Aşgabadyň gözel seýilgäh zolagynda ýurdumyzda ilkinji golf-klub açylar

Türkmenistanda ilkinji golf-klub 17-nji oktýabrda paýtagtymyzyň merkezi bölegindäki 630 gektarlyk seýilgän zolagyna ýanaşyk baýyrlykda açylar. 70 gektara golaý golf meýdançasy „Ýyldyz“ myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýär. 

Köpleriň halaýan oýny üçin landşaft taslamasyny ameriklay tanymal ussat golfçy Jek Nikolausyň ýolbaşçygyndaky «Nicklaus design» kompaniýasy işläp taýýarlady. Ony ýerinde „Myradym“ türkmen kompaniýasy amal etdi. 

18 sany çukurjykly golf oýny üçin adaty ölçegdäki meýdança golf höweseklerini kabul etmäge taýýar edildi. Esasy zolakda we çemenlikde haşal otsuz, birsydyrgyn deňje otly meýdan ideg edilen gazony däl-de, ýüpek halyny ýada salýar. Ony döretmäge arhitektorlaryň, tehnologlaryň, landşaft dizaýnerleriniň we ... gazonlaryň otuny orujylayň zähmeti siňdi. 

Ony kemala getirenler şol ýeriň çägini, keşbini we relýefini üýtgetmezden kiçi arhitektura görnüşlerini ulanyp, gelşikli kompozisiýa döredipdirler. Toplumyň abadanlaşdyrylyşy, baglary, yşyklary, emeli howdanlary we tebigy päsgelçilikleri, tomaşaçylaryň we türgenleriň dynç alýan ýerleri iň esasy şerti--oýunçylaryň oňaýly hereket etmeklerini üpjün edýär. 

Golf meýdançasy dürli böleklere bölünen. Bu ýerde oýunçylara ýeňiş gazanmaga päsgel berýän dürli duzaklar: içi adaly emeli howdanlar, çylşyrymly käller, içi çägeli gaplar, gür gyrymsy ösümlikler bar. Meýdançada tutuşlygyna geň-enaýy agaçlar we gyrymsy ösümlikler ekilip, olaryň arasyndan ýodalar salnypdyr. Ösümlikleri we golf meýdançasyny suwarmak üçin suwaryş ulgamy gurlupdyr.