DOST-DOGANLYK ÝOLY

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halkara daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi gatnaşyklaryda gazanylýan belent sepgitlerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe goňşy döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ýola goýmaga aýratyn uly ähmiýet berýär. Bu babatda türkmen-gazak gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistan bilen Gazagystan köp ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni – gumanitar ulgamlarda netijeli gatnaşyk edýärler. Halkara ähmiýetine eýe bolan “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demir ýol geçelgesiniň gurluşygy ýaly iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.  Ýurdumyzda täze desgalaryň açylmagy, şol sanda iri möçberli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagy Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň üstünlikli rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 Milli Lidermiziň başlangyjy bilen başy başlanan, halkara transkontinental demir ýoly diýip at alan, uzynlygy 934,5 km bolan bu demir ýoluň gurluşygyna üç döwletiň, ýagny Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respubikasynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylda başlanyldy. Ýollaryň ulanylmaga berilmegi ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, täze iş orunlaryny döreder. Bularyň hemmesi adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we hilini gowulandyrmaga ýardam eder.

Türkmenlerde ýol gurmak, köpri gurmak mukaddes işleriň biri hasaplanylýar. Gurýan,gurdurýan adamyň Hakdan ýalkawly,il alkyşly halatly ynsandygy baradaky hakykatdan hemmämiz habarlydyrys. Ýagny ýol guran, köpri guran ýa-da il-günüň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny guran adamyň haýyr-sogapdan ýüki ýetik bolup, halkyň çäksiz hormat-sylagyna eýe bolýandygy her birimize äşgärdir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan onlarça, ýüzlerçe köprüleriň, ýollaryň il-ulsuň ýaşaýyş-durmuşy üçin derwaýys desgalaryňdyr binalaryň, asyl-ha diňe ýurt ýa-da sebit üçin däl, bütin dünýä ähmiýetli ägirt uly gurluşyklarynyň başynda duran eziz Arkadagymyzyň bu babatda bitirýän işleri, amal edýän belent tutumlary barada biygtyýar oýlanýarsyň.Şeýle hem, il-ýurt umumadamzat ähmiýetli belent tutumlarynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

okuw işleri boýunça prorektory Parahat Orazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

“Suw üpjünçiligi we hapalanan suwlary akdyryş”

hünäriniň 1-nji ýyllyk talyby

 Güljahan Satlykgylyjowa