DOST-DOGANLYGA ÝOL AÇÝAR TÄZE MENZIL

Bu günki gün gülleýän gül açýan diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzda ähli ugurlarda  ägirt uly ösüşler gazanylýar. Biziň  her bir günümiz toýdyr-baýramlara beslenýär. “Aziýanyň asudalyk adasy” diýip, tanalýan Türkmenistan Watanymyz baky Bitaraplygymyzyň 19 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda, adamlaryň  şatlygyny artdyrýan, ýene bir ýatdan çykmajak wakanyň şaýady boldy. Has takygy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu halkara demir ýolunyň Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasynda goňşyçylyk  gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda örän uly ähmiýeti Türkmen halkynyň goňşa hormat goýmak myhman söýüjilik, parahat söýüjilik ýaly gadymdan gelýän, gyzyldan gymmatly däpleri bar. Ynha şu gün hem goňşy-okara baýramynyň öňisyrasynda, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň Türkmenistan Eýran  aralygyndaky bölegi hem üç döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga  berildi.  

Ýurt baştutanlary Türkmenistan-Eýran serhedine gelip, ýurdymyzyň medeniýet işgärleriniň çykyşlaryny synladylar. Bu ulag geçelgesinde müň ýyllyklaryň dowamynda Ýewraziya yklymyndaky halklary baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky başlangyç öz  beýany tapdy. Çykyşyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri Saadi Şirazynyň, Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kulanbaýyň keşbine girip, bu doganlyk ýurtlarynyň dost doganlykly gatnaşyklaryny çeper beýan  etdiler.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly Hytaýdan gaýdyp, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň  üsti bilen Pars aýlagyna baryp, ondan başga-da Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna tarap uzaýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran trans milli demir ýoly müň ýyllyklaryň  dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ýörelgesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hazaryň üsti bilen geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz, Ýewropa yklym üsti ugur bolan ,,Gündogar-Günbatar” ulag ulgamynda, bu halklara polat ýoluny birikdirmek mümkinçilgini nazara alanyňda, has-da ähmiyetlidir. Dünýä ykdysadyýetini öwrenýän bilermenler täze ýylyň Hazar ýaka sebitiniň ösdürilmegine, ulag önümçilik we durmuş ulgamynyň düzümleriniň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtaýarlar.

 Biz talyp ýaşlara şular ýaly täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistana, Ata-Watanymyza, halkymyza gaýduwsyz, gujur-gaýratly, wepaly nesiller bolup ýetişjekdigimize, biz ýaşlar çyn ýürekden ynandyrýarys.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

 mugallymy Baýram Kerimow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

“Ýylylyk gaz üpjünçiligi we howa çalşygy”

               hünäriniň  2-nji ýyylyk talyby

                       Amangeldi Garlyýew