Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň baş miýilnamasyna laýyklykda

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň baş miýilnamasyna laýyklykda, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň we inžener ulgamlary bilen bilelikde umumy uzynlygy 5564 metr bolan ýollaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça

HALKARA BÄSLEŞIGI

yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirşiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2017-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-47-56