda kerpiç önümi bilen keramatly dört halyfyň (ýa-da türkmenleriň gadymdan bäri atlandyryşy ýaly, çaryýarlaryň) atlary ýazylypdyr, bu bolsa desganyň diňe bir täjirler üçin ýönekeý myhmanhana bolman, hökümdarlar hem-de olaryň ýakynlarynyň öz döwletiniň çäkleri boýunça uzak saparlara giden mahaly dynç almagy üçin döwlet kerwensaraýy bolup durýandygyny aňladýar. Olaryň dynç alýan otaglary beýleki otaglardan adaty bolmadyk ýerleşdirilişi we bezegi bilen tapawutlanýar. 

Daýahatynyň öz metjidi hem bolupdyr. Ol eýwandan sag tarapda uzynlygyna ýerleşip, iki gapdallaýyn derweze bilen üç bölege bölünipdir. Olaryň her biriniň ortarasynda namaz okalýan otaglar dogry Käbä tarap gönükdirilipdir. 

Kerwensaraýyň baş girelgesiniň çep we sag taraplarynda çaryýarlaryň atlarynyň arasynda haçan-da bolsa bir wagtlar ýene bir ýazgy bolupdyr, belki, ol şeýle täsin ýadygärligiň taryhyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik berer. Emma ol ýazgylar doly bozulypdyr – diňe timarlaýyş örtüginiň yzy galan boş çarçuwalar saklanyp galypdyr. Beýik Seljuklar döwletinde bu desgany bina edenler baradaky hakyda bilen bilelikde onuň köne ady hem unudylypdyr. 

“Daýahatyn” ady ХIХ asyryň başyna degişli ýazgylarda ilkinji gezek duş gelýär, olarda bu ýerler barada maglumatlar beýan edilýär. Ýerli ilat bu adyň aýdylyşyny öz şiwelerine görä üýtgedipdirler we häzire çenli Baýhatyn diýip aýdýarlar, ony baý adamyň haýyr-sahawatly aýalynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Daýahatynyň ХV ýa-da ХVI asyrlarda ýene bir gezek durky täzelenipdir. Onuň netijesinde dabaraly girelge häzirki keşbine eýe bolupdyr. Emma haçanda Beýik Ýüpek ýoly boýunça kerwenleriň gatnawy kesilende, bu kerwensaraýyň zerurlygy bolmandyr. Şondan soňra ony ýatdan çykarypdyrlar we ol ýuwaş-ýuwaşdan ýykylyp başlaýar, wagtal-wagtal onda harby toparlar gije ýatmak üçin saklanypdyrlar we seýrek ýagdaýda derwüşler günüň ýiti şöhlesinden bu ýerde gizlenipdirler. 

Ost-Hindistan kompaniýasynyň serkerdesi Riçmond Şekspir Daýahatyny gören ilkinji ýewropalydyr, ol Hyratdan Hywa syýahaty wagtynda 1840-njy ýylda bu ýerde saklanyp, ýadygärlik barada gündeliginde gysgaça ýazgy galdyrypdyr. Onlarça ýyllardan soňra bu sebit Russiýa imperiýasynyň düzümine girizilenden soň, bu ýere ruslaryň birnäçesi gelip görüpdir. 1887-nji ýylda derýa tarapyndan kerwensaraýyň şekilini belli suratkeş Lew Ýewgrafowiç Dmitriýew — Kawkazskiý çekýär, şondan 12 ýyl soň demirýol işleri boýunça ýörite topara gatnaşyjy, meşhur rus ýazyjysynyň ogly Mihail Nikolaýewiç Çernyşewskiý ilkinji gezek ýadygärligiň suratyny alýar. 

XX asyryň 20-nji ýyllarynda Daýahatyny ilkinji bolup, arheolog Aleksandr Aleksandrowiç Maruşenko gözden geçirdi. Türkmenistanyň arheologiýasynyň düýbüni tutan, 1950-nji ýylda bolsa moskwaly arhitektura taryhçysy Anna Maksimowna Pribytkowa kerwensaraýyň ilkinji bölekleýin barlag işlerini amala aşyrdy. Ol “Bu binalaryň birinde, dürli görnüşli ägirt uly örülip ýasalan gümmezleri, gümmez asty gurluşyklary, arkalary, örtgülerden serpigýän reňkli yşyklary, şu we şuňa meňzeş gurluşyklaryň arasyndaky boşluklary agtaryp tapmak mümkindir” diýip ýazýar. 

Soňra bu ýere Günorta Türkmenistan arheologik kompleksi düzümi bilen birlikde onuň işdeşi, geljekki akademik Galina Anatolýewna Pugaçenkowa geldi. Onuň galamyna Türkmenistanyň arhitektura taryhynyň iň düýpli işi degişlidir, olarda Amyderýa portuna degişli ençeme sahypa, şeýle hem bu ýadygärligiň aýratyn gymmatlygy uly göwrümli we anyk düşündiriş bilen beýan edilýär: “Daýahatyn kerwensaraýynyň binagärlik görnüşi kämilligi alamatlandyrýar, ol ulanmak, gurluş maksadalaýyklygy hem-de çeper sazlaşyk babatynda bozulmaz bitewiligi emele getirýär”. 

Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşýän bu ýadygärlik ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girjek iň möhüm desga hökmünde hödürlendi. Aradan biraz wagt geçer we Daýahatyn ýene-de özüni mälim eder, onuň derejesi özgerer we oňa janly taryhy elläp göresi gelýänleriň akymy gelmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň, belki, edil şu ýerde gömülen açaryny, haýsy-da bolsa bir syryny açmak başardar. 

Kerwen ýolundan diňe bir harytlar geçmän, şeýle-de, dürli halklar baradaky maglumatlar – köplenç hem düşnüksiz, anyklanmadyk, dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň özara gyzyklandyrmasy hem bardyr. Bu aragatnaşyk hut Merkezi Aziýadan, aýratyn-da, Türkmenistandan geçipdir, bu sebitiň geografik taýdan ýerleşişi onuň töwereginden aýlanyp geçmäge mümkinçilik bermeýär. 

Gatnaşyklar geçýän ýerlerindäki halklaryň medeniýetine täsir etmän bilmändir. Hut şonuň üçin hem Beýik Ýüpek ýoly – gadymy medeniýetiň ýeten iň ajaýyp sepgididir, ilkinji gezek adamzat taryhynda Ýewropadan Hytaýa çenli giňişlikde ýaşaýan halklary birleşdirip bilipdir. Şol sebäpli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna diňe bir şäher ýa-da ýadygärlik hödürlenmän, taryhy-medeni fenomen hasaplanýan Ýüpek ýolunyň hut özi dalaş edýär. Bu dalaşgärligiň her bir gatnaşyjysy, şol sanda Türkmenistan hem, onlarça kerwensaraýlaryň, gadymy galalaryň, ýerli zyýarathanalaryň we kerwen ýollarynyň ugrundaky şuňa meňzeş binalaryň atlaryny agzaýar. Olaryň arasynda «Aşgabat 2017-niň» oýunlarynyň açylyş dabarasynda tomaşaçylara ýetirilen sahna — Amul hem bardyr. Bu ýerden kerwen uzaga – giňişligiň we wagtyň içinden gadymy Marguş ýurduna tarap geçýär, bu barada bolsa, biz indiki makalamyzda gürrüň bereris.