Gurbanguly Berdimuhamedow: Bereket lokomotiw deposy sebitiň döwletleriniň pars aýlagynyň portlaryna çykmagyna ýardam berer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. 

Häzirki döwürde zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünlikleri netijesinde, Garaşsyz Watanymyz dünýäde in çalt depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Demir ýol ulaglary pudagy hem ýurdumyzyň barha kuwwatlanýan ugurlarynyň biridir. Pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri halkara taslamalary amala aşyryldy, demir ýol menzilleri, depolar, beketler we möhüm inženerçilik-gurluşyk desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Bu bolsa, ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny täze hil derejesine çykarmaga ýardam edýär we goňşy döwletler bilen hoşniýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýar. 

Bu gün Turkmenistan Watanymyz özüniň parahatçylyk söýüjilikli, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer syýasatyna daýanyp, ulag-logistika hyzmatynyň çäginde transkontinental demir ýol geçelgelerini emele getirýär. Bu başlangyçlar möhüm ähmiýete eye bolup, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar. Sebitdäki döwletleriň gysga ýol arkaly Pars aýlagynyň portlaryna çykmagy üçin «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» möhüm ähmiýetli halkara ulag geçelgesiniň ugrunda gurlan Bereket lokomotiw deposy ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçiriş merkeziniň wezipesini has-da ynamly berjaý etmäge itergi berjak desgalaryň birine öwrüler. 

Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal ýük daşamalarynyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezlerini döretmäge ýardam eder. Munuň özi Beýik Yüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmeginde we onuň netijeli peýdalanylmagynda has-da ähmiýetlidir. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy we bu ugurda işler dowam etdirilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi we döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar demir ýol ulgamyny birleşdirýän Bereket lokomotiw deposynyň işe girizilmegi ulag hyzmatlaryny has-da ýokary derejelere galdyrmaga ýardam berjek wajyp desgalaryň biri bolar. 

Sizi uly dabaraly bellenýän bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, demir ýol pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!