BAGTYÝARLYGYŇ WE HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOLY

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz Adyl Arkadagymyzyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde günsaýyn gülläp ösýär. Haýsy bir ulgama seredeniňde hem Hormatly Prezidentimiziň ýadowsyz aladalarynyň miwesini görýäris. Şeýle begençli pursatlaryň biri hem Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň açylyşy bolup durýar. Geçen ýylyň maý aýynda bu demir ýol geçelgesiniň türkmen – gazak bölegi ulanylmaga berlipdi. Şol gurulan demir ýolunyň biziň öz gurluşykçylarymyzyň gurmagy biziň başymyzy göge ýetirýär.

       Polat ýoluň Bereketden uzap, Etrege gelmegi bilen ruhy atamyz, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nazary düşen, gezen ýerleri bolan bu topraklar özgerip, täze döwrebap keşbe girer. Türkmenistanyň ulag – üstaşar geçiriljek mümkinçilikleriniň jemlenen pudagyň esaslarynyň biri hem demir ýol ulagydyr. Hazirki wagtda bu pudagyň ösüşine döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň gurulmagy üç döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da artdyrýar. Üç döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşygy hökmünde Türkmenistanyň merkezi banky tarapyndan täze şaý puly hem döredildi. 50 manada deň bolan täze şaý puly Beýik Britaniýanyň zikgehanasynda öndürilendir.

       Demir ýollar ýurdumyzyň ýürek damarlary. Dünýäde suw ýolundan soň, demir ýollary ýük daşamakda ikinji orunda durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda demir ýollarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. 1996-njy ýylda uzynlygy 300 km gowrak bolan Tejen – Sarahs – Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. Şol ýoluň 132 km Türkmenistanyň çäginden geçýär. Şeýlelik-de Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň, şeýle hem ýokarda sanalyp geçilen ýollaryň ulanylmaga berilmegi ulag çykdajylaryny azaltmaga, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, yklymyň çäklerinde söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde biziň amatly geostrategiki ýagdaýyny has netijeli ulanmak üçin goşmaça şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Binýady Berk bolanda bina baky bolýar diýip örän jaýdar belläp geçýär.

       Bize okamaga, döretmäge uly mümkinçilileri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekanynyň

okuw işleri boýunça orunbasary

Çarymyrat Taganow

 

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

“Senagat we raýat jaý gurluşygy”

hünäriniň 3-nji ýyllyk talyby      

Galkan Amanýazow