Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: ösüşiň täze ugurlary

Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ugry, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” pudaklaýyn jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. 

Onuň nobatdaky sany täze ýokary okuw mekdebiniň – Jemagat hojalygy instituty baradaky makala bilen açylýar. Institutyň şäherçesi her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde açyldy hem-de şäherleriň we obalaryň durmuş üpjünçiligini esasy ugur edinýän hem-de sazlaşykly ösýän hojalyk toplumyna hyzmat etmek boýunça täze hünärmenleri taýýarlap başlady. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek tehnosfera howpsuzlygy boýunça okuw maksatnamasy girizildi. Munuň özi zähmeti goramak, kadaly şertlerde bolşy ýaly adatdan daşary ýagdaýlarda tehnologik ýagdaýlaryň we önümçiligiň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagy ugur edinýär. 

Ýokary okuw mekdebinde okuw otaglaryndan we tehnolgiýa barlaghanalaryndan başga-da, talyplaryň döredijilik işi, saz, tans, çeper sungat bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň şähergurluşyk tejribesinde täze açyş edildi. Okuw şertlerinde alnyp barylýan sapaklar şäher ýagdaýyna has ýakyn derejede ýola goýuldy. Munuň özi sapaklaryň, umuman adamlaryň durmuş derejesine täsirliligini ýokarlandyrýar. 

Jemagat hojalygy instituty bilen bir hatarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fpakultetiniň täze binalar tlplumy hem ulanmaga berildi. Žurnalyň täze sanynda bu barada makala ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň merkezinde okuw şäherçeleriniň düýpli binagärlik toplumynyň emele gelmegi bu ugruň esasyny düzýär. Şunlukda, türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binalaryndan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bu topluma girýär. 

Ýurdumyzyň gurluşyklarynyň seýsmiki durnuklylygynyň hil derejesiniň dünýä ýüzünde ykrar edilen gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmak we bu ulgamda taslamalaryň, binalaryň, desgalaryň, şeýle hem gurluşyk serişdelerini synagdan geçirmegiň onuň barlaglarynyň halkara sertifikatyna eýe bolmagy hakyndaky makala žurnalda öz ornuny tapypdyr. Şweýsariýanyň “SGS” kompaniýasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli tabşyrygyny ýerine ýetiren Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna şol sertifikaty gowşurdy. 

Şeýle hem žurnalyň makalalarynyň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlag “Nowruz ýaýlasynyň Ak öýi” binasy hakynda makala bar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, bu durmuş-medeni maksatly desga uly konsert zalyny, köpçülikleýin dabaralary we 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin sahnany özünde jemleýär. Türkmeniň ak öýüniň görnüşinde bina edilen bu desga halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna we gadymy köklerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

Paýtagtymyzyň Oguz han we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” bankynyň, iki sany söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýynyň we ýapyk awtoduralganyň binalaryndan ybarat bolan toplum we paýtagtymyzyň Arçabil etrabynyň çäginde gurlan “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň binalary şu ýylda gurlup ulanmaga berlen möhüm desgalar diýlip žurnalyň sahypalarynda bellenilýär. “Gala” medeni-dynç alyş merkezi Köpetdagyň dag jülgeleriniň içindäki gözel künjekde ýerleşýär. Ol bu künjegiň tebtgy aýratynlyklpary bilen sazlaşyp, barha gözelleýşýän Aşgabadyň we tutuş ýurdumyzyň döwrebap myhmansöýerlik düzüminiň, göwnejaý dynç alşyň möhüm bölegine öwrüldi. Şeýle özboluşly taslamalaryň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary esasynda amala aşyrylandygyny bellemeli. 

Bina edilýän edaralaryň,durmuş maksatly kärhanalaryň, ýollaryň, köprüleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy bu pudagyň anyk üstünlikleridir. Şunlukda diňe bir täze desgalar gurulman, eýsem ozal bar bolanlary hem döwrebaplaşdyrylýar. Nebitgaz, himiýa, azyk we ýeňil senagatyň kämil enjamlar we dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen desgalarynyň sany yzygiderli artýar. Olaryň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleri artdyrýar. Olaryň birnäçesi diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem tutuş dünýä ýüzünde ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Bu barada “Gurluşyk pudagy ösüşiň täze ýolunda” atly makalada gürrüň berilýär. 

“Tejribe” atly bölümde ýurdumyzyň köpri gurluşygyndaky täze eýýam hakyndaky makala ýerleşdirildi. Diňe 2016-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda bu ugurda ägirt uly işler amala aşyryldy we ol häzirki döwre çenli dowam edýär. Döwrebap köprüler “Aşgabat-Türkmenabat”, “Aşgabat-Türkmenbaşy”, “Aşgabat-Daşoguz” ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde olaryň ugrunda emele geldi. Ýokary tizlikli ulag ýollarynyň ugrunda köpri gurmak işi birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Şunlukda, ýüzlerçe uly we kiçi demir beton, demir hem-de asma köprüler guruldy. 

Žurnalda “Ylym” diýlip atlandyrylan sözbaşy bilen gurluşyk serişdeleriniň taryhy, olaryň ylmy taýdan öwrenilişi, oba gurluşygynda gaz-beton usullarynyň ulanylyşy, şeýle hem onuň ykydsady netijeleri hakyndaky makalalar ýerleşdirildi. Türkmenleriň gurluşyk sungatyndaky taryhy adalgalary baradaky makala okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Bu ýerde gürrüň köne sözleriň binagärlik-gurluşyk sözlügini düzmek boýunça alnyp barylýan iş barada barýar. Binagärlik mirasa degişli desgalary öwrenmek we olary dikeltmek boýunça gündelik alnyp barylýan işde her bir binagär ýa-da taryhçy-binagär şeýle sözlüge bolan zerurlygy başdan geçirýär. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýanyndaky sport klubynyň agazalarynyň Aşgabat Aziadasyna gatnaşyp, sportuň dürli ugurlary boýunça medallary gazanandygy we olaryň beýik ýeňişleri baradaky makala žurnalyň jemini jemleýär.