Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň dynç alyş düzüminiň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ugramazynyň öň ýany degişli ýolbaşçylara howa menzilini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelen soň, döwlet Baştutanymyzy welaýatyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. 

Döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň esasy maksady ýerlerde, ýurdumyzyň Hazarýaka sebitinde we ilkinji nobatda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda özgertmeleriň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Balkan welaýaty durmuş- ykdysady ösüşiniň täze ugruny açdy. Deňiz kenarynda ilkinji myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň ulanylmaga tabşyrylandan bäri geçen ýyllarda Awaza halkara derejeli dynç alyş künjegi hökmünde dünýäniň syýahatçylyk ugurlaryna girip, Türkmenistanyň ýüzüni görkezýän esasy keşpleriniň birine öwrüldi.

Bu ýerde türkmenistanlylaryň sagdyn dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere ähli welaýatlardan, şäherlerden we obalardan müňlerçe adam gelýär: Awazanyň ajaýyp keşbiniň abraýy, amatlylygyň we hyzmatyň ýokary derejesi asla bu künjegiň iň naýbaşylygyny, aýratyn hukuklylygyny aňlatmaýar. Hut ýokary hilli saglygyňy dikeltmegiň we peýdaly dynç almagyň hyzmatlarynyň iň oňat dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpçülikleýin elýeterlilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan taslamanyň esasynda goýuldy. Onuň maksady adamlar hakdaky aladadan ybaratdyr.

Saglygyňy dikeltmegiň täsin tebigy künjegi soňky on ýyllyklarda ajaýyp şäher-seýilgäh görnüşinde gülläp ösdi: ozal çöl bolan kenarda ak mermerli, penjireleriniň aýnalary ýalpyldap öwşün atýan belent gatly myhmanhanalaryň ençemesi peýda boldy, giň we amatly kottej toplumlary, ýaht-klublary, dynç alyş seýilgähleri hem-de bagy-bossanlyklar, sport desgalary guruldy, giň ýollar we derýa çekildi. Bularyň ählisi, şol sanda Awazany elektroenergiýa, arassa agyz suwy we beýlekiler bilen üpjün edýän inženerçilik-tehniki düzümleriň köpsanly desgalary iň täze netijeli çözgütleriň ulanylmagy bilen innowasion çemeleşmeler hem-de öňdebaryjy iş tejribesi esasynda bina edildi.

Milli Liderimiz bu öňdengörüjilikli pikiri durmuşa geçirmegiň ilki başyndan başlap, hökmany talaby öňe sürdi we öňe sürýär. Şol talap ähli gurluşyk serişdeleriniň we önümçilik serişdeleriniň ekologiýa laýyk bolmagyndan, daşky gurşawa, bu bereketli topragyň gaýtalanmajak tebigatyna, bejeriş serişdelerine we bio köpdürlüligine aýawly garamakdan ybaratdyr. Myhmanhanalaryň ýaýbaňlandyrylan ulgamlarynyň hem-de işjeň dynç alyş merkezleriniň, şypahana hojalygynyň senagat we ulag halkalarynyň gurluşyklary, bagy-bossanlyga büremek işleri hut şu ýörelgelerden ugur alnyp amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ýene-de bir talaby binagärlik-gurluşyk ulgamynda, syýahatçylyk zolagynyň işlerini guramakda, dynç almaga gelýän adamlara hyzmat etmekde iň häzirki zaman hem-de iň oňat işläp taýýarlamalary peýdalanmakdan ybaratdyr. Munuň özi islendik desganyň taslamasyny düzmekden başlap, ony bina etmäge hem-de sowatly ulanmaga, dolandyryş ulgamyna täzeçillikleri yzygiderli ornaşdyrmaga çenli ähli tapgyrlarda hil ölçeglerine degişlidir.

Iri möçberli täze gurluşyklaryň barşyny hut özi gözden geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene-de bir möhüm ýagdaý üns merkezinden düşmeýär. Ol hem binalaryň daşky keşbi, bezelişi, gözelligi hem-de adamlar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Meseläniň bu tarapy, ýagny Awazanyň görkanalygyny gazanmak halkara işewür durmuşynyň iri merkezi derejesinde ony ykrar etmegiň ýagdaýy hökmünde uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde köplenç ähli möwsümde uly wekilçilikli çäreler, döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary, maslahatlar we simpoziumlar, onlarça ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda festiwallar geçirilýär.

Ekologiýa we sagdynlyk, gözellik hem-de oňat hillilik ýaly ähli düzümler Awazada utgaşyp, ilkinji garaýyşdan täsir galdyrýar. Bu ilkinji garaýyş bolsa, ýolagçylar üçin örän amatly bolan Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden, daşky keşbinden bolşy ýaly, içki gözelliginden hem sazlaşykly hereketli we owadan desgadan başlanýar.

Bu ýerden türkmen deňizýaka kenaryna dynç almaga gelýän myhmanlar ajaýyp ýol bilen kenara tarap rowana bolýarlar we ýol ugrunda olary depesinde türkmen Tugy şemala pasyrdaýan 100 metrlik äpet baýdak sütüni garşylaýar.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwaparkyň gurulýan ýerine geldi.

Ozal ýangyç-energetika toplumynyň garamagynda bolan bu iri täze gurluşygy döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine alyp barmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birleşme tarapyndan täze toplumy gurnamak hem-de onuň binýadynda ýaşaýyş ulgamy bolan has amatly dynç alyş merkezini döretmek boýunça teklipleriň birnäçesi taýýarlanyldy.

TSTB-niň ýolbaşçysy suw süýjediji desganyň, myhmanlara niýetlenen iki gatly kottejleriň taslamalaryny, şol sanda 128 orunlyk 16 öýi ýerleşdirmegiň iki görnüşiniň hem-de 120 orunlyk 14 öýüň ýerleşdirilişiniň meýilnamasyny, edara jaýyny gurmagyň mysalyny, açyk hem-de üsti ýapyk sport we çagalar meýdançalaryny, sport hem-de emeli tolkunly çagalar üçin suw howuzlaryny, awtoduralgalary, emeli köli gurmagyň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Umuman, tutuş toplumy gurmaga 6,2 gektar meýdan bölünip berilýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatda bina etmek meýilleşdirilýän dürli desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň hatarynda Görogly köçesiniň ugry boýunça 44 öýli jaýlar hem-de ýene-de bir kottejler toplumy bar. 6 otagly iki gatly kottejiň umumy meýdany 389,74 inedördül metrdir, ýaşaýyş otaglarynyň meýdany 167,08 inedördül metrdir. Ýanaşyk ýerleri bilen şeýle öýüň ýer böleginiň meýdany 900 inedördül metr meýdana barabar bolar. Onda awtoulag goýmaga ýer göz öňünde tutulandyr. Kottej görnüşli ýaşaýyş öýleriň beýlekisi üç gatlydyr. Olaryň iň ýokarky gatyny mansarda tutýar.

Şeýle hem paýtagtymyzyň günbatar böleginde gurluşyklary alyp barmagyň çäklerinde 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat toplumy gurmak teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyza şeýle binalaryň 68-sinden we 54-sinden ybarat bolan ýaşaýyş toplumlarynyň çyzgylary görkezildi. Olaryň durmuş düzümleri bilen ugurdaş guruljak desgalaryň hataryna kiçi elektrik bekedi, mekdep, çagalar bagy, bazar, söwda merkezi, “Toý mekany”, ýaşyl zolaklar we beýlekiler girer.

Milli Liderimize görkezilen taslamalaryň arasynda Köşi ýaşaýyş toplumynda gurmak teklip edilýän söwda merkezleriň binalarynyň görnüşleri bar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň tiz giňelýän bu künjegi üçin ýokary derejeli söwda merkezler ulgamynyň hem öz wagtynda döredilmeginiň wajypdygyny belläp, söwda merkezleriniň çyzgydaky çözgütlerini makullady hem-de olaryň hyzmatlaryndan peýdalanjaklara has ýokary amatlyklary döretmek üçin birnäçe tekliplerini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň maksatnamasyny hem, ony kottej we mellek görnüşli köp öýli hem-de özbaşdak ýaşaýyş öýli böleklere bölünmegini, umuman, makullady. Milli Liderimiz taslamalary düzüjileriň paýtagtymyzy şähergurluşyk taýdan ösdürmäge, onuň binagärlik keşbine täze tapawutly aýratynlyklary girizmäge döredijilikli çemeleşmelerine mynasyp baha berip, 16-njy nobatdaky tapgyryň maksatnamasyny has içgin işlemek babatda tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem akwaparkyň çäklerini gözden geçirdi. Bu desga ýakyn wagtda çagalary özüne çekip, maşgala bolup işjeň dynç almagyň merkezine öwrüler. Bu köpugurly toplumda güýmenjeleriň köpsanly görnüşleri, ozaly bilen, suwly görnüşleri jemlener. Munuň özi dürli baýyrjyklary, serfing bilen meşgullanmak üçin emeli tolkunlary hem-de beýlekiler bolan dürli görnüşli çagalar üçin we sport suw howuzlarydyr. Esasy ünsüňi çekiji güýmenjeleriň biri akymy güýçli dag çeşmesi boýunça aşaklygyna iýnip gaýtmaga meňzeýän “raftingdir”. Şeýle duýgulara gaplanmak isleýänler hem suw girdabyna, hem suwuň egrem-bugram akýan ýerlerine, hem dag örtügine düşüp, suw böwetlerine duşmak bilen hem belentlikden aşak köle düşüp, ýatdan çykmajak täsir alarlar. Şeýle hem planetamyzyň geografik we howa aýratynlyklaryna düşünmäge mümkinçilik berýän gezelenç etmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz attraksionlaryň ygtybarlylygyna hem-de howpsuzlygyna örän uly üns bermegi talap etdi. Umuman aýdanyňda bolsa, wagtyňy işjeň geçirmegi hem-de dynç alşy depginli ösdürmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini we görnüşini ýokarlandyrmak syýahatçylaryň “Awaza” gelmegini höweslendirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli syýahatçylyk zolagynda innowasion häsiýetli şypahana ulgamy işjeň ýagdaýda kemala getirilýär. Bu ýerde häzirki zaman dynç alyş merkezleri, bejeriş-sagaldyş bölümleri bolan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin kottejler, adamlaryň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport toplumlary bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda diňe bir saglygy berkitmek we dynç almak üçin däl-de, eýsem, dikeldiş bejergisini almak hem mümkindir, bu işler lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna hem-de ajaýyp tebigy şertler – arassa howa, gün we deňiz wannalaryna esaslanýar, bu bolsa adama uzak wagtlaýyn ruhubelentlik we hoşwagtlyk ruhuny paýlaýar.

Häzirki wagtda döwrebap “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutuldy. Täze şypahana Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasynda, “Daşoguz” sagaldyş we dynç merkeziniň ýanynda bina edilýär.

“Awaza” şypahanasynyň gurluşyk meýdançasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli syýahatçylyk zolagyna şu günki saparynyň dowamynda nobatdaky baryp gören ýeri boldy.

Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän toplum birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 9 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binada iki orunlyk otaglarynyň 96-sy hem-de lýuks otaglarynyň 8-si göz öňünde tutuldy. Olarda syrkawlar üçin aňrybaşy amatly şertler dörediler. Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar saglygy bejeriş – dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşini hödürlemek üçin niýetlenendir.

Şypahanada anyklaýyş we maslahat beriş, fiziobejeriş hem-de bejeriş bedenterbiýesi bölümleri , rentgen, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektrobejeriş, bejeriş-owkalama we akupunktura otaglary, kliniki barlaghanalary hereket eder. Bu ýerde ýokary hünärli otolaringologyň, stomatologyň, ginekologyň we beýleki lukmanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bolar.

Saglygy dikeldiş merkeziniň birinji gatynda çagalar hem-de ulular üçin suw howdanly suw bilen bejeriş bölümi, deňiz we mineral suwly wannalar ýerleşdirilen otaglar, parafin bilen fango bejeriş, ozokerit, meşhur Mollagara kölünden getirilen bejeriş palçykly bölümler bar. Şeýle hem daýanç-hereket agzalaryndan ejir çekýän, operasiýa geçiren syrkawlar üçin suw howdanynda ýörite bejeriş almagyň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Olar üçin göwnejaý ýagdaýda enjamlaşdyrylan otaglar we bejeriş maşklary üçin zallar göz öňünde tutulandyr.

Häzirki wagtda şypahananyň baş binasynda timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Ony 2018-nji ýylyň tomsunda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bina mermer daşy bilen örtülýär. Tehniki desgalar, inženerçilik kommunikasiýalary gurulýar.

Toplumyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan guýy—ýod-bromly bejeriş-mineral suw çeşmesi burawlandy. Bu melhemlik suwy nerw, ýürek-damar, daýanç-hereket agzalaryny, endokrin we peşew-jyns ulgamlarynyň işjeň dikeldiş çäreleri geçirilende üstünlikli ulanylýar. Mundan başga-da, şypahana üçin Hazar deňzinden 180 millimetrlik suw turbasy bilen deňiz suwy çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýod-bromly bejeriş-mineral suwunyň, onuň himiki düzüminiň hem-de belli tenakär çeşmelerden, şol sanda Farap, Arçman, Berzeňňi, Ýyly suw we beýlekiler ýaly çeşmelerden tapawutly aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Ýerli melhem suwundaky peýdaly maddalaryň toplumy kenarýaka howa bilen utgaşyklykda, adamyň umumy saglygynyň berkidilmeginde netijeli ulanylyp bilner.

Adamlaryň gadymy döwürlerden bäri durmuşda ýod-bromly suwlaryň rahatlandyryjy hem-de ýaralary bitiriji häsiýetlerini peýdalanandyklaryna garamazdan, şunuň ýaly çeşmelerde gurlan şypahanalaryň aglaba bölegi tehniki ösüş eýýamynda, işjeň ýagdaýda nebit gorlaryndan gözlegleri başlanan döwründe peýda boldy.

“Awaza” şypahanasynda bejergiler üçin peýdalanyljak çeşmäniň suwy daşary ýurtlaryň çeşmelerindäki suwlardan pes däldir, käbir görkezijiler babatda bolsa olaryňkydan tapawutlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýod-bromly suwlaryň bejeriş usulynyň, ýod ionlarynyň hem-de bromyň deriniň üsti bilen bedene aralaşmagy suwuň mineral düzümine, gyzgynlygyna baglydyr. Peýdaly maddalaryň, biologiki taýdan işjeň düzümleriň bedene aralaşmagyna täsir edýän esasy şertleriň biri natriý hlorididir. Şunda olaryň täsiri wannada suw bejergisi alnandan soň hem dowam edýär, sebäbi duz gatamak bilen deriniň üstünde ýukajyk duz örtügini galdyrýar.

Lukmançylyk maglumatlaryna görä, 10 minutlyk bejergi wagtynda deriniň üsti bilen bedene ýoduň 140-190 mikrogramy we bromyň 0,28 – 0,3 mikrogramy aralaşýar, olar galkan görnüşli mäzde, gipofizde we gipotalamusda toplanýar. Ýod galkan görnüşl mäziň – tiroksiniň garmonynyň bir bölegi bolup durýar, brom bolsa gipofiziň dokumalarynda saklanýar.

Ýoduň we bromuň farmakologiýa aýratynlyklary netijesinde, ýod-bromly suwlar merkezi nerw ulgamynyň, gan aýlanyş agzalarynyň, galkan görnüşli mäzleriň işleýşine oňyn täsir edýär. Ýod -bromly suwlaryň esasy bölekleriniň biri hökmünde, özüniň fiziki-himiki aýratynlyklary netijesinde, mikrosirkulýasiýa, damaryň diwarjyklarynyň çeýeligine, gan aýratynlyklaryna, lipid aýlanyşygyna gönüden-göni täsirini ýetirip biler.

Bromuň fiziologiýa taýdan ähmiýeti merkezi nerw ulgamyna gönüden-göni täsirini ýetirýänligidir. Bromuň bejergi häsiýeti beýniniň gabygynda togtama ýagdaýlarynyň güýçlenmegine, oýandyryş hem-de togtadyş häsiýetleriniň deňeçerliginiň dikeldilmegine esaslanandyr.

Brom gan aýlanyşygyna goşulmak bilen dokumalaryň dartylmagynyň, gan basyşynyň peselmegine, ýürek urgularynyň ýygylygynyň azalmagyna täsir edýär, rahatlandyryjy ýagdaýa getirýär.

Umuman, ýod-bromly suwlaryň peýdalanylmagy adamyň umumy özüni duýuşyny gowulandyrýar, kelleagyrylaryny, ukusyzlygy, ýürek ulgamyndaky agyrylary aýyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada gürrüň bermek bilen, tenekär suwuň täsin aýratynlyklaryny bejeriş bedenterbiýesi bilen utgaşyklykda dikeldiş bejergisiniň netijeli usuly hökmünde has işjeň peýdalanmagy maslahat berdi.

Ähli şypahanalarda bolşy ýaly, täze şypahanada beýleki bejergi işleri bilen bir hatarda, sagaldyş bedenterbiýesi deň derejeli orun almalydyr. Munuň özi näsagyň tiz sagalmagyna, bedeniniň gorag güýçleriniň jemlenilmegine ýardam berýän kuwwatly dikeldiş – öňüni alyş usulydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işleriň şypahanalarda göwnejaý guralmagy hem-de lukman-sagaldyş bedenterbiýesi boýunça we gözükdiriji – usulyýetçi hünärmen tarapyndan bu işlere başarnykly ýolbaşçylyk edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmak işleri ýörite maksatnamalar boýunça, näsaglaryň dürli toparlary üçin saýlanyp alnan maşklar esasynda işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli hünärmenleriň yzygiderli taýýarlanylmagynyň, bu ulgamda usulyýet, ylmy-barlag hem-de düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň örän möhümdigini belledi.

“Awaza” şypahanasyny gözden geçirmegiň barşynda döwlet Baştutanymyz näsaglaryň ýaşamagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy, olar üçin dürli otaglary, bir orunlyk, şeýle hem kiçi ýaşly çagaly ene-atalar üçin maşgala niýetlenen otaglary gurnamagy tabşyrdy.

Taslama laýyklykda, bu ýerde sauna hammamly SPA-salon we galoterapiýa otaglary göz öňünde tutuldy, olaryň diwarlaryna hem-de poluna köp gatlakly ýörite duz örtügi örtüler. Bu bejeriş usuly ýerasty duzly gowaklaryň tebigy şertlerine meňzeş emeli howa ýagdaýyny döretmäge esaslanandyr.

Şypahanada howa bejeriş, balneofizio bejeriş, igloreflekso bejeriş usullary bilen bir hatarda saglygy toplumlaýyn bejermekde türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitobejeriş usulynyň ulanylmagyna aýratyn üns berler. Şypahananyň sekizinji gatynda ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýan fitobarda syrkawlaryň her biri tenakär içgileri, bejeriş çaýlary, dürli otlardan taýýarlanan içgileri içip biler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik düýpli ylmy işinde köp asyrlaryň dowamynda milli bejeriş tebipçilik tejribesinde üstünlikli ulanylyp gelnen dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş aýratynlyklary içgin beýan edilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde saglygyny dikeldýänler üçin tennis we bilýard oýnamak üçin sport zallary, çagalar üçin oýun otaglary göz öňünde tutulandyr. Şypahana toplumynyň çäginde açyk suw howdany, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalary ýerleşdiriler. Şypahanany 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz desgany gözden geçirmek bilen, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň meýilnamalaryna çekdi, bu zolak, hakykatdan-da, ýurdumyzyň şypahana merjenine öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Awazanyň” döredilmeginiň baş maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmak, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin şertleri döretmek bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Awazany” ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biriniň iň täze tehnologiýalary hem-de inžener-tehniki işläp taýýarlamalary, özboluşly binagärlik we taslama çözgütlerini işjeň ornaşdyrmak çärelerine toplumlaýyn çemeleşilmegini ýola goýmakdygyny nygtady. Şunda milli Liderimiz milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbiniň ýerli tebigy görnüşler bilen sazlaşmalydygyna, Hazaryň kenarynyň daşky gurşawyny goramak meselelerine aýawly çemeleşmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Deňizýaka künjeginiň ekologiýa abadançylygy “Awazanyň” dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän syýahatçylar üçin özüne çekiji merkeze öwrülmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz täze gurluşykda häzirki işler bilen tanyşlygynyň barşynda gurluşykçylar bilen salamlaşyp, olara bu möhüm desgany öz wagtynda we ýokary hilli bina etmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň gurluşygynyň barşyny gözden geçirmegi tamamlap, Hazarýaka sebitiniň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalarynyň “Awaza” şypahana toplumyny netijeli dolandyrmak ulgamynda öňde durýan wezipeleri ýene bir gezek beýan edip, bu zolagyň Balkan welaýatynyň ykdysady hem-de maýa goýum ösüşiniň hereketlendiriji guraly, bejeriş-sagaldyş jahankeşdeligini, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň we myhmansöýerlik däpleriniň ösdürilmeginiň daýanç nokady bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.