Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem häkimler welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegine ünsi çekdi, şeýle hem pagtaçy babadaýhanlaryň alyn deri bilen ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak möwsümi bellenilen möhletlerde tamamlamak üçin howanyň şu günlerki amatly pursatlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz daýhanlar üçin döredilýän şertleriň olaryň höwesli zähmet çekmegine ýardam berýändigini aýdyp, pagtaçylaryň armasynyň ýetililmeginiň, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň we tehnikalaryň netijeli işledilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň oba ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna düýpli täsir edýändigini nygtady. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda geçirilýän çärelere uly ähmiýet berilmelidigini aýdyp, umumydöwlet häsiýetli bu çäreleriň örän möhümdigini, şoňa görä-de, olara hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk görülmegini we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyz boýunça häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan esasy möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek, babadaýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak barada döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky möhüm möwsümleýin işleriň—bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gysga möhletde agrotehniki kalalara laýyklykda guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, esasy möwsümiň depginini güýçlendirmegiň döwrüň talabydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tehnikalaryň talabalaýyk işledilmegini gazanyp, meýdanlardaky iş depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň şanly Garşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Hormatly PrezidentimizMilli Liderimiz medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän esasy baýramçylyk – Garaşsyzlyk güni mynasybetli dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasynda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, Türkmenistanyň ýeten derejesiniň beýanyny tapmalydygyny belledi. Hususan-da, häkime Aşgabatda geçiriljek açylyş dabaralar mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.