Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze binagärlik taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleribilen tanyşdy hem-de atly gezelenç etdi. 

Köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu babatda nusgalyk görelde bolýar. Muny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň gazanan netijeleri hem aýdyň görkezdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr. Şunlukda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sportuň ähli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty giň meşhurlyga eýe boldy. 

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilen milli atşynaslyk ýörelgelerini, bedewlere tälim bermegiň milli mekdebini esaslandyrypdyr. Şunlukda şöhratly pederlerimiziň, türkmen atşynaslarynyň yhlasy bilen halk seçgiçilik ugrunyň belent nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäni haýran galdyrýar. Bu tohumdaky atlaryň öz eýelerine wepalylygy halkymyzyň döreden atşynaslyk mekdebiniň aýdyň netijeleridir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atly gezelenji Köpetdagyň eteklerinde amala aşyrdy, güýz paslynyň bu ýerden ajaýyp görnüşler açylýar. Soňky ýyllarda bu künjek tanalmaz derejede özgerdi,bu ýerde giň tokaý zolaklary emele gelip, jana ýakymly şäher gurşawunyň, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç almagy üçin oňaýly şertleriň kemala gelmegini şertlendirdi. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň meýdançalarynyň birinde saklandy. Bu ýerdeAşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew we Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekili garşyladylar. Olar alyp barýan işleri barada hasabat berip,hormatly Prezidentimiziň garamagyna şäheriň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdiler. Bu ýerde häzirki wagtda täze ýaşaýyş jaý toplumlary we edara binalary gurulýar. 

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, bu künjekde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşmalydygyny, aýratyn-da, maslahatlar geçirmäge niýetlenen desgada ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýdyp we olara degişli düzedişleri girizip, şäheriň bu künjeginde binalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklarynyň, binagärlik gurşawynyň we milli ýörelgeleriň nazarda tutulmalydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz şäheriň çäklerinde gurluşyk işleri meýilleşdirilende taslamada gök zolaklaryň we seýilgähleriň döredilmeginiň nazarda tutulmalydygyny belledi. Şäherimiziň ekologiýa ýagdaýy döwrüň baş talaplarynyň biri bolmagynda galýar. 

Atly gezelenjiň dowamynda milli Liderimiz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän şa ýoluň ugrunda saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabadyň bu künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz taslamalary içgin synlap, täze desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitledi we olaryň niýetlenilen ugruna laýyklykda doly enjamlaşdyrylmagyny,şeýle hem binagärlik nukdaýnazaryndan ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini talap etdi.Milli Liderimiz gurluşyk işleri ýerine ýetirilende seýsmiki howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň depginlerini ýokarlandyrmak barada tabşyryk berip, şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna işleriň ýokary hilde we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini talap etdi.Milli Liderimiz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş gündogar ýurtlarynyň halklarynyň belent sarpa goýýan akyldar şahyry, milli nusgawy edebiýatyň düýbüni tutan beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň – örän uly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagy tabşyrdy. 

Gök zolaklary döretmek hem-de Aşgabadyň bezegi bolan baglara we güllere ideg etmegiň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy babatynda aýratyn görkezmeler berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýylda iki gezek geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşyp, bu asylly işiň ählihalk, hakykatdan-da watançylyk ähmiýetli çärä öwrülmegine badalga berýär. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi köpçülikleýin bag ekmek işlerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar, ýowarlara çykyp täze agaç nahallaryny ekýärler hem-de ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän mukaddes ýörelgäniň döwrebap derejede ösdürip, diýarymyzyň bagy-bissanlyga öwrülmegine goşant goşýarlar. 

Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklary we seýilgähler häzirki zaman durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi ozaly bilen howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly meselelerdir. Olar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyz her künjegiň özboluşly aýratynlyklaryny nazara alyp, bag nahallaryny oturtmak, dürli gülleri ekmek we seýilgähleri döretmek işlerini ylmy esasda alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz atly gezelenjiň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ak mermerli Aşgabadyň binalarynyň aýratynlyklaryny buýsanç bilen synlady. Mälim bolşy ýaly, binagärlik toplumlarynyň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen iň täze gurluşyk tehnologiýalary utgaşdyrylyp ösdürilýär.Paýtagtymyzda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň berjaý edilmegi ýurdumyzyň baş şäheriniň aýratynlygydyr, muny hemişe şeýle ýagdaýda saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamdow belleýär. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu ugurda durmuşa geçirlýän çäreler has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde we binalaryň bezeg aýratynlyklarynda bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleri,adamlaryň ýokary ruhubelentligihas-da äşgär duýulýar.