Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy

Şanly senäniň hormatyna täze binalaryň birnäçesini birbada ulanyşa bermek babatdaky asylly däp Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelilidigine ynamly şaýatlyk edýär.

Täze binalaryň baýramçylyk öwüşginliklerine beslenen, ruhlandyryjy aýdym-sazlar ýaňlanýan çäklerinde tans ansambllaryndan, estrada ýerine ýetirijilerden, sazandalardan, çagalardan ybarat bolan döredijilik toparlary şanly wakalaryň hormatyna taýýarlan konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Dabaralaryň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda bazarly täze söwda merkezi dabaraly açyldy. “Bereketli” toplumy binagärlik keşbinde milli binagärligiň hem-de häzirkizaman çözgüdiniň iň oňat däplerini sazlaşykly utgaşdyrýar.

Söwda merkeziniň töweregi boýunça birinji we ikinji gatlarda ýerleşen dükanlar alty topara birleşdirilendir. Olaryň arasynda Gündogaryň söwda binalaryna mahsus bolan häsiýetleriň biri bolan giň arkalar bar.

Üsti ýapyk meýdançanyň merkezinde gök, miwe, bakja önümleriniň bölek söwdasy üçin ýerleriň birnäçesi bar. Olar türkmen topragynyň bereket baýlygyny alamatlandyrýar. Käbir söwda bölümleri et we balyk bölümleriň satuwyna niýetlenipdir.

“Bereketli” merkezinde senagat we azyk harytlarynyň, şol sanda egin-eşikleriň we aýakgaplaryň, dokma we neşirýat önümleriniň, mebelleriň, durmuşda ulanylýan himiýa önümleriniň, elektrik enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriň we beýlekileriň giň görnüşleriniň satmak boýunça ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň 280-si göze öňünde tutuldy.

Käbir meýdançalar ýurdumyzda meşhur “Halk Markediň” saýlama önümlerini ýerlemek üçin köpugurly dükanlara bölünip berildi. Olarda hem et, şöhlat, süýt, çörek-bulka hem-de köke-süýji önümleriniň, miwe suwlarynyň, doňdurmalaryň hem-de azyk howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli çig maly ulanmak bilen bazarlary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen doldyrmak ýaly döwlet wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň iri hususy kärhanalarynyň beýleki önümleriniň köpdürli görnüşleri satylýar.

Mundan başga-da Söwda toplumynda jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň 20-den gowragy ýerleşdirildi. Bular şerbetli suwlaryň hem-de sýüji-köke önümleriniň baý görnüşlerini bu ýere gelýänlere hödürlejek kafeler we beýlekilerdir. Toý tutmaga niýetlenip aýratyn bina göz öňünde tutulypdyr. Täze toplumyň açylmagy bilen bu ýerde ençeme iş orunlarynyň döredilendigi hem möhümdir.

“Bereketliniň” gurulmagynda döwrebap tehnologiýalar peýdalanyldy. Ikinji gatyň söwda dükanlaryna diňe bir basgançakdan däl, eskolatorlar we diskler arkaly hem baryp bolýar. Mundan başga-da, bu ýerde amatly ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Howa çalşygynyň we ýylatmagyň merkezleşdirilen ulgamy oňaýly howa ýagdaýyny, durnukly elektrik üpjünçiligini bolsa kiçi tranformator berekedi üpjün edýär. Merkeze girelgeleriň hersinde awtoduralgalar gurnalypdyr.

Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ol ýerlerde bagy-bossanlyklar döredilipdir, kölegeli we iňňeli baglaryň dürli görnüşleri ekilipdir, ajaýyp ýagtylandyryjylar gurnalypdyr.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça “Belent jaý” hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum döwlet goldawynyň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň hususy işewürliginiň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.

Paýtagtymyzyň täze “Bereketli” söwda toplumy söwda hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hem-de ýokary derejesini hödürlemäge gönükdirilip, gürrüňsiz suratda paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda iri ýaşaýyş toplumynyň barha ösýän ýaşaýyş-durmuş düzüminiň üstüni ýetirer we ýakyn wagtda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüler.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzda binagärlik açylyş dabaralarynyň ýene-de biri boldy--Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda täze gurlan, Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde çalt depginler bilen ösýän etraplaryň biriniň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek üç gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.

Maşgala bölümleriniň üçüsinden başga-da, klinikanyň düzümine bejeriş, zenanlara maslahat beriş, stomatologiýa, keselleri anyklaýyş, fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş bölümleri, şeýle hem barlaghana girýär.

Täze binada maşgala terapewtleri bilen bir hatarda näsaglary dürli ugurlaryň hünärmenleri-oftalmolog, otolaringolog, newropatolog, hirurg, endokrinolog, onkolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, ginekolog we beýlekiler kabul ederler. Her bir näsagy çak edilýän ýüz tutmalaryň ähli görnüşleri boýunça ýokary derejeli döwebap lukmançylyk hyzmatlary bilen doly gurşap almak göz öňünde tutulandyr.

Agzalyp geçilen hünärmenleriň ygtyýarynda uly mümkinçikleri bolan täze lukmançylyk enjamlary bar. Meselem, maslahat beriş-kesel anyklaýyş bölümi elektroensefalograf, rentgen, fibrogastroskop, ehokardiograf ýaly täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Fizioterapiýa otagynda elektro,-ýylylyk we ýagtylyk terepiýasynyň (UBÇ, elektroforez, kwars we beýlekiler) dürli usullaryny ulanmakl üçin iň soňky kysymly enjamlar goýlupdyr.Bejeriş usullarynyň bu nusgawy toparynyň üsti suw we palçykly bejeriş bilen ýetirilipdir. Bejeriş bedenterbiýe otagynda ýörite sport enjamlary goýlupdyr.

Saglyk öýünde çylşyrymly bolmadyk hirurgiýa bejerişlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän operasiýa bölüminiň barlygyny hem bellemek gerek. Bu ýerde şeýle hem gündizki stasionarlar bar. Fito-otagda bu ýere gelýän adamlara ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanan bejeriş içgileri hödürlenilýär. Bu lukmançylyk edarasynda kitaphana, naharhana, dermanhana hem bar.

Täze Saglyk öýüniň näsaglarynyň bir günüň içinde hünärmenler bilen maslahatlaşyp, bu lukmançylyk edarasynyň çäklerinde iň bir döwrebap derejede bejeriş almak mümkinçilikleriniň bardygyny aýtmak gerek.

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesinde täze öýe göçüp gelýänlere açar gowşurmak dabarasy boldy.

Şäheriň oňaýly ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstii 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaý bilen ýetirildi. Her bir öýde ýaşaýyjylar üçin döwrebap amatlyklaryň hemmesi, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, durmuş üpjünçilik ulgamyndan, enjamlaryň we mebelleriň zerur toplumyndan ybarat bolan döwrebap amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Täze binanyň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berlipdir. Binanyň meýdançasy gök zolaga bürelipdir, aýmançalar gurlupdyr, ýanýodalar we amatly girelge ýollary çekilipdir. Bu ýerde awtoduralga hem-de jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýer hem bar.

Balkanabatda Birinji şäher saglyk öýüniň dabaraly açylyşy boldy. Onuň durkuny täzelemek işini Balkan welaýatynyň häkimliginiuň tabşyrmagy boýunça “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, halkyň saglygyny goramak, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş maksatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýlandyr. “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu ugurda ýurdumyzda düýpli netijeler gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy saglygy bejeriş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän dürli ugurly saglyk merkezleriniň paýtagtda we sebitlerde ulanyşa girizilmegi netijesinde hil taýdan täze derejä çykdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kadalaryna laýyk getirilip gurlan Birinji saglyk öýi hem muňa aýdyň mysalydyr. Üç gatly binada näsaglara ýokary derejeli bejeriş we keselleri anyklaýyş kömeklerini bermek, näsaglykdan soň saglygy we zähmet ukyplylygy diketmek üçin ähli şertler döredilendir. Iň döwrebap lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan maşgala lukmanlarynyň otaglary, şeýle hem terapewtik, urologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, döwük-ýenjik bejeriş, stamatologiýa, ýokanç keseller, immunologiýa, akuşerlik we ginekologiýa, LOR, flýuorografiýa, gastroendoskopiýa, UZI, EKG, bejeriş-dikeldiş bedenterbiýesi we beýlekiler olaryň hyzmatynda goýlandyr.

Mundan başga-da, düýpli täzelenen Saglyk öýünde biohimiýa barlaghanasy, fizioterapewtik bölümi, gündizki stasionar bar. Lukmançylyk enjamlary we we apparaturalary Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň esasy öndürijilerinden alnandyr.

Şu gün günbatar sebitiň dolandyryş merkezinde döwrebap ýaşaýyş jaýyny ulanyşa bermek mynasybetli bolan açylyş dabarasy hem aýdyň milli öwüşginlikleri bilen tapawutlandy. Bu jaý maýplar we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlendirilendir.

Ir bilen Balkanabadyň iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň biri bolan 13-nji kiçi etrapçasynda ýerleşýän täze binanyň meýdançasynyň öňünde uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Howa şarlarynyň girlýandlary hem-de reňkli baglar bilen bezelen öýüň gapdalynda milli ak öýler hem dikilipdir. Asyrlar boýy emele gelen asylly däbe görä, täze jaý toýuna köpsanly myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda durmuş taýdan ähmiýetli bolan bu taslamany ýerine ýetiren “Türkmennebit” Döwlet konserniniň gurluşykçylary we beýleki işgärler hem bar.

Bir we iki otagly öýleriň 48-sini öz içine alýan bu dört gatly jaý mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin ýöriteleşdirilip gurlupdyr. Hususan-da, bu ýerde girelge eňňitleri, tutawaçlar, giňeldilen geçelgeler we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Şunuň bilen birlikde bu öýler häzirki zaman ýaşaýyş jaýyna bildirilýän iň ýokary talaplara laýyk gelýär. Olar amatly ýerleşdirilişi, beýik potolakly ýagty otaglardan we giň aşhanalardan ybaratdyr. Şeýle hem täze jaýyň daş-töwereginde söwda merkezinden, çagalar baglaryndan, mekdepden ybarat bolan zerur durmuş düzüminiň bardygyny hem aýtmak bolýar. Munuň özi raýatlaryň ýokarda agzalan gatlaklary we olaryň maşgala agzalary üçin örän wajypdyr.

Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde, Daşoguz şäherinde maýplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin täze köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda bu ugurdaky döwlet syýasatynyň maksada laýyk we yzygiderli geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Dört gatly binada bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si ulanylmaga berildi. “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguzdaky kärhanasynyň işgärleri tarapyndan bina edilen jaý şäheriň täze ösen infrastrukturaly ýaşaýyş jaý toplumy emele gelýän böleginde—Görogly köçesiniň boýunda hem-de günorta-günbatar böleginde ýerleşýär.

Ýylylygy, suwy we elektrik energiýasyny bermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün edilen täze binada aýratyn alada we öňdengörüjilik bilen täze göçüp gelýänleriň amatly ýaşamaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binanyň ähli girelgeleri maýplap üçin ýörite girelge eňňitleri bilen enjambaşdyrylypdyr, giň we ýagty öýleriň bezegleri üçin iň döwrebap serişdeler peýdalanylypdyr. Aşhana jaýlary zerur durmuş tehnikalary we mebelleri bilen üpjün edilipdir.

Täze binanyň daş-töweregi ýaşyl zolaga bürelip, doly abadanlaşdyrylyp. Bu ýerde sport we çagalar üçin oýun meýdançalary jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýapyk meýdança göz öňünde tutulypdyr.

Şol gün Daşoguz şäherinde döwrebap işewürler merkeziniň täze binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň tabşyrygy boýunça “Tumar” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Täze desga bäş gatly jaýdan we birnäçe köp gatly desgalardan ybarat bolan bitewi binagärlik toplumyny öz içine alýar. Onuň aşaky gatlarynda Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň welaýat bölümleri işewürler mekdebi, “Rysgal” paýdarlar- täjirçilik bankynyň ýerli bölümçesi ýerleşipdir.Ýokarky gatlar dürli işjeň düzümleriň edara jaýlary üçin berlipdir. Binanyň gapdalynda iki we üçi orunlyk ähli amatlyklary bolan iki gatly myhmanhana gurlupdyr.

Toplumyň merkezi binasynyň iki gapdalynda bu ýeriň umumy binagärlik we bezegçilik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan üç gatly binanyň ikisi gurlupdyr.

Olaryň biri bolan “Toý mekany” dabaralary geçirmek üçin niýetlendirilendir. Bu binanyň birinji we ikinji gatlarynda degişlilikde 200 we 500 orunlyk zallar, aşhana we ammar jaýlary bolan giň banket zallarynyň ikisi gurlupdyr. Binanyň üçünji gaty bolsa gözellik salony, fotosudiýa we işçi jaýlar üçin bölünip berlipdir. Bu ýerde şeýle hem bilýard oýnamak üçin zal hem-de uly bolmadyk kinoteatr bar.

Söwda we dynç alyş merkezi ýerleşen beýleki binanyň ähli gatlary diýen ýaly dürli senagat we azyk harytlary dükanlaryna, şol sanda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň saýlama önümleri üçin dükanlara bölünip berlipdir. Iň kiçijik körpeler üçin niýetlenilen üçünji gatda bolsa dürli oýun enjamly oýun merkezi we “Böwenjik” atly çagalar kafesi bar.

Işewürler merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde şeýle hem bouling we spa-salon üçin bina, ýeňil maşynlary bejerýän ussahana we ýeňil maşynlaryň şaýlaryny satýan dükanlar, iki awtoýuwalga iki sany amatly kafe ýerleşýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde açylyş dabaralary maýplar we ilatyň durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki gatlaklary üçin niýetlenen dört gatly jaýyň açylmagyndan başlandy. Bu bina Türkmenabat şäherinde welaýat keselleri anyklaýyş merkeziniň we gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň golaýynda ýerleşýär. Täze jaýda aşhanalar bilen enjamlaşdyrylan ýagty otaglary bolan bir, iki we üç otagly öýleriň 48-si bar. Bu öýlerde fiziki taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Jaýyň ýakyndaky çäklerinde dynç almak üçin ýaşyl zolak, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin jaý gurlupdyr.

Şu gün Türkmenabatda täze jaýlara göçüp barýanlara hem ulanyşa girizilen dört gatly amatly jaýlaryň ikisiniň açarlary gowşuryldy. Ol jaýlaryň her birinde 24 öý bar.

Mundan başga-da, welaýatyň edara merkeziniň döwrebap binagärlik toplumynyň üsti Bitarap Türkmenistan köçesiniň—merkezi şaýoluň gyrasynda gurlan täze jaýlaryň toplumy bilen dolduryldy.

Munuň özi Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň welaýat birleşigine degişli işewür merkezi we “Lebap” söwda we dynç alyş merkezdir. Onuň gatlarynyň bäşisinde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň filiýalynyň we Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň welaýat birleşiginiň edara jaýlary ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem döwrebap guramaçylyk tehnikalary usulyýet we beýleki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan, işewürligi alyp barmagyň esaslaryny öwredýän telekeçilik mekdebi işlär.

Toplumda ýerleşýän söwda we dynç alyş merkezleriniň köpsanly desgalary söwda we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarketiň düzümleri ýerleşýär. Bu ýere alyjylaryň ygtyýaryna köpsanly düri dükanlardan başga-da, bouling oýny üçin meýdança, bilýard, kinozal, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe bardyr. “Baş bina” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlan işewürler toplumynda 500 orunlyk “Toý mekany” we beýleki desgalar ýerleşdirilipdir.

Şu gün Halaç etrabynyň dolandyryş merkezinde çeper halyçylyk fabriginde täze kuwwatlyklaryň döwrebaplaşdyrylmagy we işe girizilmegi mynasybetli uly baýramçylyk dabarasy boldy. Bu ýerde döwrebap haly dokaýan stanoklar guruldy.

“Altyn gum” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan täze kärhanada naharhana, saglyk bölümçesi, suwa düşülýän , dynç alyş otagy bar. Goşmaça ýüzlerçe iş orunlarynyň döretmäge mümkinçilik berýän täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bilen halaçly halyçylar içerki we daşaky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli türkmen halylarynyň has köp mukdaryny dokarlar.

Mary şäherinde gök-miwe önümleriniň birwagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen täze döwrebap sowadyjy ammar ulanmaga berildi.

Obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamany amala aşyrmak, ilaty tutuş ýylyň dowamynda ter gök-miwe önümleri bilen üpjün etmek şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Pudakda gök-miwe önümlerini saklamagyň täze ulgamy şol wezipäni çözmäge gönükdirilendir.

3,5 gektar meýdany eýeleýän täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi hem-de Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.

Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyş ulgamy bu ýerde saklamak üçin goýlan gök we miwe önümleriniň görnüşlerine baglylykda, sowadyjy kameralarda howanyň amatly temperaturasyny we çyglylygyny saklamaga takyk gözegçilik eder. Sogan we ýeralmasy üçin niýetlenen bölümler awtomatiki ýelejiretmegiň aýratyn ulgamy bilen üpjün edildi. Munuň özi önümleriň harytlyk görnüşini we hilini uzak wagt saklamaga mümkinçilik berýär.

Desganyň esasy bölegi sowadyjy kameralaryň 23-sinlen ybarat bolup, olaryň 12-si miweleri saklamaga, 7-si gök önümler üçin hem-de 4-si deslapdan sowatmak üçin niýetlenendir. Binada önümleri saýlamak we gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň 3-si oturdyldy. Ammar bölümleriniň hemmesi gök we miwe önümlerini saklamak üçin tekjeler, ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Bu ýerde olary ugratmak hem-de sarp edijilere ýetirmek üçin ýük ýükleýji elektrokarlar hem-de dürli agramdaky ýükler üçin niýetlenen awtomobil sowadyjylar bar.

Täze desganyň döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilen dolandyryş binasynda Mary welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigi ýerleşdi. Bu ýerde ammara getirilýän hem-de söwda merkezlerine we bazarlara ugradylýan ter gök önümleriniň hilini barlaýan barlaghana hem göz öňünde tutuldy.

Desganyň çäginde ýük awtoulaglary üçin duralgalar, transformator bekedi, gözegçilik-geçiriji bölüm, suw üçin çelekler hem-de awtomatlaşdyrylan tereziler ýerleşdirildi.

Şu günki açylan täze desga welaýatda azyk pudagynyň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipelerini üstünlikli çözmegiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan açylyş dabarasy mynasybetli ammaryň awtoulaglarynyň üsti hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary – täze sowadyjy awtoulaglaryň 8-si hem-de awtokarlaryň 4-si bilen ýetirildi.

Welaýatda täze desgalaryň ýene-de biri şu gün Ýolöten etrabynyň dolandyryş merkezinde açyldy. Bu ýerde täze gurlan “Bagtyýarlyk şuglasy” atly çagalar meýdançasy uly baýramçylygyň öňüsyrasynda şäheriň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Dynç alyş seýilgähi şäheriň merkezi böleginde abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen çäkde ýerleşdirildi. Bu ýerde pürli hem-de saýaly agaç nahallarynyň we gülleriň 2 müň düýpden gowragy oturdyldy.

Taslama “Söýli” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy, olar çagalaryň dynç alyş wagtyny açyk howada amatly, gyzykly geçirmegi üçin tagalla etdiler. Häzirkizaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň esasynda gurlan desga seýilgäh – tebigy binagärligiň desgalar toplumy bolup durýar.

Onuň çäginde dürli hiňňillikler we sallançaklar ýerleşdirildi. Ýük düzümi we erteki gahrymanlaryny özünde jemleýän demir ýoly körpeleri has-da begendirse gerek.

Ýetginjekler üçin bir uly we körpeler üçin bir kiçi bökülýän meýdançalar hem çagalarda örän uly kanagatlanma duýgusyny döreder.

Gezelenç ýodalary dürli reňkli çüwdürimiň hem-de dynç almak üçin telärleriň ýanyna alyp barýar, bu ýerde möwsümleýin howa şertlerine baglylykda howanyň yssy wagty günüň şöhlesinden ýa-da ýagyşdan goranmak bolýar.

Söýgüli erteki gahrymanlarymyzyň keşpleri şekillendirilen dürli oturgyçlar we bannerler hem çagalar meýdançasynyň bezegine öwrülip, dürli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, bu ýerde dürli tagamly doňdurmalary, süýji-kökeleri we içgileri dadyp bolýar.