Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny—stats-sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-iň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny ýetirdi, olar tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şunda Russiýa tarapynyň ähli ugurlar boýunça däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salam ýollady hem-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna laýyk gelýän türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny uly kuwwata eýe bolan hem-de deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda guralýan köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýakynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeli bolandygy aýratyn bellenildi.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny has-da berkiden resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim we ylym ugry boýunça däbe öwrülen gatnaşyklar täze itergä eýe boldy. Bu ulgamda netijeli gatnaşyklar hemişe möhüm orun eýeläp, häzir hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň mäkäm köprüsi bolup hyzmat edýär.

Döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi üýtgewsizligine galýar. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Abraýly halkara guramalarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde tagallalary netijeli birleşdirmäge ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan hem-de Russiýa Federasiýasy sebit we dünýä Gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, ozaly bilen, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak babatda garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Milli Liderimiz hem-de myhman taraplaryň türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi we giňeltmegi, onuň ägirt uly kuwwatyny iş ýüzünde amala aşyrmagy, netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy ugur edinýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenildi, bu ugurda geçen ýyllarda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyza düýpli gürrüňdeşlik hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meselelere berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasin hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.