BASKETBOLÇULARYŇ ÝEŇIŞI

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen bedenterbiýä we sporta raýatlarymyzy işjeň çekmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda yglan edilýän dürli bäsleşikler ýaşlarda çuňňur gyzyklanmalary artdyrýar.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 10-15-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde erkekleriň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça “Dragon Oil” kompaniýasynyň “Saglyk” Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirildi.

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň Sport baradaky komitetiniň we Hazar şäheriniň “Dragon Oil” kompaniýasynyň guramaçylygynda geçirilen bu ýaryşda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň “Gurluşykçy” basketbol topary I orna mynasyp boldy we olara Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň Sport baradaky komitetiniň Hormat haty, medaly hem-de Kubogy gowşuryly.