Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitlerde hem-de paýtagtymyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de Aşgabat şäherini ösdürmegiň taslamalary bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen birwagtyň özünde wise-premýer D.Amangeldiýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Ol täze taryhy eýýamyň talaplaryna kybap gelýän döwrebap toplumlaýyn düzümleriň kemala getirilmegini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Aşgabat şäheriniň häkimi bezeg we ekologiýa ugurlaryny nazara alyp, türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşy, şäheriň inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, täze ýaşyl zolaklary döretmek, Aşgabadyň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň ählisiniň yzygiderli işlemegini hem-de nusgalyk arassalygyny üpjün etmek we şunuň bilen baglylykda, jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky meselelerine ünsi çekip, bu babatda geljege niýetlenen öňdengörüjilikli çemeleşmäniň zerurdygyny belledi. Aşgabadyň häzirki zamanyň iri şäherleriniň birine öwrülip, yzygiderli ösýändigini hem-de çäklerini giňeldýändigini göz öňünde tutmak gerek, bu bolsa, öz gezeginde, täze ýaşaýyş toplumlarynyň, ýollaryň taslamalary düzülende we gurlanda, durmuş-medeni hem-de beýleki ähmiýetli desgalar bina edilende, umuman, şäher düzümleri kemala getirilende innowasion çözgütleri talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere hem-de paýtagtyň häkimine degişli görkezmeler berildi.

Wise-premýer hem-de paýtagtyň häkimliginiň ýolbaşçysy Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň 
taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen täze ýadygärlik binasynyň taslamasy bilen tanşyp, olar babatda birnäçe belliklerini hem-de tekliplerini aýtmak bilen, şunda her bir ownuk zady, ilkinji nobatda bolsa, keşpleriň çeper beýan edilmegine degişli meseleleri düýpli oýlanmagyň wajypdygyny belledi. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň şöhratly ogludyr, onuň ajaýyp şahyrana eserleri milli hem-de umumydünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girdi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, paýhasly pikirleriň hem-de ajaýyp söz ussadynyň ýadygärliginiň onuň belent döredijilik we watançylyk ruhuny alamatlandyrmalydygyny nygtady.

Soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň keşbini beýan eden myhmansöýer we özüne çekiji Wepalynyň binalarynyň taýýarlanan taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz bu hödürlenen taslamalara degişli düzedişleri girizip hem-de Wepaly diýen binagärlik keşbiniň üstünde durup geçip, ol Watanymyzyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň özboluşly nyşany bolmaga gönükdirilendir diýip aýtdy. Şol üstünlikleriň hatarynda sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bar. Bu oýunlar ýurdumyzyň halkara abraýyny, onuň sport döwleti hökmündäki mertebesini has-da belende göterdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenleriň wepaly dosty hem ýoldaşy bolan alabaýy şekillendirýän desganyň taslamasyna degip geçip, öz arassalygyny hem-de gadymy tohum görnüşini saklap galan itleriň bu täsin neslini halkymyzyň milli gymmatlygy diýip, doly ynam bilen aýdyp bolar. Tapawutly, söweşjeň we goraýyş häsiýetlerine eýe bolup, batyrgaý, edermen we akylly alabaýlar dostanadyr hem-de öz eýesine hakyky wepalydyr. Türkmen halkynda hemişe meşhurlykdan we söýgi bilen peýdalanyp, olar häzirki wagtda-da maşgalanyň agzalarynyň birine deňelýär. Çünki alabaý “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekili hökmünde ýöne ýerden saýlanyp alynmady diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen ýadygärlik binalarynyň taslamasynyň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň göwnejaý geçirilişi, şeýle hem noýabryň ikinji ýekşenbesinde belleniljek Hasyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny hem-de hemme degişli meseleleri, şol sanda ýer eýelerini mineral dökünler bilen gerekli möçberde üpjün etmäge, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçimäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin hemme çäreleri görmegiň, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny geljek ýyla öz wagtynda taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Hasyl toýuny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna kybap derejede guramaçylykly geçirmek barada hem degişli tabşyryklary berdi.

Soňra ýolbaşçylyk edýän sebitinde, obasenagat toplumynda häzirki işleriň ýagdaýy, şol sanda bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak hem-de olaryň geljekki möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, sebitde gurulýan möhüm desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menzili, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky täze gurluşyklar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünde durup geçip, oba hojalyk toplumynyň netijeliligini artdyrmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleri geçirmegiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hojalygy dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny, ähli işleri guramaga ylmy çemeleşmäni iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen häkime birnäçe degişli tabşyryklary, şol sanda welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de öňde boljak Hasyl baýramyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem sebitiň ähli täze gurluşyklarynda işleriň ýokary hiliniň hem-de möhletinde ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Öz gezeginde iş maslahatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň bellenen kadalara laýyklykda geçirilişi, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmak babatda görülýän çäreler barada Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitiň obasenagat toplumynda bar bolan ykdysady we tehniki serişdeleri has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem geljek ýylyň möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny gerekli derejede taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitde ilatyň durmuş-hal ýagdaýyny gowulandyrmaga, obada adamlaryň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, bu ýerde bina edilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmek, şeýle hem Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi..

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahata Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew çagyryldy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk ulgamyndaky işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlarynda meýilleşdirilen agrotehniki çäreleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat kuwwatyny ösdürmek, onuň durmuş düzümini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz ulanylýan ýerleriň ählisini agrotehnikanyň düzgünleriniň hemişe berjaý edilmegi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen ýokary netijeli peýdalanmagyň, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime degişli tabşyryklary, şol sanda, umuman, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, zähmetsöýer babadaýhanlaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň önümçilik we durmuş düzümlerini maksadalaýyk döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň, bu ulgamda öňde goýlan ähli wezipeleriň toplumlaýyn çözülmeginiň wajypdygy barada aýdyp, bu ýerde bina edilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşyny gözegçilikde saklamagy hem-de öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabdat bermegi bilen dowam etdi. Häkim ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy we depginleri şol sanda “ak altyn” möwsümini doly tamamlamak hem-de meýdanlarynda galan ähli pagtany ýygnamak, oba hojalyk tehnikalary we enjamlary täze möwsüme ýokary hilli taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçi ýer eýeleri bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň, şol sanda onuň gaýtadan işleýän pudagynyň işini guramaga çuňňur oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň durnukly bereketli hasylyny almak maksady bilen, agrotehnikanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, häkime sebitiň obasenagat ulgamynda netijeli özgertmeleri öňe ilerletmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmegini, täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem häkime Hasyl baýramy mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen gürrüňdeşligiň netijelerini jemläp, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilip, olaryň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde üstünlikler arzuw etdi.