Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetgärligiň işjeň ösmegine itergi beripdir

Kerwenler Beýik Ýüpek ýolundan näme daşadylarka? Düýelriň üstündäki äpet ganarlarda näme barka? Adam eliniň döreden zatlaryny we ýetişdiren, ýygnan tebigat miwelerini sanasaň sogaby bar. Bu ýoluň adynyň özem olaryň arasynda iň gymmadynyň ýüpek bolandygyny görkezýär. Günbatar ýurtlarynda ägirt uly islegli bolan bu öte gymmat ýeňilden ykjam bu haryt Hytaýdandyr Merkezi Aziýadan alys ýollara äkitmeklige oňaýly bolupdyr. 

Halkara söwdasynyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan häzirki ahal-teke atlarynyň gözbaşy bolan owadan hem ýel deý ýüwrük bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini-ýorunja äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken. Gadymy Gresiýada, Ortaýer deňzi, Kawkaz ýurtlarynda, şol sanda Parfiýany hem alanyňda ellinleşen Gündogarda üzümçiligiň we şerap ýasamaklygyň kökleriniň ir zamanlardan gaýdýanlygy bellidir. Diňe Türkmenistanyň ýerinde arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan garalyp, kömre dönenligi sebäpli saklanyp galan üzüm dänejiklerini tapdylar, radiouglerod seljermesi olaryň ýaşynyň bäş müň ýyldan-da ýokarydygyny görkezdi. Ençeme wagtlap Hytaýda üzümiň nämediginem bilmeýän ekenler. Hytaý syýahatçylary Parfiýa gelenlerinde çakyryň diňe bir şalydan alynmaýanlygyny bilip, geň galypdyrlar. Olar öz ýurduna hoz, nar, injir ýaly miweli agaçlary, şeýle hem sogan, käşir, noýba, hyýar ýaly gök ekinleri hem ýaýradypdyrlar. Orta Aziýa şetdlaylarydyr, gawun –garpyzlary, şeýle-de ýolbarslar, gaplaň, tazy, elguş, guýrugy elek ýaly goýunlar kimin ýabany we öý haýwanlary-da Uzak Gündogarda geň görlüpdir. Olary kerwenlerde dogduk mekanyndan aýryp, alys bir ýerlere äkidipdiler. 

Hytaýa bolsa Günbatar ýurtlardan, şol sanda Merkezi Aziýadan her dürli ýüň önümler- ozaly bilen, elbetde, halylar äkidilipdir. Ýüň, zygyr işlemekligi, haly we palas dokamaklygy entek ele almadyk, Parfiýa şäherleriniň köşklerinde, ybadathanalarynda we barjamly öýlerinde gören dürli suratly matalary, ýapynjalary, palaslary we penjire tutulary hem hytaýlylary aňk edipdir. Hytaý bazarlarynda Günbatardan getirilýän ýaraglardyr harby enhamlar, altyndyr kümüş we ýarym gymmat daşlar islegli harytlar bolupdyr. Hili boýunça hytaýlylaryňkydan has saýry Orta Aziýa aýnasy barjamlylygyň nyşany bolupdyr. Hytaýdan Günbatara VI-VII asyrlardan başlap, tabaklar, käseler, badalar, güldanlar, heýkeljikler ýaly nepiz suratly gar kimin ap-ak ajaýyp farforlar getirilipdir. Uzak wagtlap diňe hytaýlylar Günbatar ýurtlarynyň bazarlarynda aşa bahalanan nepis farfor önümlerini ýasapdyrlar. Arheologlaryň Türkmenistandan tapan abatlygyna we bölekleýin saklanyp galan hytaý gap-gaçlary Aşgabadyň we Marynyň muzeýlerinde goýlandyr. 

Hytaý farforuna meňzedilip ýasalan zatlar has köp gabat gelýär: olar asyl nysgagadan birneme gödegräk bolsa-da, käte hünärmenleriň hem ony tapawutlandyryp bilmeýän wagty bolýar. Geň galaýmaly: häzirki wagtada Hytaýda dünýä belli belgileriň önümleri ýasalyp dünýä bazarlaryny dolduran bolsa, birnäçe asyr mundan ozal Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hytaý harytlaryna meňzedip ýasajak bolupdyrlar. 

Şeýle hem, Hytaýdan bürünçden ýasalan önümler, ýüz görülýän aýnalar, saýawanlar, lak, parfýumeriýa önümleri, merjen, ýantar, däri-dermanlar, çaý, tüwi, dalçyn, zenjebil we gaýry hoşboý ysly zatlar getrirlipdir. Ýuka we berk kagyzyň belli bahasy bolmandyr, ony II asyrda Han nebereleri döwründe imperatoryň köşgündäki agta, uly derejelere ýetse-de, täzelikçi hökmünde taryha giren Saý Lun oýlap tapypdyr. Hindistandan ýakymly ysly zatlar, tebigy reňkli gymmat daşlar we boýaglar, pil süňki we matalar, Eýrandan kümüş önümleri getirilipdir. Rim imperiýasyna, soň Wizantiýa kakadylan ir-iýmişlerdir gant, hoşboý ysly zatlar, gymmatly daşlar iberilipdir. Ýewropa Aziýa ýurtlaryndan tüwi, ýüpek, ýüň we nah matalary alypdyr, Horezme, Eýrana we ondan aňryk Hindistana we Hytaýa ary balyny, gön önümlerini, deri, bagana, gön eýlemek üçin agaç gabygyny, mallary we gullary ugradypdyrlar. 

Ürgenje (häzirki Könürgenje) Günorta Gazagystandan we Semireçýeden ýerli oba hojalyk we senetçilik önümlerine çalyşmak üçin gylýallary, dowarlary, gara mallary sürüp getiripdirler. Bu ýere hytaý ýüpegi, hususan-da onuň „targu“ diýlen aýratyn görnüşi äkelipdir. Amyderýadyr Syrderýanyň arasyndaky Mawerannahrdyr Horasana gypjaklaryň ýaşan ýeri bolan demirgazykdan awysiýdik we samyr sütükleri gelipdir. Musulman täjirleri XII asyrda Talasdan, Hotandan, Ýarkentden deri, gul, gymmatly daşlary, tylla, keçe, dowar, elguşlary alyp gaýdypdyrlar. Balasagundan we Tarazdan ýarag, nagyşly matalar we beýleki harytlar getirilipdir. Buharadan matalar, goýun ýüňi, palaslar, at eýerleri... äkidilipdir. Ürgenje we oňa garaşly Horezm şäherlerine duzlanan balyk, samyr derileri, içine pagta tikilen egin-eşikler, namazlyklar, ýassyklar iberilipdir. Dürli miweler _(üzümiň dürli görnüşleri, nar), ýumşak ýüňden dokalan donlar, sülgünlerdir ýüpek çig maly Hazar ýakasynyň Günorta –Gündogar sebitlerinden: Gürgenden we Dehistandan alnypdyr. 

Merwde senetçiligiň dürli ugurlary ösüpdir, ýöne „mulham“ matasyndan dokalan ýüpek eşikler has meşhur bolupdyr. Nusaýda nepis kendir matalar, Saragsda parça dokalypdyr. Horasan şäherleriniň senetçilik önümleri golaý-u-alys ýurtlara ugradylypdyr. Ürgençde we Kýatda hem dokma önümleri öndürilse-de, Hörezm ýaýlary tutuş Orta Gündogarda meşhur bolupdyr. 

XII- XII asyrlarda şäher senetçiliginde köne oturymly ilatyň, şeýle hem göçegçi we ýarym göçegçi türkmen taýpalarynyň däpleri saklanyp galypdyr. Dokma önümçiligi bilen birlikde haly dokamak, küýzegärlik, demirçilik, ýarag ýasamak, zergärçilik we beýleki ugurlar ösüpdir. Önümçiligiň tehniki we çeperçilik derejesi, hususan-da demir we külallyk önümleriniň derejesi has-da ösen eken. Küýzegärler aşhana we öý gap-gaçlaryny, adaty we çeper keramika önümlerini ýasapdyrlar. Amulyň, Merwiň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Ürgenjiň we Dehistanyň ussa-külallary islendik görnüşli önümleri çykarypdyrlar. XII asyrda silikat pasrtasyndan ýasalan surat çekilen kaşina gaby täzelik bolupdyr. Takmynana şol döwürler toýundan suw geçiriji we lagym turbalary köpçülikleýin öndürilip başlanypdyr. Olar Soltangalada, Saragsda, Şähriyslamda we beýleki türkmen şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylypdyr. Horezmli ussalar jykyrlar üçin köpsanly digirleri öndüripdirler. Bularyň bary, elbetde, kerwenler bilen dünýäniň çar ýanyna ýaýrapdyr. 

Beýik Seljuklar döwletinde çüýşe gap ýasamak has-da ösüpdir. Aşhana we himiki, parfumeriýa we dermanhana gaplary ýaly önümleriň 40-a golaý görnüşi çykarylypdyr. Aýna arzan ýaş-sepleri, çyralar, agramlyk daşlary ýasalanda ulanylypdyr. Kiçeňräk tegelek penjire aýnalarynyň öndürilmegi täzelik bolupdyr. XII asyrda ýerli aýna önümçiligi ösüşiň ýokary derejesine çykypdyr. 

Demir işläp taýýarlamak, zähmet gurallaryny, hojalykda ulanylýan zatlary, ýaraglary, şaý-sepleri ýasamak senetçiligiň möhüm ugurlarynyň biri bolupdyr. Horasanyň, Gürgeniň we Horezmiň demirçileri, küýzegärleri, zergärleri nepisden çeper önümleriň ajap nusgalaryny döredipdirler. Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýindäki we Ýewropadaky Yslam sunagaty muzeýlerindäki XI asyrda we XIII asyryň başynda ýasalan bürünç zatlaryň ýaryna golaýy Merkezi Aziýadan äkidilendir. Olaryň arasynda gaplar, kiçijik käseler, çüýşeler, haýwanlaryň şekili çekilen çyralar bar. Gündelik durmuşda kümüşden ýasalan gap-gaçlar, mis gaplar hem ulanylypdyr. Ýaragçy ussalar ýarym aý şekilli aýpaltalary, serdesseleri, demir galkanlary, naýzalaryň ujuny sozupdyrlar. Söweş sowutlary has islegli bolupdyr. „Polady hindi“- diýilýän polat gylyç, gama, hanjar sozmakda ulanylypdyr. Demir önümler köplenç dürli bezegli bolup, olara eýesiniň ady ýa-da tanymal şahyrlaryň sözleri salnypdyr.