Sekizinji bäsleşik gününiň jeminde biziň toparymyzda 8 altyn medalyň eýesi boldular

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi, Türkmen türgenleri jemi – 18 medala, şol sanda 8– altyn medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ähli günleriniň netijesi boýunça jemi – 193 medal, şol sanda – 77 altyn, 54- kümüş we 62- bürünç medal gazanyp, umumy hasapda birinji orunda barýar. 

Guşakly göreşiň jemleýji gününde nusgawy “alyş” görnüşinde tutluşyklar geçirildi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşiniň soňky gününi üstünlikli jemlediler. Olar ýokary netijeleri görkezip, birbada finala türkmen pälwanlarynyň 10-sy çykdy. 

Ýygyndy toparymyzda altyn medallary Jepbar Atamämmedow (100 kg ýokary), Seýdi Batyrow (100 kg), Medet Hallygurbanow (60 kg), Mekangeldi Berdiýew (70 kg), Gylyç Jumaýew (90 kg) eýelediler. Türkmen toparynda Leýli Durnazarowa (75 kg ýokary), Zöhre Madraimowa (60 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde tapawutlanyp, altyn medala mynasyp boldular. Guwanç Ýagmyrow (80 kg), Hanmuhammet Patdyýew (90 kg), Rano Uzakowa (70 kg) bolsa kümüş medala eýe boldular. 

100 kg çenli agram derejede Kerim Gurbanow, Seýitmyrat Ataýew (60 kg), zenanlaryň arasynda Maksuda Ýegemberdiýewa (75 kg-dan ýokary), Laçyn Badaglyýewa (55 kg çenli), Hesel Bekiýewa (55 kg), Zarina Abdyrahmanowa (65 kg), Jahan Muhammedowa (75 kg) bürünç medala eýe boldular. 

Bilýard boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça “rus piramidasy” görnüşinde türkmen türgenleriniň dördüsi - Ybabekir Bekdurdyýew, Annamämmet Annamämmedow, Begenç Jumagylyjow, Şamuhammet Täşliýew 24-nji sentýabrda geçiriljek çärýek finala çykdylar. 

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda kikboksing tutluşyklary badalga aldy. Ýarym finala çykan türkmen türgenleriniň ady belli boldy. Olar Farida Gutlymyradowa (56 kg) “full-kontakt” we Gülzada Joragulyýewa (60 kg) “laýt-kik” görnüşlerinde çärýek finallarda degişlilikde siriýaly Samar Abdalladan we özbegistanly Sabina Kimden üstün çykyp, ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Ertir çärýek finallaryň tutluşyklary dowam eder, soňra bolsa kikboks boýunça medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler. 

Türkmenistanyň basketbol 3 x 3 boýunça zenanlar ýygyndysy Eýran Yslam Respublikasynyň toparyny ýeňip, çärýek finala çykdylar. Türkmen basketbolçylary bäsleşigiň ilkinji pursatlarynda hüjüm edip, bäsdeşlerine maý bermediler. Şunlukda, 14:7 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandylar. Ýarym finalda türkmen topary entek ýeňlişe sezewar bolmadyk Tailandyň topary bilen duşuşar. Tailandyň basketbolçylary Iordaniýanyň toparyny 18:4 hasaby bilen ýeňdiler. Siriýanyň we Özbegistanyň toparlary degişlilikde Hytaý Taýpeýiň we Indoneziýanyň toparlaryny ýeňip, ýarym finala çykdylar. Biziň erkekler toparymyz çärýek finala çekeleşikli geçen duşuşykda 12:14 hasabynda Kataryň toparyndan ýeňildiler. 

Erkekleriň arasynda futzal boýunça çärýek final ýaryşlary geçirildi. Biziň ýygyndymyz Owganystanyň topary bilen duşuşyşdy. Bäsleşik örän çekeleşikli we dartgynly ýagdaýda geçdi. Toparlar gezekli-gezegine öňe çykdylar. Biziň toparymyz 2:4 hasaby bilen utulyp barýan oýnunyň tamamlanmagyna 8 minut galanda hasaby deňlemegi başardylar. Goşmaça berlen wagtda bolsa hasap 5:5 boldy. Şeýlelikde, geçirilen penalti urgulary Owganystanyň futzalçylaryna ýeňiş getirdi. Biziň ýygyndy toparymyz bäsdeşligiň dowamynda köpsanly hüjümi amala aşyrsa-da, olaryň oýny şowlamady. 

Owganystanyň topary ýarym final bäsleşikde Tailandyň toparyny 10:4 hasaby bilen ýeňen Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýene-de çärýek final oýunlarynyň ikisi geçirildi. Ýaponiýanyň topary Iordaniýanyň futzalçylaryny 4:1 hasaby bilen utdy. Özbegistanyň ýygyndysy Wýetnamyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji toparlar ýarym final bäsleşiginde duşuşarlar. 

Zenanlar jübütleriniň tennis boýunça çärýek finalynda biziň türgenlerimiz Jahan Baýramowa we Anastasiýa Prenko iki torda 7:6, 6:3 hasabynda utulyp, Hytaý Taýpeýinden jübüt Çang Hsýao-Ýuna we Weý Ting-Çiýehe ýarym finalda oýnamak hukugyny bermeli boldular. 

Türkmen çapyksuwary Begli Garajaýew konkur boýunça şahsy hasapda Dabaraly atly bedewde 31 türgeniň arasynda 11-nji orun eýeledi, birinji orna Katardan HamadAli Al-Attiýah mynasyp boldy. 

Suwda ýüzmek boýunça batterflýaý, arkanlaýyn ýüzmek, erkekleriň we zenanlaryň arasynda 400 metre erkin usulda estafeta ýaryşlary dowam etdirildi. Türkmen ýüzüjisi Merdan Ataýew 50 metr aralyga arkanlaýyn ýüzmek boýunça bäsleşiklerde ýedinji orny eýeledi. 

Erkekleriň arasynda bouling boýunça jübütleýin bäsleşikler geçirildi. Ýaryşyň bu görnüşinde Koreýa Respublikasynyň türgenleri Seon Ýong Ço we Hewon Kang birinji ýere düşdüler. Oýunlaryň üç gününiň dowamynda türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew 4 utuk, Hanjar Ödäýew 3,5 utuk, zenanlaryň arasynda Mähri Geldiýewa we Bahar Hallaýewa 3 utuk gazandylar. Şahsy görnüşdäki küşt ýaryşlary ertir tamamlanar. Ähli oýunlaryň jemleri boýunça ýeňijiler kesgitlener. Soňky günlerde bolsa gylyçlaşmak ugrundaky toparlaýyn bäsleşikler guralar. 

Erkekleriň arasynda 94 kilograma, zenanlaryň arasynda bolsa 75 kilograma çenli agram derejede agyr atletika boýunça geçirilen ýaryşdaryň ýeňijileri kesgitlendi. Ildeşimiz Ruslan Ramazanow “A” toparynda onunjy ornuna düşdi. Bu ýaryşda EYR-dan Sohrab Morady ýeňiji boldy.